“Syýasat we jemgyýet” atly ýyllyk neşiriň — žurnalyň täze sany | TDH
Jemgyýet

“Syýasat we jemgyýet” atly ýyllyk neşiriň — žurnalyň täze sany

опубликованно 22.10.2018 // 889 - просмотров
 

Ýurdumyzyň Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy tarapyndan taýýarlanylýan 2017-nji ýyl üçin «Syýasat we jemgyýet» atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky, 5-nji sany çapdan çykdy.

Ýyllyk žurnalyň sahypalarynda içerki giň möçberli özgertmeler, halkara gatnaşyklar jähetinde Türkmenistanyň durmuşynda bolup geçen öten ýylyň has ähmiýetli wakalary hakynda söhbet açýan makalalar ýerleşdirilipdir.

Şeýlelikde, 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda — ýurdumyzda “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýlip yglan edilen ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary bolup geçdi. Bu ugra bagyşlanan makalada ýurdumyzyň ýokary döwlet wezipesine dokuz dalaşgäriň arasynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýlawçylaryň sesleriniň 97,69 göterimini alandygy bellenilýär. Halkara synçylarda biziň raýatlarymyzyň işjeňligi uly täsir galdyrdy: tutuş ýurt boýunça ses bermek üçin sanawa girizilen saýlawçynyň 97,28 göterimi saýlawlara gatnaşdy.

Bu sanlar öz ykbalyny hormatly Prezidentimize üçünji gezek ynanýan türkmenistanlylaryň kämilligine we jogapkärçiligine şaýatlyk edýär, milli Liderimiz özbaşdak Türkmenistan döwletiniň we dünýä bileleşiginiň häzirki zaman syýasy taryhyna durmuş-ykdysady hem-de syýasy özgertmeleriň başarjaň guramaçysy hökmünde ymykly girdi.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen geçen ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýeňişlere beslenip geçdi. Žurnalda çap edilen bu ugurdaky makalada parahatçylyk söýüjiligiň, dostlugyň we sport bäsleşiginiň ägirt uly baýramyna öwrülen, ýurdumyzyň we halkara sport hereketiniň taryhynda örän ähmiýetli bolan bu sport-medeni waka giňden beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Millionlarça adamy birleşdiren Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary halkara sport giňişliginde Türkmenistanyň abraýyny ýokarlandyrdy” diýip nygtady.

Neşiriň bölümleriniň biri iri jemgyýetçilik-syýasy waka — Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda oktýabr aýynda bolup geçen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna bagyşlanýar. Bu umumymilli maslahata gatnaşyjylar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen, ýurdumyz we türkmenistanlylaryň her biri üçin möhüm bolan çözgütleri kabul etdiler.

Žurnaldaky makalalaryň birinde Garaşsyz döwlet hökmünde Türkmenistanyň kemala gelmeginde we ösüşinde täze ideologiýa taglyma syn berilýär hem-de şol döwürde onuň eýeleýän ähmiýetiniň has-da işjeňleşendigi bellenilýär.

Ylmy-amaly ýyllyk neşiriň nobatdaky makalalarynyň biri Türkmenistanyň ekologiýa syýasatyna we tebigy serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmagyň seljermesine degişlidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly: “Häzirki günde biziň Watanymyz dünýäniň depginli ösýän döwletleriniň hataryna girýär. Bu üstünlik takyk hasaba, bar bolan zähmet we tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmaga, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge esaslanyp geçirilýän ykdysady ugruň netijesinde gazanyldy”.

“Milli baýramlar — türkmen halkynyň mentalitetini pugtalandyrmagyň möhüm faktory” atly makalanyň awtory Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda däbe öwrülenler bilen bir hatarda täze baýramlaryň, däp-dessurlaryň, urp-adatlaryň we toýlaryň kemala gelendigi hem-de üstünlikli ösdürilýändigi, şolaryň geçirilmegine jemgyýetiň giňden gatnaşýandygy hakda gürrüň berýär. Bularyň hemmesi halkymyzy bir bitewülige has-da jebisleşdirip, täze sepgitlere ruhlandyrýar hem-de türkmenistanlylaryň watansöýüjiligini artdyrýar.

Geçen ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň çapdan çykmagy möhüm waka boldy, žurnalyň “Türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we onuň wajyplygy” atly makalasy şu kitaba bagyşlanýar. Onda bu gadymy kerwen ýolunyň ösüşleri üpjün edýän özboluşlylygyny bu meşhur ýoluň hereket etmeginde Türkmenistanyň ornuny öwrenmek bilen baglylykda milli Liderimiziň bu eseriniň wajyplygy bellenilýär.

“Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň strategiýasy” diýen makalada milli Liderimiziň dünýä bazarlaryna energiýa serişdelerini ibermegiň, ekologiýa taslamalarynyň howpsuzlygy, öňüni alyş diplomatiýasy boýunça başlangyçlaryna seljerme berilýär. Şonda multimodal ulgamy döretmek boýunça maksada gönükdirilen iş bellenilýär, ol innowasion tehnologiýa esasynda Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmäge mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, žurnalyň nobatdaky sanynda täze neşir edilen kitaplara synlar çap edilýär. “Syýasat we jemgyýet” diýen ýyllyk neşiriň sahypalarynda çap edilen türkmen we rus dillerindäki makalalar giň okyjylar köpçüliginiň uly gyzyklanmasyna eýe bolar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter