BMG-DE «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabyň tanyşdyryş dabarasy boldy | TDH
Syýasat habarlary

BMG-DE «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabyň tanyşdyryş dabarasy boldy

опубликованно 02.10.2018 // 1038 - просмотров
 

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda çapdan çykan “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdiler.

Tanyşdyryş dabarasyna BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisine dürli ýurtlardan gelen köp sanly wekiliýetleriň, guramanyň dürli komitetleriniň we bölümleriniň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri, alymlar gatnaşdylar.

Halkara jemgyýetçiligini milli Liderimiziň täze işi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy tanyşdyryp, ol bu kitabyň baý tebigy, önümçilik, düzüm we adam kuwwatyna eýe bolan ýurdumyzyň toplumlaýyn ösüşine düýpli seljeriş synyny öz içine alýandygyny aýratyn belledi. Kitap okyjylara, şol sanda ykdysatçylara, syýasatşynaslara, sosiologlara we beýleki bilermenlere BMG-niň gatnaşyjy ýurtlary tarapyndan 2015-nji ýylyň sentýabrynda kabul edilen Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek bilen baglylykda, Türkmenistanda milli we pudaklaýyn maksatnamalary, iri taslamalary amala aşyrmagyň netijeleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady maksatnamasy her bir adamyň bähbidini ugur edinýär, bu bolsa DÖM-ne laýyk gelýär. Milli Liderimiziň täze kitabynda döwletiň içeri we daşary syýasatynyň strategik wezipeleri, onuň ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda ileri tutulýan ugurlary beýan edilýär.

DÖM babatda Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň ulanylmagy tebigy, energetika, maddy-önümçilik serişdeleriň oýlanyşykly peýdalanylmagynda jemlenýär. Şol wagtyň özünde durmuş ulgamy halkyň abadançylygyny, durmuş derejesini we hilini ýokarlandyrmaga, ekologiýa ulgamy bolsa daşky gurşawyň goralmagyny hem-de tebigata yhlasly garaýşy üpjün etmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitaby Türkmenistanyň BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berip, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, sebitde we dünýäde DÖM-ne ýetmek ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça ylalaşylan çemeleşmäni işläp taýýarlamak boýunça ählumumy tagallalary birleşdirmek işine işjeň gatnaşýar.

Häzir Türkmenistanyň gazananlary ençeme ýurtlarda we halkara bilermenlerinde uly gyzyklanma döredýär. Şunda ähli syýasatçylar, jemgyýetçilik işgärleri, abraýly halkara guramalarynyň bilermenleri ýurdumyzyň üstünliklerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy taýdan esaslandyrylan, çuňňur oýlanyşykly we döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän syýasaty bilen üýtgewsiz baglanyşdyrýarlar. Ýurdumyzyň toplan tejribesi diňe milli däl-de, eýsem, dünýä derejesinde hem uly ähmiýete eýedir.

Ykdysadyýetiň sazlaşykly ösdürilmegi, durnukly ykdysady ösüşiň hem-de ýokary durmuş ölçegleriniň üpjün edilmegi milli Liderimiziň işläp taýýarlan täze durmuş-ykdysady strategiýasynda ähli derejelerde açylýar. “Döwlet adam üçindir!” diýlip anyk kesgitlenen şygarda ýurdumyzyň hakyky demokratik jemgyýete we hukuk döwletine öwrülmeginde, ýokary gymmatlyklar hökmünde adamyň we raýatyň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapýar.

Häzir dünýäniň meýillerine baha bermegiň, uzak möhletleýin milli maksatlaryň we bähbitleriň esasynda kitapda Türkmenistanyň syýasy ugrunyň strategik wezipeleri,
DÖM-ni iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça ileri tutulýan ugurlar we çäreler beýan edilýär.

Dabarada bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň daşary syýasaty häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge täzeçil, ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşme, depginliligi we jogapkärçiligi bilen tapawutlanýar. Ol tanalyp başlandy hem-de dünýä bileleşiginde giňden ykrar edildi, milli Liderimiziň netijeli başlangyçlary bilen Garaşsyz, Bitarap hem-de parahatçylyk söýüjilikli döwlet hökmünde ýurdumyzyň abraýy has-da belende galdy.

Elbetde, hormatly Prezidentimiziň täze kitaby ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki ýagdaýy hem-de onuň ählumumy gatnaşyklary saklamaga we Ýer ýüzünde parahatçylygy goramaga goşandy bilen gyzyklanýan adamlaryň hemmesi üçin peýdaly bolar.

Dabarada çykyş eden Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory DÖM babatda BMG-niň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny häsiýetlendirdi, bu işiň möhüm netijelerini aňladyp, olaryň hatarynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýanynda DÖM boýunça okuw ylmy-usulyýet merkeziniň döredilmegini görkezdi. Ilatyň giň gatlaklarynyň, şol sanda ýaşlaryň, hususy düzümleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda DÖM hakynda bilimleri giňeltmek onuň esasy wezipesi bolup durýar.

Türkmenistan sebitde global maksatlary uýgunlaşdyryp başlan ilkinji ýurtlaryň biri boldy. Netijede, DÖM-niň 17 maksady, 148 wezipesi we 175 sany görkezijileri ornaşdyryldy. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýörite düzüm — dürli edaralaryň ministrleriniň orunbasarlarynyň we ýolbaşçylarynyň derejesinde DÖM boýunça işçi topary döredildi. Monitoring we milli hasabatlylyk üçin jogapkär hökmünde esasy utgaşdyryjy orun Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň üstüne ýüklenildi.

Şeýle hem geljek ýyl Türkmenistanyň Meýletin milli syna gatnaşjakdygy bellenildi. Şonda ýurdumyz tutuş dünýäni 2030-njy ýylyň Gün tertibini amala aşyrmak tejribesi bilen tanyşdyrar. Eýýäm oktýabr aýynda ýurdumyzyň Hökümeti we BMG DÖM-niň alty sany maksatlaýyn görkezijilerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşarlar. Olar Meýletin milli synyň üns merkezinde bolar.

“Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly kitap baý maglumat we statistika materiallara eýe bolup, olar ýurdumyzda geçirilen uly işiň möçberi, şeýle hem geljekki meýilnamalaryň takyk esaslylygy we dogrulygy bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory ýygnananlara durnukly ösüş maksady bilen Türkmenistanyň makroykdysady ölçeglerini hem-de daşary ykdysady syýasatyny kämilleşdirmek ugrunda görülýän çäreler barada gürrüň berdi. Bu mesele milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitabynda jikme-jik beýan edilip, onda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin milli maksatnamanyň esasy ugurlary häsiýetlendirilýär.

Awtoryň giriş sözünde bellenilişi ýaly, bu kitaby ýazmak pikiri 2015-nji ýylda, Nýu-Ýorka iş saparynyň barşynda döredi. Şonda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň şanly 70-nji mejlisine gatnaşdy, onuň çäklerinde 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin Durnukly ösüşiň meseleleri boýunça sammit geçirildi.

Dünýä bileleşiginiň orta möhletleýin geljek üçin möhüm global wezipeleri çözmek boýunça toplumlaýyn meýilnamany kabul etmegi şol taryhy mejlisiň işiniň möhüm netijesi boldy. Emma Durnukly Ösüşiň Maksatlaryna meňzeş bolan milli derejedäki wezipeleri Türkmenistanda BMG-niň şanly duşuşygyna ýedi ýyl galanda çözüp başladylar. Şeýlelikde, býujeti onlarça trillion manat bolan, watandaşlarymyzyň durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilen, gerimi we ähmiýeti boýunça deňi-taýy bolmadyk durmuş maksatnamasynyň döredilmegi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagyndan soň, hökümet tabşyryklarynyň ilkinjileriniň biri boldy.

Dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilmezden öň Durnukly ösüşiň maksatlarynyň Türkmenistanda milli derejede nähili amala aşyrylandygy barada döwlet Baştutanymyzyň täze işinde anyk mysallar we anyk netijeler arkaly gürrüň berilýär.

Durnukly ösüşiň maksatlarynyň birnäçesi eýýäm milli iş tejribesinde üstünlikli gazanyldy we bu babatda biziň ýurdumyz öz oňyn tejribesini we işlerini beýleki döwletlere bermäge taýýardyr. Beýleki maksatlar boýunça hem öňde goýlan wezipeleri çözmegiň yzygiderli çäreleri we köp derejeli usuly netijesinde oňyn depgin bellenilýär.

Şeýle hem kitapda halkara hyzmatdaşlygynyň wezipeleri, Türkmenistanda döwlet–hususy hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça esasy ädimler bellenildi.

Täze kitap baý mazmunly maglumatlardan başga-da, Türkmenistanda häzirki durmuş derejesi barada aýdyň düşünje berýän dürli öwüşginli fotosuratlary öz içine alýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter