Medeniýet hepdeligi—2015: üçünji gün | TDH
Medeniýet

Medeniýet hepdeligi—2015: üçünji gün

опубликованно 24.06.2015 // 1222 - просмотров
 

Türkmenabat, 24-nji iýun (TDH). Amyderýa kenaryndaky şäherde geçirilýän uly medeniýet baýramçylygy depginli häsiýetde dowam edýär. Döredijilik forumynyň bu günki güni örän köp dürli görnüşe eýe bolup, çäreleriň birnäçesini – “Türki halklaryň ruhy-medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahatynyň açylmagyny, Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň “Seýdi” atly sahna oýnunyň ilkinji gezek görkezilişini, halk sazandalarynyň bilelikdäki çykyşlaryny, şeýle hem Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konserti özünde jemledi. Şäher düzüminiň täze desgalarynyň açylmagy mynasybetli dabaralar medeniýet hepdeligine özboluşly ajaýyp öwüşgin çaýdy.

Hepdeligiň bu günki güni aýratyn wakadan—ýagny “Baýdak” meýdançasynyň hem-de onda ýerleşdirilen belent baýdak sütüniniň açylmagyndan başlandy. Türkmenistanyň Döwlet senasynyň owazy astynda ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminiň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, hormatly ýaşulularyň, Medeniýet hepdeligine köpsanly gatnaşyjylaryň we şäheriň ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda Watanymyzyň mukaddes ýaşyl Tugy 100 metrlik belentlige galdyryldy.

Bu ýere ýygnananlar şu dabaraly pursady joşgunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Sütüniň etegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp gül çemeni goýuldy. Soňra dabara gatnaşyjylaryň ählisi gül desselerini goýdular.

Baýdak sütüni Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýasy tarapyndan bina edildi. Ol gurlanda Garaşsyz Watanymyzyň mukaddes tugunyň islendik howa şertlerinde döwletiň kuwwatynyň, milletiň abraýynyň we mertebesiniň, agzybir we jebis halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň nyşany hökmünde şäheriň üstünde buýsanç bilen parlamagyna mümkinçilik berýän tehniki aýratynlyklar göz öňünde tutuldy. Mundan beýläk “Baýdak” meýdançasy köpsanly dabaralaryň we medeni çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüler.

Irden Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler zalynda “Türki halklaryň ruhy-medeni gymmatlyklary” atly ylmy maslahatyň açylyşy boldy. Lebap welaýatynda bolsa şu günler lebaplylarda we köpsanly myhmanlarda uly üstünlikden peýdalanýan Halkara sungat sergisi öz işini dowam edýär.

Ylmy maslahata ABŞ-dan, Russiýa Federasiýasyndan, Koreýa Respublikasyndan, Türkiýeden, Finlýandiýadan, Özbegistyndan we beýleki daşary ýurtlardan, şeýle hem BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri (UNESKO) boýunça ýöriteleşdirilen edarasyndan taryhçylar we medeniýeti öwrenijiler, medeniýet ulgamynyň işgärleri, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri gatnaşdylar. Forumda ýurdumyza Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň gumanitar ugurlar boýunça institutlarynyň, ýurdumyzyň medeniýet merkezleriniň, döredijilik toparlarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem muzeý we kitaphana işiniň hünärmenleri, şahyrlar we ýazyjylar, ýokary okuw mekdepleriniň we döredijilik ugurly ýörite orta mekdepleriiň mugallymlary, žurnalistler, talyp ýaşlar wekilçilik etdiler.

Maslahatyň barşynda türki halklaryň ruhy mirasyny öwrenmek we gorap saklamak, onuň dünýäde giňden wagyz edilmegi babatda gyzyklanma bildirilip, özara pikir alşyldy. Çykyş edenler medeniýetleriň özara täsirleri, halk däplerini öwrenmek, halk döredijiligi baradaky möhüm meseleleriň üstünde durup geçdiler, maddy däl medeni mirasyň goralmagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şunuň bilen bagylykda, UNESKO-nyň Eýrandaky sebitleýin bölüminiň baştutany UNESKO-nyň çäklerinde, hususan-da, türki dilli ýurtlaryň maddy däl medeni gymmatlyklarynyň desgalaryny UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň Sanawyna girzmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde mundan beýläk-de özara gatnaşyklaryň netijeliligini nygtady.

Maslahata gatnaşyjylar häzirkizaman sungatynyň ençeme görnüşleriniň gözbaşy bolup durýan hem-de ösüp gelýän nesli ahlak-estetiki we watançylyk taýdan terbiýelemekde, halklaryň arasynda ynam we özara hormat goýmak gatnaşyklaryny berkitmekde wajyp orun tutýan halk döredijiligini we senetçiligni gorap saklamaga we has-da ösdürmäge degişli öz tekliplerini beýan etdiler. Çykyş edenler özleriniň taryhy we medenýeti öwrenişdäki ylmy barlaglarynyň anyk netijeleri barada gürrüň berdiler. Şol ylmy barlaglar türki halklaryň ruhy mirasynyň edebiýat we beýleki nusgalaryny öwrenmäge bagyşlanyp, türki dilli ýurtlaryň sungatlarynyň dürli ugurlarynyň kemala gelmegindäki we ösmegindäki aýratynlyklaryna aýdyň düşünje berýär.

Garaşsyz bitarap türkmen döwleti tarapyndan durmuşa geçirilýän ösüşlere beslenen halkara syýasatynyň, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň hemmetaraplaýyn goldanylmagynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe onuň ägirt uly kuwwatyny durmuşa geçirmek üçin täze giň mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy.

Bu ýere ýgynananlar ýurdumyzyň medeniýetini gülledip ösdürmek, onuň gözbaşlaryny ylmy taýdan öwrenmek hem-de halkara medeni gatnaşyklary giňeltmek üçin hemme şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler.

Nesilleriň hem-de milli medeni däpleriň dowamat-dowamdygy baradaky mowzuk Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň topary tarapyndan tomaşaçylara hödürlenen täze “Seýdi” sahna oýnunda öz beýanyny tapdy.

Täze sahna eseri ençeme çeşmeleri özünde birleşdirýär. Ilkinji nobatda ol rowaýatlaryň äheňi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri boýunça döredildi. Onuň beýan edilişinde taryh we häzirki döwürde sazlaşykly utgaşýar. Munuň özi türkmenlerň nesilleriniň mähriban Watanymyza wepalylygy we söýgüsi, abraýy we borjy, ynsanyň ahlak päkligi we mertebesi barada beýan edýän sahna oýnunyň halkalaýyn kompozisiýasy bilen nygtalýar.

Oýun ýaş esgerler – biziň döwürdeşlerimiz tarapyndan kasamyň kabul edilmegi bilen başlanýar. Şu dabaraly pursatda olar türkmenleriň iň oňat söweş däplerine däplerine özleriniň degişlidiklerini aýratyn çuňňur duýýarlar. Şahyr Seýitnazar Seýdi şol türkmen serkerdeleriniň biri bolupdy. Oýnuň sahnalaşdyrylyşy boýunça täze esgerlige alnanlaryň biri Watanyň ykbaly barada edýän pikirlerinde ajaýyp türkmen şahyry we serkerdesiniň ýaşan we döreden eýýamyna barýar. Şu usulyň eseri sahnalaşdyryjylara ençeme çeper keşpleri birleşdirmäge mümkinçilik berýändigi bellärliklidir. Ýaş esger üçin taryh aksakgallaryň oňa beren gürrüňlerinden alan maglumatlaryndan, maşgalada nesilden-nesle geçirilip berilýän gürrüňlerden, şeýle hem okuw kitaplaryndan we ýurdumyzyň meşhur kinofilmlerinden döredilýär. Şeýlelik bilen, oýunda Şükür bagşy baradaky gürrüňlerden düzülen döredijilik bäsleşikleri bolan, şeýle hem ýaşulular maslahaty ýaly sahnalar peýda bolýar. Ýaşulular maslahaty uly ýaşly nesilleriň wekilleriniň pikirlerine çuňňur hormat goýmaga, olaryň halk içindäki uly abraýyna esaslanan hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň jemgyýetçilik-döwlet gurluşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen asyrlaryň çuňluklaryndan gaýdýan demokratik däplerdir.

Täze sahny eseri şygryýet bilen hem gurşalandyr. Seýdiniň ajaýyp pikir-arzuwlaryny – Watana söýgini, şahyryň öz halkyna ynamyny we wepadarlygyny wasp edip, täze oýun häzirkizaman tomaşaçysyna niýetlenen belent ahlak pikiri özünde jemleýär. Seýdi bilen birlikde nusgawy şahyrymyz Magtumguly Pyragy oýnuň deňsiz-taýsyz gahrymanyna öwrülýär. Onuň goşgy setirleri teatr hereketleriniň ençeme sahnalarynda türkmen nesillerine parahatçylykda, ylalaşykda we agzybirlikde ýaşamaga, öz Watanyňy söýmäge şahyrana görnüşde çagyryş bolup ýaňlanýar.

Milli öwüşginler bilen baýlaşdyrylan gyzykly hem-de özüne çekiji sahnalar tomaşaçylara türkmen adatlarynyň we däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny, iň esasy hem sahna oýnynda öňe sürülýän pikiri, asyrlardan gelýän milli däp-dessurlaryň, hyjuwyň hem-de güýç-gaýratyň baky çeşmesi bolan ruhy gymmatlyklary saklamagyň we baýlaşdyrmagyň zerurlygyny duýmaga mümkinçilik berýär.

Taryhy çeper şöhlelendirmek bilen birlikde, sahna oýnunda medeniýetiň we sungatyň iň oňat däpleriniň dowam etdirilýänligi nygtalýar. Olar sahnada gyzlaryň haly dokamaklarynda, şeýle hem ahalteke bedewlerine, halk döredijiligine bagyşlanan sahnalarda janlandyrylýar. Sahna oýnunyň içinden kalplary heýjana getirýän halk sazlary we aýdymlary, şeýle hem meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň ajaýyp sazlary eriş-argaç bolup geçýär. Täze sahna oýnuny milli öwüşgin we çeperçilik taýdan bezegi hem tapawutlandyrýar.

Türkmen durmuşynyň özboluşlylygy bilen baýlaşdyrylan, halk döredijiliginiň gaýtalanmajak öwüşginini özünde jemleýän “Seýdi” sazly sahna oýny-- ajaýyp ahalteke bedewleriniň tohumyny hem-de gözellikde we inçelikde deňsiz-taýsyz türkmen halylaryny, özboluşly saz we şygryýet ýoluny döreden türkmeniň ussatlygynyň, ukybynyň we joşgunynyň özboluşly senasydyr.

Sahna oýnunyň jemleýji bölümi dürli eýýamlary ýakynlaşdyrmak bilen, ata-babalarymyzyň iň oňat däp-dessurlaryny gözüniň görüji ýaly goraýan hem-de ösdürýän häzirki türkmen jemgyýetiniň ruhy gymmatlyklaryny ykrar edýär. Teatryň gözel binasynda Watana, halka, täze taryhy eýýamda uly sepgitlere ýetiren mähriban Arkadagymyz hormatly Prezidentimize wepalylygyň mukaddes kasamy dabaraly hem-de joşgunly ýaňlanýar.

Döredijilik toparyna teatr oýnunda çeper sözüň we sazyň çuňňurlygyny, keşpleriň milli aýratynlygyny, milli öwüşgin bilen tomaşaça ýetirmek başardypdyr. Ýaş režissýoryň goýan täze sahna oýnunda teatr sungatynyň ussat halypalary bilen bir hatarda, döredijilik ýolunda özleriniň ilkinji ädimlerini ädýän ýaş artistler hem işläpdirler. Mundan 30 ýyl ozal Lebap welaýatynda teatr işini “Seýdi” atly sahna oýnunyň açanlygy hem bellärliklidir.

Şu gün bu medeniýet ojagynda taýýarlanan sahna oýunlarynyň sanawynda “Baýram han”, “Zöhre-Tahyr”, “Mukaddes ojak”, “Gyrat” ýaly tomaşaçylaryň arasynda uly üstünlige eýe bolan, goýluş usuly we ugurlary boýunça dürli-dürli sahna eserleri bar. “Seýdi” sahna oýnunyň ilkinji görkezilişiniň üstünlikli geçendigine tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalary hem-de ter gül desseleri şaýatlyk edýär.

Agşam, Lebap welaýatynyň kitaphanasynyň binasynyň öňündäki meýdançada lebaply sazandalaryň – dilli we gargy tüýdükçileriň, bagşy-sazandalaryň birleşen toparlarynyň “Şirin nagmalar” atly konserti boldy. Ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna ygrarlylyk we ony gorap saklamak, halk döredijiligini oňat bilmek, milli saz gurallaryna ussatlyk bilen erk etmek –ine, şular, köpsanly tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp bolan bu özüne çekiji we gyzykly dabarany ýerine ýetirijileriň üstünliginiň sebäbi bolup durýar.

Döredijilik forumynyň üçünji güni Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki uly konserti bilen jemlendi. Açyk sahna meýdançasynda häzirki zaman we halk aýdymdyr sazlary ýaňlanyp, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi. Türkmen sungatynyň köptaraplaýyn gözelligini şöhlelendirýän her bir çykyşy tomaşaçylar el çarpyşyp, hoşallyk bildirmek arkaly garşyladylar. Konsert Ruhyýet köşgüniň öňündäki dabaralar meýdançasynda geçirildi. Ýene sanlyja günlerden bolsa medeniýet hepdeliginiň çäreleri, şu gün Türkmenabatda dabaraly ýagdaýda açylan “Bitaraplyk” seýilgähinde geçiriler.

Täze seýilgäh zolagynda şäherlileriň hem-de şäheriň myhmanlarynyň, aýratyn hem çagalaryň dynç almagy we boş wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilipdir. Dinozawrlaryň bagy we ýurdumyzyň iň meşhur taryhy-binagärlik ýadygärlikleriniň nusgalary ýerleşdirilen meýdança seýilgähiň gözellikleriniň biridir.

Seýilgähde dürli oýunlar meýdançasy hem-de häzirki zaman attraksionlary, şol sanda 204 adama niýetlenen 40 metrlik açyk hem ykjam oturgyçly hiňňillik gurnalypdyr. Hiňňilligiň üstünden medeni forumyň myhmanlaryny uly özgerişlikler bilen garşylan şäheriň ajaýyp görnüşi ähli gözellikleri bilen görünýär. Giçden soň, agşamlaryna seýilgäh dürli yşyklardan özboluşly ýapynja geýnende bu ýeri has hem owadan görnüşe girýär. Häzirki zaman restorany, kafe we söwda nokatlary dynç alýanlara hyzmat edýär.

Seýilgäh meýdanynyň iki gektaryny eýeleýän emeli mawy köl şäher zolagynyň ajaýyp dürdänesidir. Emeli kölüň suwunda katamaran arkaly seýil etmek mümkin.

Kölüň üstünde tehniki taýdan doly üpjünleşdirilen, häzirki zaman sahna meýdançasy gurnalypdyr. Ol ýerde medeniýet hepdeligine gatnaşyjylaryň, türkmenistanly hem-de daşary ýurtly artistleriň gatnaşmagynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlanan uly baýramçylyk konserti geçiriler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter