Türkmen halkynyň tapawutlanan zenanlary «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglandy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmen halkynyň tapawutlanan zenanlary «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglandy

опубликованно 26.09.2018 // 648 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda buýsandyryjy netijeler gazanylýar. Eziz Diýarymyzyň her bir güni zähmet ýeňişlerine beslenip, Garaşsyz Watanymyzy ýokary depginler bilen ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Geçirilýän bu beýik işlere zenanlarymyz hem işjeň gatnaşýarlar. Olar ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekmek bilen, berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylaýarlar. Agzybir jemgyýetimizde jebisligi has-da berkitmäge saldamly goşant goşýarlar.

Jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy ogul-gyzlaryna mynasyp edep-terbiýe bermek bilen utgaşdyrýan mähriban zenanlarymyzyň sagdyn durmuş kadalaryny durmuşa ornaşdyrmakda, maşgala ojagynyň mukaddesligini gorap saklamakda bitirýän işleri hem sylag-hormata doly mynasypdyr.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmäge, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini we ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga, Türkmenistanyň halkynyň ruhy başlangyçlaryny we däpleriniň yzygiderliligini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, aýratyn önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerini, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäherindäki 104-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Aramgül Annageldiýewany,

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bäherden şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Annasona Ballyýewany,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Dygdan Hojaýewany,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Türkmenistan geňeşliginiň Almaatyşan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Sülgün Ýazmedowany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndaky 4-nji orta mekdebiniň müdiri Tamara Nurmamedowna Esenowany,

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň H.Jumaýew adyndaky geňeşliginiň H.Jumaýew adyndaky obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Bibinabat Soltanowany.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter