Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Rö­ne­sans Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­ny ka­bul et­di | TDH
Syýasat habarlary

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Rö­ne­sans Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­ny ka­bul et­di

опубликованно 26.09.2018 // 860 - просмотров
 

Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rö­ne­sans Hol­ding” türk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Er­man Yly­ja­gy ka­bul et­di.

Myh­man wagt ta­pyp ka­bul edi­len­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy Ga­raş­syz­ly­gyň 27 ýyl­lyk şan­ly se­ne­si bi­len gut­la­dy hem-de türk­men hal­ky­na bagt we aba­dan­çy­lyk, mun­dan beý­läk-de ok­gun­ly ösüş ar­zuw et­di. Işe­wü­riň bel­leý­şi ýa­ly, onuň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän kom­pa­ni­ýa­sy dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş­de ägirt uly üs­tün­lik­le­re eýe bo­lan ýur­du­myz bi­len köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýän­di­gi­ne buý­san­ýar.

Hoş­ni­ýet­li söz­le­ri üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy we dür­li pu­dak­lar­da ýö­ri­te­leş­di­ri­len we şol san­da dün­ýä ba­zar­la­ryn­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýan önüm ön­dür­ýän iri se­na­gat des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­ny alyp bar­ýan da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len öza­ra peý­da­ly işe­wür gat­na­şyk­lar üçin açyk­dy­gy­ny bel­le­di. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy we onuň kö­pu­gur­ly esas­da ös­dü­ril­me­gi uzak möh­let­le­ýin esas­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar we oňa dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­si­niň we tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär.

Türk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Ahal we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de te­bi­gy gaz­dan eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ben­zin ön­dür­jek kär­ha­na­nyň gur­lu­şy­gy­nyň bar­şy ha­kyn­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, des­ga­nyň gur­lu­şy­gy bel­le­nen ter­tip­na­ma la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýar we ol kes­git­le­nen möh­let­de ulan­ma­ga ber­ler.

Ga­zy gaý­ta­dan iş­le­ýän top­lu­myň gur­lu­şy­gy­nyň wa­jyp­dy­gy ba­ra­da aý­dyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bu giň möç­ber­li tas­la­ma­nyň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­nyň kuw­wat­lyk­la­ry­ny art­dyr­mak­da mö­hüm ädi­me öw­rül­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da işe­wür kom­pa­ni­ýa bil­dir­ýän yna­my üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ho­şal­lyk bil­di­rip, “Rö­ne­sans Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň öz üs­tü­ne alan hyz­mat­daş­lyk borç­na­ma­la­ry­ny ab­raý bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter