Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 29.09.2018 // 593 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 58-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. BAE-den, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini hem-de “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Russiýanyň we Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen tehniki ugleroda, ýokary dykyzlykly polietilene isleg bildirdiler. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, Gonkongdan, Türkiýeden, Ermenistandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna aýna, we nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 89 million 709 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan we Türkiýeden gelen işewürler jemi bahasy 2 million 53 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 41 müň manatlyk TNGIZT-da öndürilen polipropilen plýonkasyny satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter