«Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna gatnaşyjylara | TDH
Syýasat habarlary

«Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna gatnaşyjylara

опубликованно 09.10.2018 // 254 - просмотров
 

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly jahankeşdeler!

Sizi «Türkmenistan — Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Hazaryň türkmen kenarynda geçirilýän halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyndaky mümkinçiliklerini bütin dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe häzirki zaman milli syýahatçylyk düzümini döretmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň çäginde syýahatçylyk işiniň hukuk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitlemek babatynda uly işler durmuşa geçirilýär. Syýahatçylygyň meselelerini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi, erkin ykdysady zolak bolan Awazada, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ajaýyp myhmanhanalar toplumlarynyň, ähli amatlyklary bolan dynç alyş, sagaldyş merkezleriniň gurlup, ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň dünýä syýahatçylyk bazarynda möhüm orny eýelemegini şertlendirýär.

Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzda ildeşlerimiziň we daşary ýurtly raýatlaryň, jahankeşdeleriň mynasyp dynç almagy, halkymyzyň milli medeniýetiniň we taryhynyň gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmagy üçin döwlet tarapyndan uly işler alnyp barylýar.

Ýakynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilen «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşy diňe bir öz gerimi hem-de ähmiýeti boýunça uly ýaryş bolman, eýsem türkmen topragynyň syýahatçylaryň hem-de jahankeşdeleriň mekanydygyny dünýä äşgär edýän ajaýyp çäre boldy. Ägirt uly sport ýaryşy dürli ýurtlardan sportuň özüne çekiji görnüşiniň ussatlaryny we höwesjeňlerini bir ýere jemledi. Bu taslama diňe bir sport çäresi bolman, eýsem, ýurdumyzyň milli we medeni mirasyny, taryhy ýadygärliklerini, halkymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän milli medeniýetiniň we däp-dessurlarynyň köpdürlüligini bütin dünýä ýaýmaga ajaýyp mümkinçilik döretdi.

Türkmenistanda häzirki zaman syýahatçylyk pudagyny kemala getirmek halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ýurdumyza innowasion tehnologiýalary çekmegiň hem-de milli ykdysadyýeti toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň esasy şertleriniň biridir.

Hormatly halkara sergä we maslahata gatnaşýan myhmanlar!
Hormatly adamlar!

Gojaman Hazaryň kenarynda geçirilýän bu halkara çäräniň täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de ýola goýmaga, ýurdumyzyň we dünýäniň iş tejribesine innowasion çemeleşmeleri üstünlikli ornaşdyrmaga, halkara syýahatçylyk ulgamynda geljegi uly bolan merkez hökmünde Türkmenistanyň abraýyny artdyrmaga ýardam etjekdigine berk ynanýaryn.

Sizi «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde alyp barýan tutanýerli we belent maksatly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

 
 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter