Türki halklaryň sungat ussatlarynyň konserti | TDH
Medeniýet

Türki halklaryň sungat ussatlarynyň konserti

опубликованно 23.06.2015 // 965 - просмотров
 

Mary, 23-nji iýun (TDH). 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň paýtagty diýlip yglan edilen Mary şäheriniň Ruhyýet köşgünde şu gün ýurdumyzyň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde türki halklaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. Daşary ýurtlardan bu aýdym-saz baýramçylygyna Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Gazagystandan, Özbegistandan we Russiýa Federasiýasynyň iki sebitinden- Başkortostandan we Tatarystandan aýdymçylar, sazandalar hem-de kompozitorlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň simfoniki orkestriniň saz çalmagynda Marynyň baş sahnasynda Azerbaýjan Respublikasynyň M.Ahundow adyndaky Akademiki opera we balet teatrynyň solisti Afag Abasowanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Abdylas Maldybaýew adyndaky Milli akademiki opera we balet teatrynyň meşhur artisti Karimberdi Turapowyň çykyşlary boldy. Konserte şeýle hem Stambulyň döwlet opera we balet teatrynyň artisti Burçin Sawigne, Gazagystanyň “Sazgen sazy” folklor-etnografiki toparynyň artisti Alina Mataýewa hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Gabdulla Tukaý adyndaky döwlet filarmoniýasynyň aýdymçysy Rigina Waliýewa gatnaşdylar.

Başkortostan Respublikasynyň halk artisti, Russiýa Federasiýasynyň at gazanan artisti Ramil Gaýzulliniň hem-de Özbegistanyň “Abbos” toparynyň çeper ýolbaşçysy Rowşanjon Ýusupowyň “kuraý” we “doýre” milli saz gurallarynda ussatlyk bilen ýerine ýetiren sazlary tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Köpsanly daşary ýurtly döredijilik toparlarynyň we wekiliýetleriniň, şol sanda türki halklaryň halkara medeniýet we sungat guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň kanagatlanma bilen belleýşi ýaly, dünýäniň ýurtlarynyň we halklarynyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm ugry bolup durýan medeni gatnaşyklaryň işjeň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, türki halklaryň hem baý medeni mirasyny bütin dünýäde wagyz etmäge ýardam edýän daşary syýasat ugrunyň üstünlikli amala aşyrylmagyny üpjün edýär. Halkymyzyň baý medeni mirasy bolsa umumadamzat medeni genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Şu baýramçylyk gününde ähli ýerde gündogar mukamlary we hoş owazly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy—sahna meýdançalarynda hem-de adamlaryň köpçülikleýin dynç alýan we seýil edýän ýerlerinde Mary welaýatynyň merkeziniň meşhur döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda konsertler guraldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter