Azerbaýjanyň Prezidenti we Premýer-ministri Türkmenistanyň DIM- niň wekilýetini kabul etdiler | TDH
Syýasat habarlary

Azerbaýjanyň Prezidenti we Premýer-ministri Türkmenistanyň DIM- niň wekilýetini kabul etdiler

опубликованно 19.10.2018 // 647 - просмотров
 

18-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekilýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary boldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň19-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Reşit Meredow döwlet Baştutanyna iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, Baku şäherinde Prezident Ylham Alyýew bilen duşuşyk geçirildi, dostlukly döwletiň Baştutanyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen gutlag haty gowşuryldy. Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutany çuňňur hoşallygyny beýan edip, türkmen Lideriniň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, energetika hem-de ulag ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe sürýän oňyn başlangyçlaryny doly goldaýandygyny aýtdy.

Duşuşykda halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini netijeli herekete getirmek maksady bilen, bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmak barada birnäçe anyk teklipler aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň arasynda ýörite duşuşyk geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Däp bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrylmagyň möhümdigine aýratyn üns berildi, muňa yzygiderli geçirilýän özara Medeniýet günleri, döredijilik duşuşyklary we beýleki çäreler ýardam edýär. Hususan-da, Azerbaýjanyň Milli haly muzeýinde türkmen halysynyň sergisini guramak baradaky teklip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Nowruz Mamedow bilen duşuşyk geçirildi.

Şol gün hem Bakuda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirildi. Onuň gün tertibine türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy girizildi. Hazarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk babatynda Türkmenbaşy we Baku şäherleriniň Halkara deňiz portlarynyň arasynda ýük gatnawlarynyň mukdarynyň artdyrylmagynyň zerurdygy bellenildi.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2019 — 2020-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi.

Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzy gadymdan bäri dostlukly hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigini, munuň bolsa taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen şertlendirilýändigini, türkmen-azerbaýjan halklaryny birleşdirýändigini belledi. Häzirki döwürde döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykdy. Muňa geçen ýylyň awgust aýynda gol çekilen möhüm ähmiýetli ikitaraplaýyn resminama — Strategiki hyzmatdaşlyk hakynda Jarnama gol çekilmegi hem şaýatlyk edýär. Türkmenistan bilen Azerbaýjan iri sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlyk edýär hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň we çemeleşmeleriň ýakyndygyny görkezýär.

Biziň ýurtlarymyz ägirt uly tebigy-serişde kuwwatyna, şol sanda energetika serişdelerine eýedir, munuň özi dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklar, hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly ugurlaryny işläp taýýarlamak üçin giň mümkinçilikleri açýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter