“Türkmenpoçta” ilat üçin hyzmatlaryň görnüşlerini giňeldýär | TDH
Jemgyýet

“Türkmenpoçta” ilat üçin hyzmatlaryň görnüşlerini giňeldýär

опубликованно 18.10.2018 // 990 - просмотров
 

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek üçin görülýän anyk we netijeli çäreler häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümi çalt kemala getirmek bilen baglanyşyklylykda milli ykdysadyýetimiziň ösüşine güýçli itergi berýär. Bu işde Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmenpoçta» kompaniýasynyň poçta aragatnaşygyna hem uly orun degişlidir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda bu poçta gullugynyň ýüzlerçe şahamçalary hereket edip, olar hatlaryň we ibermeleriň bökdençsiz eltilmegini amala aşyrýarlar. Şu aýda “Türkmenpoçta” “BMW”, “Lexus”, “Toyota”, “Nissan”, “Mitsubishi” we beýleki kysymly ýeňil we ýük awtomobilleriniň, mikroawtobuslaryň we ýolsuz ýerde hereket edýän ulaglaryň 55-sini satyn alyp, öz ulag parkyny artdyrdy. Täze awtoulaglar ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna paýlanyp, Diýarymyzyň bar bolan poçta ulgamyny berkider, poçta ibermeleriniň eltilişini çaltlandyrar, şeýle hem ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňelder.

Aragatnaşyk ministrligi döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen, ýurdumyzyň poçta ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görýär. Bu çäreler möhüm resminamalary çalt eltmegi üpjün etmäge we raýatlara ýokary hilli hyzmat etmäge gönükdirilendir.

Tor düzümlerine girizilen sanly we kompýuter ulgamlary jemgyýetimiziň ösdürilmeginiň möhüm şerti we ykdysadyýetiň dürli ugurlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usuly boldy. Awtomatlaşdyrylan elektrik aragatnaşyk ulgamynyň çalt ösüşine garamazdan, däp bolan poçta öz uly ähmiýetliligini saklaýar.

“Türkmenpoçta” poçta ibermeleriniň artykmaçlyklaryny göz öňünde tutup, müşderilere hyzmat etmegiň täze görnüşlerini ösdürýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň baş poçta gullugynyň hyzmatlarynyň sanawyna diňe bir hatlaryň, ibermeleriň we döwürleýin metbugatyň önümlerini eltmek däl, eýsem, jemagat hyzmatlary, Bütindünýä poçta birleşigine girýän dünýäniň ýurtlarynyň islendik nokatlaryna çaltlandyrylan poçta ibermeleri üçin tölegler we beýlekiler hem girýär.

Ýakyn wagtlarda “gapa çenli eltmek” ady bilen gyssagly ýetirmek hyzmatyny ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar, bu çäre raýatlara bu döwlet kompaniýasynyň şahamçalaryna ýüz tutmazdan, ýurdumyzyň islendik nokadyna poçta ýüküni ugratmaga mümkinçilik berer. Hyzmatyň täze görnüşiniň türkmenistanlylar üçin Täze ýyl baýramçylyklaryna taýýarlanylýan döwürde elýeterli boljakdygy aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr, bu bolsa Türkmenistanyň islendik künjeginde ýaşaýan tanyş-bilişlere, dost-ýarlara baýramçylyk sowgatlaryny ibermäge mümkinçilik döredýär.

Bütindünýä elektron aragatnaşygynyň barha ösýändigini hem-de onuň artykmaçlyklaryny göz öňünde tutup, “Türkmenpoçta” hem elektron hyzmatlarynyň täze görnüşlerini ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň esasy poçta gullugy özüniň internet-portalyny döredýär, ol özboluşly wirtual aýna bolar, portalyň kömegi arkaly ýurdumyzyň kärhanalary öz harytlaryny, şeýle hem dürli kärhanalaryň önümlerini satuwa çykaryp, şeýlelikde bolsa tutuş ýurdumyz boýunça önümlerini ýerläp bilerler.

Poçta aragatnaşygy döwlet kompaniýasynyň ýörite işgärleri — çaparlary internet-portalyň üsti bilen ýerleniljek harytlary tiz hem-de howpsuz elterler, bu bolsa alyjylaryň hem, satyjylaryň hem öňünde artykmaçlyklary açýar. Sarp edijiler üçin harytlary internet üsti bilen sargyt etmäge mümkinçilik döreýär, ozallar harydy almak üçin ýörite gitmeli, mysal üçin, başga şäherde ýerleşýän dükana ýa-da firma gitmeli bolýardy. Satyjylar, ilkinji nobatda, uly bolmadyk kärhanalar üçin bolsa degişli hyzmatlary ýerine ýetirer ýaly köp çykdajylary talap edýän özüniň Internet-saýtyny döretmek zerurlygy aradan aýrylýar.

Poçta aragatnaşygynyň hünärmenleri dünýäniň möhüm meýillerinden ugur alyp, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň sanawyny artdyrmak bilen, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejesiniň üpjün edilmegine goşýan goşantlaryny artdyrmaga çalyşýarlar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän “Döwlet adam üçindir!” diýen syýasatyň aýdyň netijesidir.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter