Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

опубликованно 27.09.2018 // 631 - просмотров
 

Onuň Aly­hez­re­ti,
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç!

Türk­me­nis­ta­nyň mil­li baý­ra­my — Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den çyk­ýan gut­lag­la­ry­my ka­bul ediň!

Si­ziň ýur­du­ňyz dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şiň ýo­ly bi­len ynam­ly ga­dam ur­ýar, Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de we onuň çäk­le­rin­den alys­lar­da uly ab­raý­dan peý­da­lan­ýar.

Rus­si­ýa — Türk­me­nis­tan gat­na­şyk­la­ry dost­lu­gyň we bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­ma­gyň asyl­ly däp­le­ri­ne esas­lan­ýar. Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da­ky stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da şert­na­ma­nyň ýa­kyn­da güý­je gir­me­gi äh­li ugur­lar­da ne­ti­je­li iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Bu bol­sa, gür­rüň­siz, bi­ziň umu­my bäh­bit­le­ri­mi­ze la­ýyk gel­ýär, se­bi­tiň dur­nuk­ly­ly­gy­ny we howp­suz­ly­gy­ny ber­kid­ýär.

Hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç, Si­ze berk jan sag­ly­gy­ny we üs­tün­lik­le­ri, Si­ziň wa­tan­daş­la­ry­ňy­za bol­sa tüýs ýü­rek­den aba­dan­çy­lyk we ro­waç­lyk ar­zuw ed­ýä­rin.

Hor­mat­la­mak bi­len,
Wla­di­mir Pu­tin,
Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti.

***

Onuň Aly­hez­re­ti,
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hor­mat­ly je­nap Pre­zi­dent!

Türk­me­nis­ta­nyň er­kin­li­gi­ne we özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­na eýe bol­ma­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li, ýur­du­ňyz­da 27-nji sent­ýab­ryň baý­ram edil­me­gi my­na­sy­bet­li ame­ri­kan hal­ky­nyň adyn­dan mä­hir­li gut­lag­la­ry­my­zy ka­bul et­me­gi­ňi­zi ha­ýyş ed­ýä­rin!

Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry umu­my mak­sat­la­ry­my­za ýet­mek üçin Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­na uly sar­pa goý­ýar. Şol mak­sat­lar se­bi­tiň howp­suz­ly­gy­ny we dur­nuk­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak, şeý­le hem se­bit­dä­ki gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki iş­le­ri öz içi­ne al­ýar.

Biz iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry­my­zy gi­ňelt­mä­ge gö­nük­di­ri­len yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ry üçin Türk­me­nis­ta­na tüýs ýü­rek­den ho­şal bo­lup, pa­ra­hat­çy­ly­ga we ro­waç­ly­ga bes­le­nen röw­şen gel­je­gi gur­ma­gyň ha­ty­ra­sy­na hyz­mat­daş­ly­gy­my­zy do­wam et­mä­ge yg­rar­ly bo­lup gal­ýa­rys.

Hor­mat­la­mak bi­len,
Do­nald Tramp,
Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Pre­zi­den­ti.

***

Onuň Aly­hez­re­ti,
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Je­nap Pre­zi­dent!

Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li Si­zi we Si­ziň hal­ky­ňy­zy öz adym­dan hem-de wa­tan­daş­la­ry­myň adyn­dan tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn.

Türk­me­nis­tan se­bit­de mö­hüm orun eýe­le­ýär. Bi­ziň ýur­du­my­zyň Si­ziň ýö­red­ýän goň­şy döw­let­ler bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­lar sy­ýa­sa­ty­ňy­zy hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­ýan­dy­gy­na ynan­dyr­mak is­le­ýä­rin.

Şeý­le hem Si­ziň ýur­du­ňy­za bo­lan aý­ra­tyn gy­zyk­lan­ma­ny dö­re­den, Ber­lin­de gu­ra­lan “Mar­gia­na” ser­gi­si­niň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi bi­len gut­la­ýa­ryn.

Si­ze hem-de Si­ziň maş­ga­la­ňy­za aba­dan­çy­lyk we jan sag­ly­gy­ny, türk­men hal­ky­na bol­sa er­kin, howp­suz­lyk hem-de aba­dan­çy­lyk şert­le­rin­de asu­da gel­je­gi ar­zuw ed­ýä­rin.

Frank-Wal­ter Ştaýn­ma­ýer,
Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti.

***

Onuň Aly­hez­re­ti,
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Türk­me­nis­ta­nyň mil­li baý­ram­çy­ly­gy my­na­sy­bet­li Fran­si­ýa­nyň hal­ky­nyň adyn­dan hem-de öz adym­dan Si­ze we türk­men hal­ky­na üs­tün­lik­le­ri hem-de gül­läp ös­me­gi ar­zuw ed­ýä­rin.

Men iki­ta­rap­la­ýyn sy­ýa­sy gat­na­şyk­la­ry­my­zyň ber­ke­me­gi­ni gol­da­ýa­ryn, şo­la­ryň ne­ti­je­sin­de, 2017-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­da Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­mi­ziň ara­syn­da sy­ýa­sy ge­ňeş­me­ler ge­çi­ril­di. Esa­sy se­bit we hal­ka­ra me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir alyş­mak üçin şol ge­ňeş­me­le­riň ozal­ky­sy ýa­ly yzy­gi­der­li esas­da ge­çi­ril­jek­di­gi­ne umyt ed­ýä­rin.

Türk­me­nis­ta­nyň bi­ta­rap­lyk ýo­lu­ny saý­lap al­ma­gy­ny hem-de pa­ra­hat­çy­lyk ug­run­da Si­ziň ýur­du­ňy­zyň öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­ny Fran­si­ýa­nyň gol­da­ma­gy do­wam et­jek­di­gi­ne ynan­dyr­ma­ga rug­sat ediň!

Si­ziň ýur­du­ňy­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak we di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ra fran­suz kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­ýä­rin. Fran­si­ýa hyz­mat­daş­lyk et­mek, aý­ra­tyn-da, döw­let we hu­su­sy pu­dak­lar­da gel­jek­ki hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­ga ýar­dam et­mek üçin ylym we bi­lim ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek bo­ýun­ça he­re­ket­le­ri­ni do­wam et­mä­ge taý­ýar­dyr.

Men şeý­le hem fran­suz — türk­men ar­heo­lo­gi­ýa to­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de iki ýur­duň alym­la­ry­nyň bi­le­lik­de ge­çi­ren iş­le­ri­ni ýe­ne bir ge­zek bel­le­mek is­le­ýä­rin. Bu to­par 2001-nji ýyl­dan bä­ri Ulug­de­pe di­ýen ýer­de iş­läp, türk­men hal­ky­nyň baý mi­ra­sy­ny art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len zäh­met çek­ýär. Men, aý­ra­tyn-da, bu to­pa­ryň işi­ni do­wam et­mek ha­kyn­da ýa­kyn­da yla­la­şy­ga gol çe­ki­len­di­gi­ne şat­dy­ryn. Mu­nuň özi bi­ziň yl­my hyz­mat­daş­ly­gy­my­zyň hi­li­ni ala­mat­lan­dyr­ýar.

Hor­mat­ly je­nap Pre­zi­dent, me­niň Si­ze çuň­ňur hor­mat goý­ýan­dy­gym ba­ra­da­ky ynan­dyr­ma­la­ry­my ka­bul et­me­gi­ňi­zi ha­ýyş ed­ýä­rin.

Em­ma­nuel Mak­ron,
Fran­si­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti.

***

Onuň Aly­hez­re­ti,
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç!

Türk­me­nis­ta­nyň mil­li baý­ram­çy­ly­gy — Ga­raş­syz­lyk gü­ni Si­zi hem-de Si­ziň hal­ky­ňy­zy bu şan­ly wa­ka bi­len gut­la­ma­ga ýa­kym­ly müm­kin­çi­lik dö­red­ýär.

Tä­ji­gis­tan Türk­me­nis­tan bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär, şol gat­na­şyk­lar soň­ky ýyl­lar­da stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk hä­si­ýe­ti­ne eýe bol­dy.

Mu­nuň üçin biz iki ýur­duň eýe bo­lan kuw­wa­ty­ny do­ly peý­da­lan­ma­ga hem-de halk­la­ry­my­zyň bäh­bi­di­ne iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry has-da gi­ňelt­mä­ge taý­ýar­dy­rys.

Hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç, Si­ze berk jan sag­lyk, bag­ty­ýar­lyk we iş­de üs­tün­lik­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň dost­luk­ly hal­ky­na bol­sa pa­ra­hat­çy­lyk we ro­waç­lyk ar­zuw ed­ýä­rin.

Hor­mat­la­mak bi­len,
Emo­ma­li Rah­mon,
Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti.

***

Onuň Aly­hez­re­ti,
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Si­zi we Si­ziň hal­ky­ňy­zy Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn!

Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy we Türk­me­nis­tan ýur­du­ňy­zyň ga­raş­syz­ly­gy­na eýe bo­lan il­kin­ji gün­le­rin­den ýa­kyn we goň­şy ýurt­lar hök­mün­de örän oňat we hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry­ny gör­kez­di­ler, bu gün bol­sa Türk­me­nis­tan Si­ziň ýol­baş­çy­ly­gy­ňyz­da we ta­gal­la­la­ry­ňyz ne­ti­je­sin­de gül­läp ös­ýän gör­nük­li ýur­da öw­rül­di.

Me­de­ni baý­ly­gy we umu­my ta­ry­hy kök­le­ri bi­len ruh­la­nan iki goň­şy ýur­duň se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy hem-de öz halk­la­ry­nyň aba­dan­çy­ly­gy­ny ber­kit­mek üçin sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy we gat­na­şyk­la­ry has-da pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da öňe ta­rap he­re­ket et­jek­di­gi­ne umyt ed­ýä­rin.

Be­ýik Bi­ri­bar­dan Si­ze jan sag­lyk we üs­tün­lik­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň do­gan­lyk hal­ky­na aba­dan­çy­lyk we ro­waç­lyk di­le­ýä­rin.

Ha­san Ru­ha­ni,
Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti.

***

Onuň Aly­hez­re­ti,
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Si­zi hem-de Türk­me­nis­ta­nyň do­gan­lyk hal­ky­ny öz adym­dan, Ow­ga­nys­ta­nyň hö­kü­me­ti­niň we hal­ky­nyň adyn­dan gut­la­ýa­ryn!

Si­ziň ýol­baş­çy­ly­gy­ňyz­da Türk­me­nis­ta­nyň uly ösüş­le­re ýe­ten­di­gi­ni bel­le­mä­ge şat­dy­ryn. Türk­men döw­le­ti­niň sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy ugur­lar­da ös­me­gi, hu­su­san-da, Ma­ry DES-niň çä­gin­de ut­ga­şyk­ly do­la­ny­şyk­da iş­le­ýän bug-­gaz elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň, şeý­le hem Bal­kan we­la­ýa­tyn­da hi­mi­ýa dö­kün­le­ri­ni ön­dür­ýän “Ga­ra­bo­gaz­kar­ba­mid” za­wo­dy­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi dost­luk­ly we do­gan­lyk Türk­me­nis­ta­ny se­na­gat­laş­dyr­mak işin­de Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňi­ziň örän uly ta­gal­la­la­ry­nyň hem-de hoş­ni­ýet­li erk-is­le­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar.

Türk­me­nis­ta­nyň bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, hä­zir­ki­ za­man yk­dy­sa­dy­ýe­tiniň ber­ki­dil­me­gi dur­nuk­ly we ös­ýän goň­şu­sy bo­lan Ow­ga­nys­ta­nyň pa­ra­hat­çy­ly­gy we ösü­şi ga­zan­mak ug­run­da ýo­lu­ny üs­tün­lik­li do­wam et­me­gi­ne umyt dö­red­ýär.

Iki ýur­duň mä­hir­li öza­ra gat­na­şyk­la­ry ýo­ka­ry de­re­je­de bo­lup, ola­ryň gel­jek­de hem hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi, hu­su­san-da, dü­züm tas­la­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­mak­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn.

Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň hö­kü­me­ti iki ýur­duň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ra we hoş­ni­ýet­li mak­sat­la­ra yg­rar­ly bo­lup, şol gat­na­şyk­la­ry has-da ös­dür­mä­ge we ber­kit­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny be­ýan ed­ýär.

Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňi­ze berk jan sag­ly­gy­ny we uly üs­tün­lik­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň do­gan­lyk hal­ky­na bol­sa aba­dan­çy­lyk we ro­waç­lyk ar­zuw ed­ýä­rin.

Mo­ham­mad Aş­raf Ga­ni,
Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti.

***

Onuň Aly­hez­re­ti,
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňiz!

Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňi­ze we türk­men hal­ky­na mä­hir­li gut­lag­la­ry­my be­ýan ed­ýä­rin.

Bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da dür­li ugur­lar­da ös­ýän hyz­mat­daş­ly­gyň öza­ra bäh­bit­li esas­da do­wam et­jek­di­gi­ne we gel­je­gi ugur edin­jek­di­gi­ne tüýs ýü­rek­den umyt ed­ýä­rin. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, iki ýur­duň halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky öza­ra dü­şü­niş­me­giň we dost­lu­gyň, ola­ryň aba­dan dur­mu­şy­nyň we bag­ty­ýar­ly­gy­nyň ber­ke­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn.

Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňi­ze jan sag­lyk we üs­tün­lik, Si­ziň be­ýik ýur­du­ňy­za gül­läp ös­mek ba­ra­da­ky iň go­wy ar­zuw­la­ry­my ýol­la­ýa­ryn.

Mun Çže In,
Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti.

***

Onuň Aly­hez­re­ti,
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç!

Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den çyk­ýan gut­lag­la­ry­my be­ýan et­mä­ge rug­sat ediň!

Çe­hi­ýa Res­pub­li­ka­sy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da­ky dä­be öw­rü­len aja­ýyp gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň ös­ýän­di­gi­ni bel­le­mä­ge örän şat­dy­ryn. Şol gat­na­şyk­lar he­mi­şe dost­luk, hyz­mat­daş­lyk we bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak ru­hun­da ösüp, şo­la­ryň gel­jek­de hem iler­le­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn.

Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňiz, Si­ze jan sag­lyk we üs­tün­lik­ler, Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­na mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­mek ba­ra­da­ky tüýs ýü­rek­den çyk­ýan ar­zuw­la­ry­my ka­bul ediň!

Mi­loş Ze­man,
Çe­hi­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti.

***

Onuň Aly­hez­re­ti,
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hor­mat­ly je­nap Pre­zi­dent!

Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li baý­ram­çy­ly­gy — Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňi­ze türk­men hal­ky­nyň aba­dan­çy­ly­gy, şeý­le hem gül­läp ös­me­gi we ro­waç­ly­gy ba­ra­da­ky gut­lag­la­ry­my we tüýs ýü­rek­den çyk­ýan ar­zuw­la­ry­my be­ýan ed­ýä­rin.

Mar­se­lu Re­be­lu di So­za,
Por­tu­ga­li­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti.

***

Onuň Aly­hez­re­ti,
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň baý­ram edil­me­gi my­na­sy­bet­li Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňi­ze hem-de dost­luk­ly türk­men hal­ky­na mä­hir­li gut­lag­la­ry­my ýol­la­mak me­niň üçin uly şat­lyk­dyr we hor­mat­dyr. Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň hal­ky­nyň bu wa­ka my­na­sy­bet­li Si­ziň hal­ky­ňyz bi­len şat­ly­gy­ny paý­laş­ýan­dy­gy­ny ola­ra ýe­tir­me­gi­ňi­zi Siz­den ha­ýyş ed­ýä­rin.

Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňi­ze tüýs ýü­rek­den sag­lyk, bag­ty­ýar­lyk, üs­tün­lik­le­ri şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň dost­luk­ly hal­ky­na aba­dan­çy­lyk we ro­waç­lyk ba­ra­da­ky tüýs ýü­rek­den çyk­ýan ar­zuw­la­ry­my be­ýan ed­ýä­rin.

Tüýs ýü­rek­den dost­luk we hor­mat ba­ra­da­ky iň go­wy ar­zuw­la­ry­my ka­bul ediň!

Ha­li­fa Bin Za­ýed Al-Na­ha­ýan,
Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Pre­zi­den­ti.

***

Onuň Aly­hez­re­ti,
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hor­mat­ly je­nap Pre­zi­dent!

Mil­li baý­ram­çy­lyk — Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňi­ze mä­hir­li gut­lag­la­ry­my, şeý­le hem türk­men hal­ky­na ro­waç­lyk we bag­ty­ýar­lyk ba­ra­da­ky iň go­wy ar­zuw­la­ry­my ýol­la­mak men­de örän uly ka­na­gat­lan­ma dö­red­ýär.

Ýe­li­za­we­ta II,
Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň we De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­nyň Bir­le­şen Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Şa ze­na­ny.

***

Onuň Aly­hez­re­ti,
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Mil­li baý­ra­my­ňyz — Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňi­ze tüýs ýü­rek­den çyk­ýan gut­lag­la­ry­my hem-de türk­men hal­ky­nyň gül­läp ös­me­gi ba­ra­da­ky iň go­wy ar­zuw­la­ry­my be­ýan ed­ýä­rin.

Karl Gus­taw,
Şwe­si­ýa­nyň Pa­ty­şa­sy.

***

Onuň Aly­hez­re­ti,
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňiz!

Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňi­ze, şeý­le hem türk­men hal­ky­na gut­lag­la­ry­my hem-de aba­dan­çy­lyk we sag­lyk ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­my ýol­la­ýa­ryn.

Hor­mat­la­mak bi­len,
Fi­lipp,
Bel­gi­ýa­nyň Pa­ty­şa­sy.

***

Onuň Aly­hez­re­ti,
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňi­ze öz adym­dan, Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň hal­ky­nyň we Hö­kü­me­ti­niň adyn­dan mä­hir­li gut­lag­la­ry­my we iň go­wy ar­zuw­la­ry­my ýol­la­ma­ga şat­dy­ryn.

Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňi­ze jan sag­lyk we bag­ty­ýar­lyk, do­gan­lyk türk­men hal­ky­na bol­sa mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi ar­zuw ed­ýä­rin.

Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňiz, çuň­ňur hor­ma­tym ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­my ka­bul ediň!

Si­ziň do­ga­ny­ňyz,
Iki mu­kad­des­li­giň hyz­mat­kä­ri
Sal­man Ben Ab­del Aziz Al Sa­ud,
Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Pa­ty­şa­sy.

***

Onuň Aly­hez­re­ti,
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Si­ziň dost­luk­ly ýur­du­ňy­zyň mil­li baý­ram­çy­ly­gy — Ga­raş­syz­lyk gü­nü­ni bel­le­me­gi my­na­sy­bet­li Bah­reýn Pa­ty­şa­ly­gy­nyň hal­ky­nyň adyn­dan hem-de öz adym­dan iň go­wy ar­zuw­la­ry­my we tüýs ýü­rek­den çyk­ýan gut­lag­la­ry­my ýol­la­ýa­ryn.

Şu ýa­kym­ly müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňi­ze berk jan sag­ly­gy­ny we bag­ty­ýar­lyk, dost­luk­ly türk­men hal­ky­na bol­sa Si­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gy­ňyz­da mun­dan beý­läk-de öňe git­me­gi we gül­läp ös­me­gi ar­zuw ed­ýä­rin.

Ha­mad Bin Isa al-Ha­li­fa,
Bah­reý­niň Pa­ty­şa­sy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter