Türkmen wekiliýeti BMG-de saglygy goraýyş ulgamy boýunça iş maslahatyna gatnaşdy | TDH
Jemgyýet

Türkmen wekiliýeti BMG-de saglygy goraýyş ulgamy boýunça iş maslahatyna gatnaşdy

опубликованно 27.09.2018 // 1058 - просмотров
 

Nýu-Ýork­da geç­ýän BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji mej­li­sin­de umu­my ara alyp mas­la­hat­laş­ma­la­ryň çäk­le­rin­de 26 — 27-nji sent­ýabr­da in­çe­ke­se­li ýok et­mek we ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­li iş mas­la­ha­ty geç­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şyr­ma­gy bo­ýun­ça iş mas­la­ha­ty­na Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň hü­när ugur­ly dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­dy­lar.

Ýur­du­my­zyň we­kil­le­ri Baş As­samb­le­ýa gat­na­şy­jy­la­ryň öňün­de eden çy­kyş­la­ryn­da Türk­me­nis­tan­da hal­kyň sag­ly­gy­nyň döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­niň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ýö­rel­ge­si bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­dy­lar. Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry hem-de 2030-njy ýy­la çen­li äh­lu­mu­my Gün ter­ti­bi sag­ly­gy go­raý­şyň mö­hüm ýag­da­ýy bo­lup, 2017 — 2021-nji ýyl­lar üçin Türk­me­nis­ta­ny ös­dür­me­giň Pre­zi­dent mak­sat­na­ma­sy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di.

Mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na gö­nük­di­ril­ýän ägirt uly ma­ýa go­ýum­lar, bu ul­gam­da top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ony dün­ýä öl­çeg­le­ri­niň we hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ne çy­kar­ma­ga, bir­nä­çe howp­ly ke­sel­le­ri ýok et­me­gi hem-de beý­le­ki öl­çeg­ler bo­ýun­ça ýag­daý­la­ry ep-es­li go­wu­lan­dyr­ma­gy ga­zan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di.

Ila­tyň sag­lyk de­re­je­si­ni go­rap sak­la­ma­gy we ýo­kar­lan­dyr­ma­gy, adam­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga bo­lan kons­ti­tu­sion hu­kuk­la­ry­ny üp­jün et­me­gi mak­sat edin­ýän dur­muş-yk­dy­sa­dy hem-de luk­man­çy­lyk çä­re­le­ri­niň ul­ga­my­ny peý­da­lan­mak­dan has do­ly ne­ti­je al­ma­ga gö­nük­di­ri­len döw­let sy­ýa­sa­ty­ny iş­läp taý­ýar­lap, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sag­ly­gy go­raý­şyň me­se­le­le­ri­ne örän giň çe­me­leş­me­le­ri iş ýü­zün­de or­naş­dyr­dy.

Jan sag­ly­gyn­da ada­myň we maş­ga­la­nyň di­ňe bir aba­dan­çy­ly­gy däl-de, eý­sem, döw­le­tiň dur­nuk­ly­ly­gy, ýo­ka­ry de­re­je­de zäh­met çek­mä­ge bo­lan kuw­wa­tyň ze­rur şer­ti, me­de­ni de­re­jä­niň gör­ke­zi­ji­si, döw­let do­lan­dy­ry­ly­şy­nyň ne­ti­je­li­li­gi­niň has oňyn ýag­da­ýy gö­rün­ýär. Mu­nuň özi mil­li howp­suz­ly­gyň örän mö­hüm ins­ti­tut­la­ry­nyň bi­ri­dir, ösen döw­le­tiň ile­ri tu­tul­ýan ug­ru­dyr.

Be­lent yn­san­per­wer ýö­rel­ge­ler, sag­ly­gy go­raý­şyň yl­my we hu­kuk esa­syň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy, şä­her­ler­de we oba­lar­da luk­man­çy­ly­gyň äh­li de­re­je­ler­de Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň ýö­rel­ge­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ös­dü­ril­me­gi — bu­la­ryň hem­me­si sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň — luk­man­çy­lyk we yk­dy­sa­dy ylym­la­ryň dok­to­ry, Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň aka­de­mi­gi, ýa­kyn we alys da­şa­ry ýurt­la­ryň köp san­ly uni­wer­si­tet­le­ri­niň, ins­ti­tut­la­ry­nyň, hal­ka­ra aka­de­mi­ýa­la­ryň hor­mat­ly aka­de­mi­gi, pro­fes­so­ry hem-de dok­to­ry hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sy­ýa­sa­ty­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­dyr.

Ýur­du­myz­da bir­nä­çe ýo­kanç ke­sel­le­riň ýok edi­len­di­gi ha­kyn­da­ky hal­ka­ra şa­ha­dat­na­ma­lar, şeý­le hem bu ul­gam­da türk­men luk­man­la­ry­nyň tej­ri­be­si­ni BSGG-niň Ýew­ro­pa se­bi­ti­niň ýurt­la­ryn­da ýaý­rat­mak üçin tek­lip edil­me­gi sag­ly­gy go­ra­mak ba­bat­da we­zi­pe­le­ri çöz­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­niň je­del­siz yk­rar­na­ma­sy bo­lup dur­ýar.

Hu­su­san-da, jem­gy­ýe­tiň sag­ly­gy­na zy­ýan ýe­tir­ýän in­çe­ke­sel ýa­ly, uly howp ba­ra­da aý­dy­lan­da, Türk­me­nis­tan bu ke­se­le gar­şy gö­reş­mek­de iň tä­ze «DOTS», «DOTS Plus», «Stop TB» we «End TB» ne­ti­je­li stra­te­gi­ýa­la­ry ka­bul eden dün­ýä­de il­kin­ji ýurt­la­ryň bi­ri bol­dy.

Esa­sy ka­nun­çy­lyk na­ma­lar hem-de Türk­me­nis­tan­da in­çe­ke­se­le gö­zeg­çi­lik et­me­giň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň gol­daw ber­me­gin­de yzy­gi­der­li tä­ze­len­ýär, şo­nuň ne­ti­je­sin­de bu ul­gam­da ep-es­li oňyn öňe­gi­diş­lik­ler ga­za­nyl­dy.

Türk­me­nis­tan­da 2016 — 2020-nji ýyl­lar üçin in­çe­ke­se­liň öňü­ni al­ma­gyň we oňa gar­şy gö­reş­me­giň mil­li mak­sat­na­ma­sy 2016 — 2020-nji ýyl­lar üçin BSGG-niň Ýew­ro­pa se­bi­tin­de in­çe­ke­se­le gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça he­re­ket­le­riň me­ýil­na­ma­sy­na hem-de mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan iş­le­ni­lip taý­ýar­la­ny­lan “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na do­ly ky­bap gel­ýär.

In­çe­ke­sel gul­lu­gy il­kin­ji luk­man­çy­lyk-sa­ni­tar kö­me­gi­niň ul­ga­my­na üs­tün­lik­li go­şu­lyş­dy, ul­gam­la­ryň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk — mi­nistr­lik­le­riň, ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň hem-de hal­ka­ra hyz­mat­daş­la­ryň ara­syn­da gat­na­şyk­lar pug­ta­lan­dy.

In­çe­ke­se­li anyk­la­ma­gyň hi­li­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na hä­zir­ki za­man bar­lag­ha­na bin­ýa­dy­nyň he­mi­şe gi­ňel­dil­me­gi hem-de ke­se­li ýü­ze çy­kar­ma­gyň iň tä­ze usul­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy, bi­rin­ji we ikin­ji de­re­je­ler­de in­çe­ke­se­le gar­şy se­riş­de­le­re el­ýe­ter­li­li­giň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy, şeý­le hem iş tej­ri­be­si­ne be­jer­me­giň tä­ze ter­ti­bi­ni or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça taý­ýar­lyk gö­rüş çä­re­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi ýar­dam ber­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­niň 2016-njy ýyl­dan baş­lap, in­çe­ke­se­liň bar­lag­ha­na anyk­laý­şy üçin rea­gent­le­ri we sarp ediş se­riş­de­le­ri­ni hem-de ony be­jer­mek üçin il­kin­ji no­bat­da­ky se­riş­de­le­ri sa­tyn al­ma­gy döw­let taý­dan üp­jün et­me­gi öz üs­tü­ne alan­dy­gy­ny bel­le­mek ze­rur. 2017-nji ýyl­da ke­pil­len­di­ri­len hi­li bi­len in­çe­ke­se­li anyk­la­mak we be­jer­mek üçin se­riş­de­le­ri yzy­gi­der­li ge­tir­me­gi üp­jün et­mek bo­ýun­ça ýur­duň ta­gal­la­la­ry­nyň yk­rar edil­ýän­di­gi hök­mün­de “In­çe­ke­se­liň öňü­ni al­mak” di­ýen hyz­mat­daş­lyk mak­sat­na­ma­sy­nyň Der­man se­riş­de­le­ri­niň Äh­lu­mu­my Gaz­na­sy Türk­me­nis­ta­na “In­çe­ke­se­le de­giş­li se­riş­de­le­ri sa­tyn al­ma­gy ne­ti­je­li me­ýil­leş­dir­mek ul­ga­myn­da öň­de­ba­ry­jy” di­ýen at gow­şur­dy.

Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan­da in­çe­ke­se­le gö­zeg­çi­lik et­mek ul­ga­myn­da köp oňyn üýt­geş­me­ler bo­lup geç­di. BSGG-niň ba­ha ber­me­gi­ne gö­rä, 100 000 ila­tyň ara­syn­da in­çe­ke­sel bi­len ke­sel­le­nil­me­gi 50 gö­te­ri­me go­laý azal­dy. Onuň ýü­ze çy­ka­ry­lan ýag­daý­la­ry­nyň gör­ke­zi­ji­si 2007-nji ýyl­da 48 gö­te­rim bo­lan­da­ky­syn­dan 2015-nji ýyl­da 80 gö­te­ri­me çen­li go­wu­lan­dy. Se­riş­de­ler bi­len üp­jün et­mek­de ikin­ji ha­tar se­riş­de­le­riň de­re­je­si 2012-nji ýyl­da hiç zat bol­man­dy­gyn­dan baş­lap, 2015-nji ýyl­da 90 gö­te­ri­me çen­li art­dy. In­çe­ke­se­le gar­şy gö­reş­me­giň mil­li mak­sat­na­ma­sy ýa­raw­syz­la­ryň be­je­riş al­ma­ga ta­rap ýyk­gyn et­mek­le­ri­niň ýo­kar­lan­ma­gy­nyň üs­tün­de iş­le­ýär: dur­nuk­ly in­çe­ke­se­li bo­lan has­sa­la­ra der­man se­riş­de­le­ri ba­bat­da ýar­dam ber­ýär hem-de ola­ry be­jer­me­giň howp­suz­ly­gy­na gö­zeg­çi­lik ed­ýär.

Türk­me­nis­tan in­çe­ke­se­li ýok et­mek bo­ýun­ça çä­re­le­ri gi­ňelt­mek we güýç­len­dir­mek pi­ki­ri­ni do­ly gol­da­ýar hem-de BSGG-niň Ýew­ro­pa se­bi­ti­ne gi­rip, 2035-nji ýy­lyň ahy­ry­na çen­li gu­ra­ma­nyň öňün­de dur­ýan gym­mat­lyk­la­ry, ýö­rel­ge­le­ri we mak­sat­la­ry do­ly paý­laş­ýar.

BSGG hem-de ada­myň im­mu­no ýet­mez­çi­li­gi se­bäp­li dö­re­ýän ke­se­le, in­çe­ke­se­le we gyz­zyr­ma gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça Äh­lu­mu­my gaz­na, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ösüş mak­sat­na­ma­sy (BMGÖM) we ABŞ-nyň Hal­ka­ra ösüş bo­ýun­ça agent­li­gi (USAID) ýa­ly beý­le­ki hal­ka­ra gu­ra­ma­lar we eda­ra­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry In­çe­ke­se­le gar­şy gö­reş­me­giň mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­li­ge bes­len­me­gin­de öz go­şan­dy­ny goş­dy. Bu mak­sat­na­ma­ny öz­gert­mek we onuň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ryň esa­syn­da, umu­man, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň kuw­wa­ty­na gö­nük­di­ri­len ul­gam­la­ýyn çe­me­leş­mä­niň ýa­tan­dy­gy­ny nyg­ta­mak mö­hüm­dir.

Beý­le­ki iş mas­la­ha­ty, ýag­ny ýo­kanç däl ke­sel­le­re gar­şy gö­reş­mek ba­ra­da­ky me­se­le ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa, bu ul­gam­da hem Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan uly oňyn tej­ri­be top­la­nyl­dy. Ýo­kanç däl ke­sel­le­re de­giş­li me­se­le­le­ri azalt­ma­gyň mö­hüm usul­la­ry­nyň bi­ri bu ke­sel­ler bi­len bag­la­ny­şyk­ly tö­wek­gel­çi­li­giň ýag­daý­la­ry­ny azalt­ma­ga ta­rap ta­gal­la­la­ry gö­nük­dir­mek­den yba­rat­dyr. Il­kin­ji no­bat­da, mu­nuň özi tem­mä­ki­ni ulan­ma­ga gar­şy gö­reş­dir, sag­dyn iý­mit­len­me­gi wa­gyz et­mek­dir we ýe­ter­lik fi­zi­ki iş­jeň­li­giň bol­ma­gy­dyr, şeý­le hem beý­le­ki öňü­ni alyş çä­re­le­ri­dir il­kin­ji luk­man­çy­lyk-sa­ni­tar kö­me­gi­niň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­lip bi­lin­jek ke­sel­le­ri ir­ki ýag­da­ýyn­da ýü­ze çy­kar­mak we ola­ry wag­tyn­da be­jer­mek, ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak hem-de äh­lu­mu­my mak­sat­la­ry goş­mak bi­len ola­ra gar­şy gö­reş­mek üçin gö­zeg­çi­lik ediş ul­ga­my­ny ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça iş­ler­dir.

Tem­mä­ki­niň ula­nyl­ma­gy­na gar­şy gö­zeg­çi­li­gi üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak ba­bat­da bi­ziň ýur­du­myz aja­ýyp my­sal we nus­ga bo­lup hyz­mat edip bi­ler. Şu me­se­le­de BSGG-niň tem­mä­kä gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na, şeý­le hem tem­mä­ki önüm­le­ri­niň bi­ka­nun söw­da­sy­ny ýok et­mek ba­ra­da BSGG-niň tem­mä­kä gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­nyň Tes­wir­na­ma­sy­na gol çe­kil­me­gi bi­len uly ösüş ga­za­nyl­dy.

Anyk mag­lu­mat­lar şeý­le çä­re­le­riň aja­ýyp “ma­ýa go­ýum­lar” bo­lup dur­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär, se­bä­bi olar öz wag­tyn­da ge­çi­ri­len­de has çyl­şy­rym­ly be­jer­gi et­me­giň ze­rur­ly­gy­ny azal­dyp bi­ler. Şu iş­le­riň esa­sy­na “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­ma­sy alyn­dy. Ol aşak­da­ky ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry: il­kin­ji luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ös­dür­me­gi, şol san­da hü­när taý­dan taý­ýar­ly­gy we luk­man­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni kä­mil­leş­dir­me­gi, anyk­la­ýyş gul­lu­gy we pu­da­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­me­gi, öňü­ni alyş luk­man­çy­ly­gy­ny ös­dür­me­gi hem-de ila­ty ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry bi­len üp­jün et­me­gi özün­de jem­le­ýär.

Bu mak­sat­na­ma­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gyn­da has uly ne­ti­je dur­muş sy­ýa­sa­ty bi­len ut­ga­şyk­lyk­da ga­za­nyl­ýar. Şol sy­ýa­sa­tyň mö­hüm ug­ry jem­gy­ýet­de sag­dyn-dur­muş ýö­rel­ge­si­niň ber­ka­rar bol­ma­gy, be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­niň, luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ryn­dan baş­ga-da, şy­pa­ha­na-dynç alyş we sport ul­ga­my­ny, sy­ýa­hat­çy­ly­gy we dynç al­şy özün­de jem­le­ýän döw­re­bap sag­lyk dü­züm­le­ri­ni ös­dür­mek­dir. Bu­la­ryň äh­li­si iň be­ýik baý­lyk hök­mün­de sag­ly­ga uly ga­dyr go­ýul­ýan jem­gy­ýe­tiň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­raý­şy­ny in­no­wa­sion ýol bo­ýun­ça ös­dür­me­giň bin­ýat­lyk esa­sy hök­mün­de luk­man­çy­lyk yl­my­ny dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­ma­ga örän uly üns ber­ýär.

Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da se­bit we äh­lu­mu­my de­re­je­de has äh­mi­ýet­li tap­gyr­la­ryň bi­ri ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we ola­ra gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça BSGG-niň I Ýew­ro­pa mi­nistr­ler mas­la­ha­tyn­da Aş­ga­bat jar­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi bol­dy. Bu jar­na­ma Ýew­ro­pa se­bi­tin­de we bü­tin dün­ýä­de ýo­kanç däl ke­sel­le­re gö­zeg­çi­lik et­mek bo­ýun­ça he­re­ket et­me­giň ug­ru­ny kes­git­le­di.

Mun­dan baş­ga-da, ýur­du­myz­da tö­wek­gel­çi­li­giň esa­sy ala­mat­la­ry bo­ýun­ça BSGG-niň tek­lip­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da: Al­ko­go­lyň zy­ýan­ly tä­si­ri­niň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça 2018 — 2022-nji ýyl­lar üçin Mil­li Mak­sat­na­ma, Ila­tyň fi­zi­ki iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça 2018 — 2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li stra­te­gi­ýa hem-de Ila­tyň psi­hi­ki sag­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça 2018 — 2022-nji ýyl­lar üçin Mil­li Mak­sat­na­ma ka­bul edil­di. Bu mak­sat­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň sag­ly­gy go­ra­ýyş pu­da­gy­nyň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na ýar­dam be­rip, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da hem uly äh­mi­ýe­te eýe bol­jak­dy­gy gür­rüň­siz­dir.

Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da­ky ýag­daý­lar ba­ra­da anyk mag­lu­mat­la­ryň be­ril­me­gi bu hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Şol hyz­mat­daş­lyk sag­lyk ba­bat­da esas­lan­dy­ry­lan sy­ýa­sy çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi­ni gol­da­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da ça­ga­la­ryň se­miz­li­gi (COSI), ýag, duz we şe­ker ag­dyk­lyk ed­ýän azyk­la­ryň hi­li (Fe­edcities), şeý­le hem tö­wek­gel­çi­li­giň esa­sy ýag­daý­la­ry­nyň ýaý­ra­ma­gy (STEPS) bo­ýun­ça bar­lag­lar ge­çi­ril­di.

Türk­me­nis­tan 2025-nji ýy­la çen­li tem­mä­ki­den azat ýurt bol­mak mak­sa­dy­na ýet­mek ug­run­da iş­le­ýär. Umu­man, bu mak­sa­da BSGG-niň tem­mä­kä gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de äh­li çä­re­le­riň, şeý­le hem hu­su­san-da, ça­ga­la­ry tem­mä­ki­den go­ra­ma­ga we çi­lim çek­me­giň ýaý­ra­dy­ly­şy­nyň azal­dyl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len has tä­ze bir­nä­çe çä­re­le­riň do­ly ama­la aşy­ryl­ma­gy ar­ka­ly ýe­til­me­li­dir.

Tem­mä­kä gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça ýaş­la­ryň (GYTS), şeý­le hem ulu­la­ryň (STEPS) ara­syn­da ýa­kyn­da ge­çi­ri­len so­wal-jo­gap­lar çi­lim çe­kil­me­giň ýaý­ra­wy­nyň ýaş­la­ryň ara­syn­da 0,1 gö­te­ri­me, uly ýaş­ly­la­ryň ara­syn­da bol­sa 3,4 gö­te­ri­me deň­di­gi­ni gör­kez­di.

BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň iş mas­la­ha­tyn­da, şeý­le hem ýo­kanç däl ke­sel­le­riň me­se­le­le­ri we psi­hi­ki sag­ly­gy go­ra­mak bo­ýun­ça BSGG-niň ýo­ka­ry de­re­je­li II Ýew­ro­pa mas­la­ha­ty­nyň 2019-njy ýy­lyň 9 — 10-njy ap­re­lin­de ge­çi­ril­me­gi­niň me­ýil­leş­di­ri­len­di­gi yg­lan edil­di. Onuň gün ter­ti­bin­de Aş­ga­bat jar­na­ma­syn­da ka­bul edi­len borç­na­ma­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne hem-de BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň hä­zir­ki ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça Ýew­ro­pa se­bi­tin­de mun­dan beý­läk edil­me­li he­re­ket­le­re uly üns jem­le­ner.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter