«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara ulag-logistika maslahaty geçirilýär | TDH
Ykdysadyýet

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara ulag-logistika maslahaty geçirilýär

опубликованно 02.10.2018 // 622 - просмотров
 

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “HEAVY СASPIAN: TURKMENISTAN” atly halkara maslahat öz işine başlady. Ulag-logistika maslahaty agyr we kiçi göwrümli ýük gatnatmalary ulgamynda dünýäde öňdebaryjylaryň biri “Heavy World” kompaniýasy bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Türkmen logistika assosiasiýasy (TLA) bilen bilelikde guraldy.

Ýurdumyzyň ulag-ekspeditor “Ýük ulag merkezi” kompaniýasy maslahatyň baş hemaýatkäri boldy. Bu kompaniýa birmeňzeş bolmadyk ýükleri gatnatmaga ýöriteleşdirilýär hem-de BMG-niň, Baltiýanyň, Pars aýlagy ýurtlarynyň ugurdaş kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň uly tejribesini toplady.

Ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Döwletara söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde aýratyn möhüm orny eýeleýän bu ulgamda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi giň halkara goldawyna eýe bolan milli Liderimiziň oňyn başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Muňa BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen degişli Kararnamalar hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi onuň Ýewraziýanyň örän möhüm ulag-üstaşyr çatrygy hökmündäki barha artýan ornuny şertlendirýär. Biziň döwletimiz bu ulgamda bar bolan uly kuwwatyny doly durmuşa geçirmäge çalyşmak bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen milli maksatnamalary amala aşyrýar.

Daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen bilelikde utgaşykly sebit we sebitara ulag düzümlerini döretmek, “Demirgazyk — Günorta”, “Gündogar — Günbatar” yklymara ulag geçelgelerini kemala getirmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar.

Milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüş depginleri, ýokary maýa goýum işjeňligi, köp sanly senagat maksatly, şol sanda nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, dokma we beýleki pudaklarda desgalaryň alnyp barylýan giň gerimli gurluşyk işleri, geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi Türkmenistany dünýä ýük gatnawlary işewürligi üçin özüneçekiji edýär. Muňa ýurdumyzda ulag meselelerine bagyşlanyp geçirilýän yzygiderli halkara maslahatlary hem şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şu ýylyň maý aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Beýik Ýüpek ýoly — ösüşiň täze belentliklerine tarap” diýen maslahat olaryň iň irileriniň biridir. Birnäçe daşary ýurtlaryň hem-de iri halkara guramalarynyň, şeýle hem ulag we logistika ulgamynda ýöriteleşen kompaniýalaryň wekillerini ýygnan ýokary derejeli duşuşygyň öň ýanynda şanly waka — Türkmenbaşy şäheriniň täze Halkara deňiz portunyň açylyş dabarasy boldy, ol sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr çatrygyna öwrülýär.

Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalar Hazar sebitiniň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň üstünlikli goşulyşmagyna ýardam edip, howa, demir ýol, deňiz, awtomobil we multimodal ýük gatnawlary ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzyň işewürleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklary ýola goýup, ulag-logistika hyzmatlary bazara işjeň özleşdirýändiklerini bellemek gerek.

Türkmenistandan, Russiýadan, Awstriýadan, Belgiýadan, Belarusdan, Gruziýadan, Gazagystandan, Eýrandan, Polşadan, Estoniýadan, Saud Arabystanyndan hem-de beýleki ýurtlardan wekilleriň 100-den gowragynyň — ulag-logistik we söwda kompaniýalarynyň top-menejerleriniň gatnaşýan şu gezekki maslahaty hem bu ugra gönükdirilendir.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň “interaktiw görnüşde” geçirilen tanyşdyryş çäresi maslahatyň işewürlik maksatnamasyny açdy. Işewürler deňiz portuna baryp, portuň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, ýükleýiş-düşüriş işleriniň ammarlarda geçirilýän amallaryň guralyşy, ulag-ekspeditorlyk hyzmatlaryň we beýlekileriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdylar. Soňra olar portuň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, özlerini gyzyklandyrýan meseleleri anyklaşdyrmaga mümkinçilik aldylar. Brifingiň barşynda myhmanlara ýurduň esasy deňiz derwezesini mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri we geljekki ugurlary hakyndaky wideofilm görkezildi.

Hazaryň kenarynda bina edilen täze port toplumy, hakykatdan-da, ýük gatnawlary halkara ulgamy üçin strategik ähmiýete eýe bolup, Gara deňzi we Ortaýer deňzi sebitine, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa hem-de Aziýa — Ýuwaş ummany sebitine gysga ugurlar bilen çykalgany üpjün edýär.

Port toplumynyň düzümine awtomobil we ýolagçy terminallary girýär. Ol ýylda 300 müň ýolagça hem-de 75 müň treýlere hyzmat etmäge niýetlenendir, şeýle hem bu ýerde “Balkan” gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody bar, onda gämileri ýygnamakdan başga-da, tankerleri, gury ýük gämilerini, tirkegleri we beýlekileri doly abatlamak işleri ýerine ýetirilýär. Ýakyn geljekde dürli derejeli we görnüşli gämileri gurmak bellenilýär. Olaryň hatarynda tigirli tehnikany (awtomobilleri, ýük awtomobillerini, tirkegleri we wagonlary) daşamak üçin niýetlenen “RO-RO” paromlary bar.

Türkmenistanyň çäklerinden Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlaryna awtoulag serişdeleriniň üstaşyr akymynyň barha artýandygyny, Hazar deňziniň portlarynyň arasyndan gije-gündizleýin parom gatnawynyň ýola goýlandygyny hasaba almak bilen, ýükleri bellenilen ýerine eltmegiň wagtynyň gysgalýandygyny, şeýlelikde, olaryň nyrhynyň hem arzanlaýandygyny bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, bu göwnejaý derejede ýola goýlan logistika halkasynyň baş maksady bolup durýar.

Konteýner terminalynyň ortaça ýyllyk goýberiş ukyby 400 müň TEU deňdir. Multimodal logistika toplumy howa, awtomobil we demirýol ulaglary bilen getirilen konteýner ýüklerini saklamak we utgaşykly işlemek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýär, olary suw ulagyna ýüklemek we düşürmek işlerini üpjün edýär.

Ürgün ýükler terminaly dürli çig mal serişdeleri, nebithimiýa önümleri, klinker, demir magdany, boksit, alýuminiý, kömür, ot-iým, dökün önümleri, şeýle hem däne, şeker, duz we beýlekiler üçin niýetlenendir, olary saklamak üçin degişli ammarlar guraldy.

Portuň uly desgalarynyň arasynda umumy ýükler terminaly bar. Onuň kuwwaty ýylda ortaça 4 million tonna ýüki işlemäge deňdir. Bu terminal gurluşyk serişdelerini, demri, polady, agajy, enjamlary we beýlekileri kabul etmek hem-de ugratmak işlerine niýetlenendir.

Polipropilen önümlerini saklamak we düşürmek boýunça ýöriteleşdirilen terminal barada aýdylanda bolsa, bu önümiň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy tarapyndan eksport edilýän nebit önümleriniň sanawynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Ýakyn wagtlarda bolsa bu ýere Gyýanly şäherçesinde gurlan gazhimiýa toplumyndan polietilen we polipropilen önümleri getirilip başlanar.

Port ýükleri işlemek üçin iň täze enjamlara we göteriji-ulag ýörite tehnikasyna eýedir. Toplum nawigasiýa hem-de ýük gatnawlary ulgamynyň howpsuzlygyny we netijeliligini, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýän daşky gurşawyň goralmagyny üpjün etmek üçin zerur bolan iň häzirki zaman programmalaýyn tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak üçin terminallaryň her birinde bioarassalaýjy enjamlar gurnalandyr.

“Ýaşyl port” (Greenport) halkara standartyna laýyklykda, işlenip taýýarlanylan taslamanyň innowasiýa häsiýetine eýedigi halkara güwänamalary bilen tassyklanandyr. “Priсewaterhouse Сoopers” halkara konsalting kompaniýasy we “Hamburger Hafenund Logistik AG” (Germaniýa) ulag-logistika kompaniýasy Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuny iň gowy we netijeli port diýip ykrar etdiler. Bu port şeýle hem iň öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanýandygy üçin «Zeeland» (Niderlandlar) Deňiz porty synçylar geňeşiniň güwänamasyna mynasyp boldy.

Foruma gatnaşyjylar üçin “Çarlak” gämisinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň kenary boýunça deňiz gezelenji guraldy. Onuň barşynda myhmanlar adamlaryň amatly dynç almagy we saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli amatlyklar döredilen bu dünýä derejeli şypahanany kemala getirmekde taslamanyň giň gerimlidigine doly göz ýetirdiler.

Daşary ýurtlardan gelen myhmanlaryň aýtmaklaryna görä, mundan bir gün öň guralan medeni maksatnamanyň çäginde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna barlyp görülmegi hem-de Derwezedäki alawa gezelenç guralmagy olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

“Garagum ýalkymy” Ahal welaýatynyň dünýäde ýurdumyzyň çäklerinden daşarda-da belli ajaýyplyklarynyň biridir. “Garagum ýalkymy” alawynyň ýanynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen sentýabr aýynyň başynda geçirilen “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň tapgyrlaýyn düşelgesiniň gurnalandygy üçin bu ýeri häzirki wagtda has-da meşhur künjege öwrüldi.

Ertir halkara maslahat öz işini dowam eder.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter