Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

опубликованно 27.09.2018 // 1228 - просмотров
 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li gu­ral­ýan da­ba­ra­ly baý­ram­çy­lyk ýö­ri­şi­niň öňü­sy­ra­syn­da paý­tag­ty­my­zyň baş meý­da­nyn­da­ky döw­let mün­be­ri­niň bi­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gys­ga mej­li­si­ni ge­çir­di.

Mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne döw­let dur­mu­şy­nyň ile­ri tu­tul­ýan bir­nä­çe me­se­le­le­ri, şol san­da ýa­ňy-ýa­kyn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­sin­de ka­bul edi­len çöz­güt­le­ri iş ýü­zün­de ama­la aşyr­mak bi­len bag­ly me­se­le­ler gi­ri­zil­di.

Mej­li­siň bar­şyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýer­le­riň gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­gam­la­ryn­da iş­le­riň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat­la­ry­ny diň­le­di. Ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek, ila­tyň dur­muş de­re­je­si­ni mun­dan beý­läk-de ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň umu­my­mil­li mas­la­hat­da kes­git­län we­zi­pe­le­ri­ni çöz­mek mak­sa­dyn­da ýö­ri­te mak­sat­na­ma­nyň iş­le­nip taý­ýar­la­nan­dy­gy ba­ra­da ha­bar be­ril­di. Hu­su­san-da, bu mak­sat­na­ma­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň se­na­gat kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn çä­re­ler bar.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hä­zir­ki dö­wür­de döw­let ösü­şi­niň esa­sy ugur­la­ry­ny, hal­ka­ra hu­ku­gy­ň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­ny we öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si­ni na­za­ra al­mak bi­len mil­li par­la­men­tiň de­giş­li ka­da­laş­dy­ry­jy-hu­kuk na­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­ma­gy­nyň we ka­bul et­me­gi­niň mö­hüm­di­gi bel­le­nil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de eden çy­ky­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­ny ös­dür­mek, hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek, gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ýurt­lar bi­len iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn esas­da ýo­la go­ýul­ýan gat­na­şyk­la­ry çuň­laş­dyr­mak bo­ýun­ça bir­nä­çe baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­di. Gür­rüň, oza­ly bi­len, döw­rüň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­ni çöz­mek­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra dü­züm­le­ri bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ryň art­dy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­me­gi ba­ra­da bar­ýar.

Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ne­bit­gaz we hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň önüm­çi­lik we eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak, bu pu­dak­lar­da öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň esa­syn­da da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan hem-de dün­ýä ba­zar­la­ryn­da uly is­leg bil­di­ril­ýän önüm­le­ri ön­dür­ýän tä­ze kuw­wat­lyk­la­ry dö­ret­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­bar be­ril­di.

Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ry­ny we se­bit­le­ri ös­dür­mek bo­ýun­ça ýa­kyn gel­jek üçin bel­le­ni­len me­ýil­na­ma­la­ry ama­la aşyr­mak­da, ýur­du­myz­da köp san­ly se­na­gat we dur­muş-me­de­ni mak­sat­ly des­ga­la­ryň gu­rul­ma­gy­ny na­za­ra al­mak bi­len, gur­lu­şyk se­na­ga­ty­na mö­hüm orun be­ril­ýär.

“Oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da öz­gert­me­le­ri has-da kä­mil­leş­dir­mek ha­kyn­da” Halk Mas­la­ha­ty­nyň Ka­ra­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dyn­da çä­re­le­riň top­lu­my iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti bel­le­nil­di. Onuň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni düýp­li öz­gert­mä­ge, ola­ryň mad­dy hal-ýag­da­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­bat­la­ry diň­läp, Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de ka­bul edi­len çöz­güt­le­riň hem-de mak­sat­na­ma­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň mö­hüm­di­gi­ni ýe­ne-de bir ge­zek bel­le­di, olar ösü­şiň we dö­re­di­ji­li­giň ýo­ly bi­len bar­ýan Türk­me­nis­ta­nyň üs­tün­lik­li iler­le­me­gi­ne tä­ze iter­gi ber­ýär.

Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ýo­ka­ry ösüş dep­gin­le­ri­ni sak­la­mak, ýur­du­my­zy se­na­gat­laş­dyr­mak hem-de onuň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak, gaý­ta­dan iş­le­ýän pu­dak­la­ry ös­dür­mek, bu ul­ga­ma öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si­ni we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak — bu me­se­le­ler he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­nyl­ma­ly­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz de­giş­li ugur­lar­da he­re­ket ed­ýän dü­züm­le­riň saz­la­şyk­ly işi­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti se­bit­le­ri top­lum­la­ýyn ös­dür­me­giň, şä­her­ler­de we oba­lar­da döw­re­bap dur­muş dü­zü­mi­ni dö­ret­me­giň, ila­tyň iş we dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­ma­gyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ru­dy­gy­ny bel­läp, önüm­çi­lik we me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly tä­ze des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­ny berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra tab­şyr­dy.

Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz türk­men toý­la­ry­na mah­sus ýag­da­ýy dö­re­dip, baş döw­let baý­ram­çy­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­la­ryň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­mek ba­ra­da anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow öz egin­deş­le­ri­ni we ýur­du­my­zyň hal­ky­ny mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gyň be­ýik iş­le­ri­niň ny­şa­ny­na öw­rü­len uly baý­ram­çy­lyk bi­len ýe­ne-de bir ýo­la gut­lap, ola­ra bag­ty­ýar­lyk, aba­dan­çy­lyk hem-de ata Wa­ta­ny­my­zyň bäh­bi­di­ne äh­li baş­lan­gyç­lar­da tä­ze üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter