Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

опубликованно 09.10.2018 // 458 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary — Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň diwanynyň ýolbaşçysy Konstantin Çuýçenkony hem-de “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi.

Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Russiýanyň Hökümetiniň Baştutany Dmitriý Medwedewiň mähirli salamlaryny hem-de türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdiler. Bellenilişi ýaly, Russiýada Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berlip, döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasy bilen köpugurly gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň ýokary derejedäki ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki goňşy halkyň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryň okgunly, netijeli hem-de uzak möhletli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda milli Liderimiz hem-de Russiýanyň wise-premýeri hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyp, esasy ugurlar, şol sanda söwda-ykdysady, oba hojalygy, ulag hem-de aragatnaşyk, ýokary tehnologiýaly pudaklarda şeýle-de beýleki ulgamlarda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny bellediler.

Nygtalyşy ýaly, döwletara, hökümetara we beýleki derejelerde yzygiderli duşuşyklar şol kuwwatdan netijeli peýdalanmaga ýardam edýär. Şolar häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de geljek üçin meýilnamalary nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň uly isleg bildirilýän usullaryny işläp taýýarlamak üçin mümkinçilikleri döredýär.

Russiýa ýurdumyzyň iri daşary söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Russiýa Federasiýasynyň işewür toparlary türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýärler. Ýurdumyzyň bazarynda amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi. Türkmenistanda meşhur rus kompaniýalary işjeň işleýärler. Şolar bilen bilelikde dürli ulgamlarda möhüm taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirildi. Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek we ösdürmek üçin oňaýly şertler bar.

Şunuň bilen baglylykda, özüni gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de hyzmatdaşlyk meselelerine has amatly çemeleşmeleri kemala getirmek bilen baglanyşykly wezipeleriň toplumyny çözmek üçin täsirli we netijeli gural hökmünde görkezen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-russiýa hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir. Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň, şol sanda Astrahan oblastynyň we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň arasynda okgunly ösýän gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Nebitgaz ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň biridir. Munuň özi dünýäniň energetika döwletleri bolan hem-de ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan iki döwlet üçin strategik ugur bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda 2028-nji ýyla çenli gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda hereket edýän ylalaşygy durmuşa geçirmegiň dürli meseleleri, şol sanda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan türkmen gazynyň satyn alnyşyny dikeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu mesele boýunça “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň we türkmen hyzmatdaşlarynyň arasynda gepleşikler alnyp barylýar, ýakyn wagtda anyk ylalaşyklar gazanylar. Şeýle hem Russiýanyň holdinginiň gazy gaýtadan işlemek, gazhimiýa pudagyny ösdürmek we beýleki ulgamlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.

Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym we bilim ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge üns berdiler. Şeýlelikde, A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus orta mekdebi hem-de ajaýyp rus nusgawy şahyrynyň adyny göterýän Döwlet rus drama teatry taryhy we ruhy kökleriniň umumylygy bilen baglaşan iki doganlyk halkyň dostlugynyň özboluşly nyşany bolup durýar.

Sport ulgamynda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegi bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Mekdep medeni-sport festiwaly aýdyň mysal hökmünde görkezildi. Oňa dürli ýurtlardan gelen çagalar bilen birlikde Russiýa Federasiýasynyň dürli sebitlerinden, Astrahan oblastyndan toparlar gatnaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Konstantin Çuýçenko däp bolan türkmen-russiýa gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak hem-de birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge gönükdirilen ugra iki ýurduň ygrarlydygyny tassykladylar we doganlyk halklarynyň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin gatnaşdy.

 
 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter