Aşgabatda aragatnaşyk we maglumatlar babatda bilermenleriň mejlisi geçirilýär | TDH
Syýasat habarlary

Aşgabatda aragatnaşyk we maglumatlar babatda bilermenleriň mejlisi geçirilýär

опубликованно 09.10.2018 // 234 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynda Aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygynyň (ASA) administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 53-nji bilelikdäki mejlisi hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň ASA-nyň ýanyndaky maglumat boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň 24-nji mejlisi öz işine başlady.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekilçilik etmeginde ASA-nyň — elektrik we poçta aragatnaşyk ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny amala aşyrýan guramanyň doly hukukly agzasy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bazar giňişliginiň globallaşmagy hem-de maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagy esasy strategik serişde hökmünde maglumatlaryň peýdalanylmagyna esaslanýar.

Tora goşulan sanly kompýuter ulgamlary jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertine hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usulyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, maglumat önümlerini we aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýän maglumatlar bazary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň birine öwrülmelidir. Bu bazaryň hereket etmegi beýleki pudaklaryň ösmegine, umuman, makroykdysady işlere uly täsirini ýetirer.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy sanly ulgama geçirmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanda şolary tehniki taýdan üpjün etmek hem-de degişli düzümi döretmek boýunça uly taslamalara badalga berildi. Geljek üç ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi iri taslamalaryň tutuş toplumyny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Şolar öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda kommunikasiýalar ulgamyny döretmäge, ýurdumyzyň alys künjeklerinde internete giň zolakly mümkinçiligi üpjün etmek bilen bir hatarda, aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, hilini we görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilendir.

Häzir ASA GDA-nyň elektrik we poçta aragatnaşygy babatda döwletara utgaşdyryjy geňeşiň wezipelerini ýerine ýetirýän, Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginde (HEB) hem-de Bütindünýä poçta birleşiginde (BPB) synçynyň derejesine eýe bolan halkara gurama bolup durýar, halkara we sebit guramalary bilen işjeň gatnaşýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ýurtda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek babatda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen ASA-nyň agza ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy berkitmegi ugur edinýär. Şu gün Aşgabatda geçirilýän bu halkara düzümiň wekilçilikli maslahaty hem şoňa ýardam eder.

Häzir ASA-nyň düzümine gatnaşyjylaryň 20-si — doly hukukly agzalaryň 12-si hem-de synçylaryň 8-si girýär. Foruma gatnaşmak üçin paýtagtymyzda bu iri sebit guramasynyň agza ýurtlarynyň — Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Belarusuň we Gyrgyzystanyň telekommunikasiýalar edaralarynyň wekilleriniň ýolbaşçylygynda bu ýurtlaryň wekiliýetleri ýygnandylar. Duşuşyga Litwanyň, Sloweniýanyň, Owganystanyň aragatnaşyk administrasiýalaryndan, “Intersputnik” kosmos aragatnaşygy halkara guramasyndan ASA-nyň synçylary hem-de Bütindünýä poçta birleşiginiň halkara edarasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri we beýlekiler çagyryldy.

Mejlise gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň häzirki meýilleri jemgyýetiň ykdysady durmuşynda maglumat tehnologiýalarynyň we bilimleriniň ornunyň giňelmegi bilen berk baglydyr. Ykdysadyýet özgerýär, has innowasion görnüşe eýe bolýar, bu özgerişlikleriň esasynda bolsa, aragatnaşygyň we internetiň ýokary tizlikli giň zolakly ulgamlarynyň ulanylmagy durýar. Tehnologiýa täzeçilliklerini nazara almak bilen, yzygiderli kämilleşýän hem-de şolary ykdysadyýeti dolandyrmaga ornaşdyrýan ýurtlar bäsdeşlige ukyplydyr.

Sanly ösüş babatda ASA-nyň gatnaşyjy ýurtlarynyň işiniň geljegi uly ugurlaryna bagyşlanan mejlisiň çäklerinde wekiliýetleriň ýolbaşçylary maglumat-aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek babatda guramanyň agza ýurtlarynda gazanylan soňky üstünlikler bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän habarlar bilen çykyş etdiler.

Türkmen tarapynyň çykyşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmek boýunça kesgitlän, ileri tutulýan ugurlary tiz senagatlaşdyrmagy göz öňünde tutýar, bu bolsa häzirki wagtda dünýäniň möhüm maglumatlarynyň örän uly möçberini özleşdirmezden, maglumatlary dessin ýagdaýda alyşmazdan mümkin däldir.

Milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary astynda amala aşyrylýan syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary sebitlerde we oba ýerlerinde telekommunikasiýalar düzümini ösdürmäge aýratyn üns berýärler. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» baş maksady adamlaryň hal-ýagdaýyny täze derejä çykarmakdan, ilatyň durmuş derejesini has-da gowulandyrmak üçin şertleri döretmekden ybaratdyr.

Sebitleri senagatlaşdyrmak, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, oba ilatyny täze iş orunlary bilen üpjün etmek boýunça çäreler hut şoňa gönükdirilendir. Bu işiň çäklerinde Aragatnaşyk ministrligi oba ilatynyň, oba hojalyk kärhanalarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň hem-de durmuş düzümleriniň döwrebap we ýokary hilli maglumat-telekommunikasiýalar hyzmatlaryna, şol sanda telefon aragatnaşygyna, maglumatlaryň iberilmegine, internet ulgamyna bolan hajatlaryny üpjün edýär.

Soňky üç ýylyň dowamynda ýurdumyzda sanly telefon stansiýalarynyň 400-den gowragy oturdyldy. Şolaryň agramly bölegi obalarda we alys ilatly ýerlerde ulanmak üçin niýetlenendir. Olaryň käbirini umumy döwlet aragatnaşyk ulgamyna birleşdirmek üçin “TürkmenÄlem 52oE” milli emeli hemrasy ulanylýar.

Türkmenistanda raýatlaryň gündelik durmuşyny gowulandyrmaga gönükdirilen täze hyzmatlaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär, ýurdumyzda dürli programma önümlerini döretmek we goldamak babatda ýaş hünärmenleriň hünär endiklerini artdyrmaga gönükdirilen işler alnyp barylýar. 10-njy oktýabrda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde açylýan Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2018» atly XI halkara sergisiniň çäklerinde, Aragatnaşyk ministrligi halk hojalygynyň dürli pudaklarynda innowasion programma üpjünçiligini döretmek, görkezmek we ornaşdyrmak ugrunda bäsleşik yglan etdi.

Ählumumy maglumatlaşdyrma hem-de internetleşdirme ýurdumyzda we işimizde düýpli özgertmelere getirer, işleriň köpüsi awtomatlaşdyrylar. Hojalygy ýöretmegiň bazar ulgamyna geçmek şertlerinde döwrebap maglumat tehnologiýalaryny sowatly peýdalanmak Türkmenistan üçin zerurlyga öwrüldi. Innowasion ösüşiň ýoluna düşen ýurdumyz döwür bilen aýakdaş gitmek üçin öz öňünde esasy wezipeleriň birnäçesini goýdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şundan ugur almak bilen, ýurdumyzda internet ulgamyny we elektron ulgamlary ösdürmek boýunça degişli düzümlere ýörite maksatnamany taýýarlamagy tabşyrdy.

Türkmenistanda aragatnaşyk ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmagyň täze tapgyry taslamalaryň birnäçesini göz öňünde tutup, şolaryň her biri pudagyň belli bir bölegini ugur edinýär. Şolaryň biri ýurdumyzda ykjam aragatnaşygy ösdürmäge gönükdirilendir. Ilatyň artýan isleglerini nazara almak bilen, “Altyn asyr” milli operatory Türkmenistany aragatnaşygyň degişli görnüşleri, şol sanda 3G, 4G, ýakyn geljekde bolsa 5G bilen, ýokary tizlikli internet we beýleki hyzmatlar bilen doly hem-de hemmetaraplaýyn üpjün etmelidir.

Beýleki taslama simli telefon aragatnaşygyny ösdürmäge gönükdirilendir. Özi-de, diňe sanly telefon ulgamlaryny däl-de, eýsem, täze döwrüň ölçeglerini goldaýan — NGN (Next Generation Network) bolup, bir telefon nokadyndan hem telefon, hem IP-teleýaýlymlar we internet hyzmatlary hödürlener. Şunda maglumatlar bukjalar arkaly berilýär hem-de kommutirlenýär, gepleşik, maglumatlar hem-de wideoşekiller bolsa elýeterliligiň usulyna garamazdan, islendik görnüşde geçiriler.

2017-nji ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny tassyklady. Bu Karary ýerine ýetirmegiň çäklerinde Innowasion maglumatlar merkezini döretmek meýilleşdirilýär. Elektron usuly bilen okatmak, şol sanda sanly okuw kitaplaryny, gollanmalary, wideo we audio maglumatlary, interaktiw hem-de multimediýa programmalaryny hem-de beýlekileri toplumlaýyn işläp taýýarlamak onuň wezipesine girer. Şeýle hem bu ýerde ylym we bilim ulgamynda dünýäniň gazananlary öwreniler, ensiklopediýalaryň we sözlükleriň sanawy dörediler.

Häzir Türkmenistanyň maýa goýum özüne çekijiligi diňe energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlary bilen şertlendirilen däldir. Ilatyň ýaşaýyş derejesiniň durmuş-ykdysady görkezijileriniň seljermesi halkara işewür toparlarynyň şoňa baha bermeginiň aýrylmaz alamaty bolup durýar. Şolaryň ýokarlanmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň netijesi bolup durýar.

Ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamyny hem-de telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça täze taslamalar hem türkmen halkynyň durmuş derejesini, maddy üpjünçiligini we hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle meýilnamalaryň bolmagy eýýäm esasy daşary ýurt maýadarlarynda, hususan-da, Yslam ösüş bankynda — Jiddada (Saud Arabystany) ýerleşen halkara maliýe guramasynda gyzyklanma döretdi.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynyň çäklerinde ASA-nyň agza ýurtlarynda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmegiň täze ugurlary barada habarlar diňlenildi. GDA ýurtlarynda 5G tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerine uly üns berildi, şolar tutuş dünýäde internetiň ösmegine uly täsirini ýetirýär.

ASA-nyň aragatnaşyk administrasiýalarynyň Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň (HEB) doly ygtyýarly maslahatyna taýýarlyk görmegi mejlisiň aýratyn meselesi boldy. Şonuň barşynda HEB-iň agza döwletleri geljekde guramanyň ornuna degişli çözgütleri kabul ederler, şeýtmek bilen, olar guramanyň tutuş dünýäde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmäge täsir etmek ukybyny kesgitlärler. Mejlise gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Doly ygtyýarly maslahata taýýarlyk görmek boýunça geçirilen işler öňde goýlan maksatlary üstünlikli amala aşyrmaga hem-de 2018-nji ýylyň 29-njy oktýabry — 16-njy noýabry aralygynda Dubaý şäherinde geçiriljek çärede GDA sebitiniň umumy garaýşy bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berer.

Mejlisiň çäklerinde 2022-nji ýyla çenli döwür üçin HEB-i ösdürmegiň mümkinçilikleri, GDA sebiti üçin HEB-iň sebitdäki bölüminiň işleri, ASA-nyň aragatnaşyk administrasiýalarynyň Bütindünýä radioaragatnaşyk maslahatyna hem-de 2019-njy ýylyň radioaragatnaşyk assambleýasyna, 2020-nji ýylda elektroaragatnaşygy standartlaşdyrmak boýunça Bütindünýä assambleýasyna taýýarlyk görmegi, Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti üçin 2017 — 2020-nji ýyllarda Bütindünýä poçta birleşiginiň sebit ösüşiniň meýilnamasyny amala aşyrmak, ASA-nyň gatnaşyjy ýurtlarynyň sanly bazaryny döretmek ýaly işleri geçirmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ertir mejlis öz işini dowam eder. Maslahata gatnaşyjylar ASA-nyň poçta aragatnaşygy boýunça toparynyň, ASA-nyň poçta aragatnaşyk operatorlarynyň birleşiginiň işleri, ASA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň işi hem-de 2017-nji ýyl üçin ASA-nyň derňew toparynyň işiniň netijeleri hakynda hasabatlary bilen tanyşdyrarlar hem-de dünýäde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Olar Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2018» atly XI halkara sergisine hem-de özleri üçin taýýarlanan medeni maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp görerler.

 
 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter