Lebap welaýaty döredijilik forumyna gatnaşyjylary kabul edýär | TDH
Medeniýet

Lebap welaýaty döredijilik forumyna gatnaşyjylary kabul edýär

опубликованно 22.06.2015 // 1041 - просмотров
 

Türkmenabat, 22-nji iýun (TDH). Şu gün bu ýerde, Amyderýanyň kenaryndaky şäherde, Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Medeniýet hepdeliginiň badalga almagyny alamatlandyran dürli öwüşgünli dabaralar boldy. Ol eýýäm ýurdumyzda üçünji gezek geçirilýär. Milli Liderimiziň bu başlangyjy döredijilik işjeňligini hem-de milli medeniýetimiziň has-da gülläp ösmegini höweslendirmäge, ony dünýäde giňden wagyz etmäge hem-de dünýäniň medeni giňişligine goşulmagyna gönükdirilendir.

Medeniýet hepdeliginiň baýramçylyk açylyş dabarasy Ruhyýet köşgüniň öňündäki dabaralar meýdançasynda geçirildi. Bu ýere ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň döredijilik toparlary, giň gerimli çäräniň çäklerinde geçirilýän Halkara sungat sergisine gatnaşyjylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köpsanly myhmanlar, ýerli ýaşaýjylar, ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar.

Baýramçylyk lybasyna beslenen sahnanyň münberinden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Medeniýet hepdeligine we onuň çäklerinde guralýan Halkara sungat sergisine gatnaşyjylaryna iberen Gutlagy dabaraly ýagdaýda okalýar.

Lebap welýatynda geçirilýän uly döredijilik çäresine gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlamak bilen, döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri medeniýetiň we sungatyň, milli mirasyň, däp-dessurlaryň galkynýan, ösýän döwrüdir diýip belledi. Bu bolsa döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda yzygiderli geçirilmegi ýola goýlan Medeniýet hepdeliginiň giň gerimi we ýokary derejesi türkmen medeniýetiniň aýratynlyklaryny ýüze çykarmaga hem-de dünýä ýaýmaga mümkinçilik berýär.

Şu gezekki çäre Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýär, 2015-nji ýyl ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi. Bu bolsa halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary has-da ösdürmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we berkitmäge ýardam edýän medeniýet hepdeliginiň parahatçylyk döredijilikli maksada eýerýändigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagy dabara gatnaşyjylar tarapyndan uly üns bilen diňlenildi we dowamly elçarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra sahnada döwrebap türkmen sungatynyň baý mazmunyny açyp görkezen dürli öwüşgünli çykyşlar ýaýbaňlandy. Tomaşaçylar tanymal halk we estrada aýdymçylarynyň, şeýle hem döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny dostlukly el çarpyşmalar bilen sylagladylar. Olar bu gün milli sungatyň özboluşly däplerini dowam edýärler.

Agşam S.Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep – internatynyň “Mukam” skripkaçylar toparynyň hem-de Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň “Bagtyýar” skripkaçylar toparynyň bilelikdäki konserti boldy.

Medeniýet hepdeliginiň birinji gününiň maksatnamasy Lebap welaýat kitaphanasynda belli şahyrlaryň gatnaşmagynda “Bagtyýarlyk ylhamy” atly şygryýet agşamyny hem öz içine aldy.

Ruhyýet köşgüniň öňünde geçirilen dabaralar Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň, ýaş aýdymçylaryň – umumymilli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, ussat tans toparlarynyň gatnaşmagynda uly çykyş bilen dowam etdi. Bu çykyşlar bu ýere ýygnananlara şatlyk duýgusyny paýlady.

Bu konsert milli Liderimiziň başyny başlan hem-de ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň ösmegi üçin täze gözýetimleri açan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň özboluşy senasyna öwrüldi. Konserte gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetiren we döredijilik agşamynyň jemleýji pursatyna öwrülen watançylyk aýdymy artistlerde we tomaşaçylarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa parahatçylykda we abadançylykda ýaşamak, belent we röwşen arzuwlaryň amala aşýan ýurdunda döretmek bagty üçin çuňňur hoşallyk duýgusyny artdyrdy.

Medeniýet hepdeliginiň birinji güni tamamlandy, emma Amyderýanyň kenaryndaky baýramçylyk indi bat alyp, oňyn özgertmeler ýoly bilen öňe tarap ynamly gadam urýan, milli medeniýetimiziň däplerinde toplanan ähli gowy zatlary aýawly saklap gelýän türkmen halkynyň ägirt uly ruhy we döredijilik kuwwatyny özünde jemleýär.

Häzir medeniýete jemgyýetiň jebisleşdiriji we ruhlandyryjy güýji, ahlak ölçeglerini özünde jemleýän, milletiň we ýurduň ösmeginiň möhüm serişdesi hökmünde demokratik we durmuş özgertmeleriniň esasy hökmünde baha berilýär.

Biziň ýurdumyzyň dünýä bileleşiginde mynasyp orun eýelemegi üçin medeniýet ulgamy, onuň ileri tutulýan ugurlary örän möhümdir. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet syýasatynyň bu ugruny halkara hyzmatdaşlygy nukdaý nazaryndan üns merkezinde saklaýar.

Daşary ýurtly myhmanlaryň hem gatnaşmagynda geçirilýän bu giň gerimli çäre gumanitar hyzmatdaşlygy, jemgyýetiň, ýurduň, döwletiň durmuşynyň möhüm ugry bolan medeniýet ulgamynda netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmegiň we berkitmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolup durýar. Hepdeligiň dowamynda boljak wakalar bu ugurda täze gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem türkmen döwletiniň medeni syýasayny amala aşyrmakda üstünlikleriň giňden wagyz edilmegine hem ýardam eder.

Şol wakalaryň hatarynda 23-nji iýunda açyljak Halkara sungat sergisi bolup, onuň ekspozisiýasy Lebap welýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýaýbaňlandyrylar. Diňe Türkmenabatda däl-de, eýsem 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň paýtagty Mary şäherinde hem kinolar we teatr sahnalary, ylmy maslahatlar we döredijilik duşuşyklary, konsertler geçiriler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen medeniýeti” we “Ile döwlet geler bolsa…” atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy sabyrsyzlyk bilen garaşylýan wakalaryň birine öwrüler.

27-nji iýunda bellenilýän Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni şanly dabaralara beslener.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter