Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň söwda we maýa goýumlar ministrini kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň söwda we maýa goýumlar ministrini kabul etdi

опубликованно 18.10.2018 // 272 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň altynjy mejlisiniň işine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we maýa goýumlar ministri Majid bin Abdulla Al Kasabini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdul-Aziz Al Saudyň we Mirasdüşer şazada Muhammed bin Salman Al Saudyň salamyny hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk we üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine uly üns berýändigini belledi. Milli Liderimiz iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykarylandygyny we many-mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny kanagatlanma bilen nygtap, umumy bähbitlere laýyk gelýän özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Şunda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň maý aýynda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan resmi saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň barşynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň ähmiýeti bellenildi, onuň işi özara bähbitli işewürlik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine ýardam eder.

Dostlukly döwletiň söwda we maýa goýumlar ministri bilelikde üstünlikli işlemek üçin amatly şertleriň, ozaly bilen bolsa, oňyn maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigini hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan “Açyk gapylar” syýasatynyň türkmen bazaryna daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekmäge ýardam berýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Majid bin Abdulla Al Kasabi Saud Arabystany tarapyndan bilelikdäki toparyň başlygy hökmünde şu gezekki mejlisde özara bähbitli hyzmatdaşlygy, hususan-da, ýangyç-energetika toplumynda, dokma we azyk senagatynda, bank ulgamynda, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugry boýunça gatnaşyklary anyklaşdyrmakda täze çözgütleriň öňe sürüljekdigine ynam bildirdi. Myhman pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň gerimine ýokary baha berdi, şeýle hem polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça sebitde iri gazhimiýa toplumynyň ulanmaga berilmegi bilen gutlady, munuň özi türkmen ykdysadyýetiniň eksport kuwwatyny artdyrdy.

Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň dünýäniň ykrar edilen energetika döwletleri bolup durýandyklary hem-de olaryň nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy işjeň giňeltmäge taýýardyklary nygtaldy. Soňky ýyllarda ýurdumyz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň köp şahaly ulgamyny döretmek meselelerini işläp taýýarlaýar, möhüm energetika taslamalaryny yzygiderli amala aşyrýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy munuň aýdyň mysallarynyň biridir, bu desga türkmen tebigy gazynyň Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna iberilmegini üpjün etmekden başga-da, sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň berkidilmegine hyzmat eder.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň öz ykdysady strategiýasyny durmuşa geçirmekde ylmy-tehniki taýdan iň täze gazanylanlara esaslanýandygyny, öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalaryny we maýa goýumlaryny çekýändigini belläp, Saud Arabystanyndan bolan hyzmatdaşlarymyza iki ýurduň milli ykdysadyýetleri üçin möhüm bolan bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini içgin öwrenmegi teklip etdi. Şeýle-de döwletleriň arasynda hem, hususy düzümleriň arasynda hem ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam berýän işewürlik duşuşyklarynyň we maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we maýa goýumlar ministri birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, bellenilen meýilnamalaryň üstünliklere beslenjekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Halid bin Faýsal Al-Sahli gatnaşdy.

 
 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter