Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li baý­ram­çy­lyk kon­ser | TDH
Medeniýet

Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li baý­ram­çy­lyk kon­ser

опубликованно 26.09.2018 // 985 - просмотров
 

Şu gün paý­tag­ty­myz­da­ky Mej­lis­ler mer­ke­zin­de ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp, sun­gat us­sat­la­ry­nyň döw­let kon­ser­ti bol­dy.

Bu baý­ram özyg­ty­ýar­ly türk­men döw­le­ti­niň dö­rän­di­gi­ni, pe­der­le­ri­mi­ziň er­kin­lik, ga­raş­syz Wa­tan, mäh­ri­ban top­ra­gy­my­zyň gül­läp ös­me­gi we mil­li bi­te­wü­lik ha­kyn­da eden kö­pa­syr­lyk ar­zu­wy­nyň ama­la aşan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan dö­wür­le­riň we ne­sil­le­riň aý­ryl­maz ara­bag­la­ny­şy­gy bo­lup dur­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy bi­ziň eder­men hal­ky­myz üçin bol­şy ýa­ly, tu­tuş dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi üçin äh­mi­ýet­li ta­ry­hy wa­ka bo­lup dur­ýar. Ga­raş­syz­lyk kö­pa­syr­lyk mil­li ru­hy gym­mat­lyk­la­ryň, şeý­le hem asyl­ly yn­san­per­wer­lik des­sur­la­ry­nyň di­kel­dil­me­gi üçin oňyn şert­le­ri dö­ret­di.

Mej­lis­ler mer­ke­zin­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan we ýo­ka­ry ru­hu­be­lent­li­ge bes­le­nen da­ba­ra­lar türk­me­nis­tan­ly­la­ryň özyg­ty­ýar­ly Wa­ta­ny­na bo­lan buý­sanç duý­gu­la­ry­ny we hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­ny be­len­de gö­ter­di. Düýn paý­tag­ty­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si ge­çi­ril­di. Ol ýur­du­my­zyň ösü­şiň be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap ok­gun­ly he­re­ke­ti üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýan äh­mi­ýet­li çöz­güt­le­re bes­len­di.

Ýa­kyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ýur­du­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gyň we äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň be­lent mak­sat­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne goş­ýan go­şan­dy­ny ala­mat­lan­dy­ran, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy esa­syn­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça ge­çi­ri­len “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si jem­len­di. Döw­le­ti­mi­ziň sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy halk­la­ryň ýa­kyn­laş­ma­gy­na gö­nük­di­ri­lip, be­lent yn­san­per­wer­lik gym­mat­lyk­la­ry­nyň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­ny äş­gär et­di. Şeý­le hem ol gün Ha­za­ryň ke­na­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň “Türk­me­niň Al­tyn asy­ry” dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak we has ta­pa­wut­la­nan iş­gär­le­re hor­mat­ly at­la­ry dak­mak çä­re­si bol­dy.

Ola­ryň kö­pü­si mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­myz my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len şu gün­ki kon­ser­te gat­naş­ýar­lar. Bu ýer­de ýur­du­my­zyň bel­li tans, aý­dym-saz we folk­lor to­par­la­ry, meş­hur halk we est­ra­da aý­dym­çy­la­ry çy­kyş et­di­ler. Şeý­le hem teatr ar­tist­le­ri­niň sah­na eser­le­rin­den par­ça­lar gör­ke­zil­di.

Baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li Mej­lis­ler mer­ke­zin­de hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, da­şa­ry ýurt­la­ryň Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň baş­tu­tan­la­ry ýyg­nan­dy­lar. Kon­ser­te gat­na­şan­la­ryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry döw­let­ler­dä­ki il­çi­le­ri, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň, dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň iş­gär­le­ri, ta­lyp ýaş­lar, ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­den ge­len Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry bar. Şeý­le hem kon­ser­te Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­niň ХХI mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­lar, baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­na gat­naş­mak üçin Aş­ga­ba­da ge­len köp san­ly da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar gat­naş­dy­lar. Bu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ýo­ka­ry döw­let sy­lag­la­ry­na my­na­syp bo­lan­lar hem bar.

“Ga­raş­syz­lyk baş baý­ra­my Ar­ka­dag­ly Wa­ta­nyň!” at­ly ede­bi-saz­ly kom­po­zi­si­ýa kon­ser­tiň ba­şy­ny baş­la­dy. On­da öz­le­ri­niň be­lent ru­ha bes­le­nen çy­kyş­la­ry bi­len hä­zir­ki za­ma­ny wasp ed­ýän sun­gat us­sat­la­ry­nyň to­par­la­ry çy­kyş et­di­ler. Mu­nuň özi Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň ýe­ten de­re­je­si­ni, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň — Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­ri be­ýan ed­ýän wi­deo­şe­kil­ler bi­len ut­gaş­dy.

Kon­sert mak­sat­na­ma­sy mil­li sun­ga­tyň baý müm­kin­çi­lik­le­ri­ni we ýag­şy des­sur­la­ryň ne­sil­den-nes­le geç­ýän­di­gi­ni be­ýan ed­ýän çy­kyş­lar öz­bo­luş­ly­ly­gy taý­dan bi­ri-bi­rin­den ta­pa­wut­lan­dy. Çy­kyş­la­ryň maz­mu­ny we ola­ryň esa­sy ýö­rel­ge­si şu ýy­lyň “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly şy­ga­ry bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly bol­dy. Ga­dy­my ker­wen ýol­la­ry­ny döw­re­bap gör­nüş­de tä­ze­den di­kel­dip, Türk­me­nis­tan me­de­ni yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, me­de­ni­ýet bi­ziň ta­ry­hy­myz bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly bo­lup, ol ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri adam­la­ry bi­rek-bi­re­ge ýa­kyn­laş­dyr­ýar.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýur­du­myz­da we da­şa­ry döw­let­ler­de uly meş­hur­lyk ga­za­nan ese­ri — “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly ikin­ji ki­ta­by­nyň çap­dan çyk­ma­gy türk­me­nis­tan­ly­lar üçin Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li aja­ýyp sow­ga­da öw­rül­di. Tä­ze eser­de türk­men hal­ky­nyň dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň ösü­şin­de go­şan ägirt uly go­şan­dy ha­kyn­da mag­lu­mat­la­ra aý­ra­tyn orun be­ril­ýär.

Mej­lis­ler mer­ke­zi­niň sah­na­syn­da “Dok­ma­çy­lar” folk­lor to­pa­ry­nyň çy­kyş­la­ry ýaý­baň­lan­dy­ry­lyp, ol ýur­du­my­zyň myh­man­la­ry­ny aja­ýyp baý­ram­çy­ly­gyň şat­ly­gy­ny paý­laş­ma­ga gö­nük­di­ri­len ça­gy­ryş bo­lup ýaň­lan­dy.

“Ze­hin owa­zyn­da ýaň­lan, Di­ýa­rym!” at­ly çy­kyş mil­li öwüş­gin­le­re bes­le­nip, ça­ga­la­ryň dö­re­di­ji­lik ze­hi­ni­niň öz­bo­luş­ly da­ba­ra­sy­na öw­rül­di. On­da “Ga­raş­syz­ly­gyň mer­jen dä­ne­le­ri” we “Ýaň­lan, Di­ýa­rym!» ýa­ly ýur­du­myz­da uly üs­tün­lik bi­len ge­çi­ril­ýän dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri­niň ýe­ňi­ji­le­ri­niň çy­kyş­la­ry ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Şeý­le hem bu çy­kyş­la­ra “Ru­hu­be­lent ça­ga­lar” we “Joş­gun” ça­ga­lar tans to­par­la­ry go­şul­dy­lar. Onuň do­wa­myn­da ýur­du­myz­da ça­ga­la­ryň saz­la­şyk­ly ösü­şi ha­kyn­da­ky ala­da­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rü­len­di­gi äş­gär du­ýul­ýar.

Soň­ra sah­na­da nus­ga­wy saz eser­le­ri, halk des­san­la­ry bi­len hä­zir­ki za­ma­nyň öz­bo­luş­ly çy­kyş­la­ry ut­gaş­ýar. Ol hä­zir­ki eý­ýa­myň sport ru­hu­ny özün­de jem­le­ýär. Kon­ser­te to­ma­şa ed­ýän­ler dep­rek­çi­le­riň us­sat­lyk­la­ry­na, joş­gun­ly est­ra­da aý­dym­la­ry­na uzak wagt­lap el çarp­dy­lar.

Ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ry­nyň folk­lor to­par­la­ry­nyň “Bäş we­la­ýat — bäş do­gan bir sup­ra­nyň ba­şyn­da” at­ly çy­kyş­la­ry türk­men hal­ky­nyň dö­re­di­ji­lik däp­le­ri­niň köpöwüş­gin­li­li­gi­ni we mil­le­tiň ze­hi­ni­niň çuň­ňur­ly­gy­ny be­ýan et­di.

Ýur­du­my­zyň esa­sy sah­na­la­ry­nyň bi­rin­de ge­çi­ri­len döw­let kon­ser­tin­de çy­kyş eden­ler ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny gaý­gyr­man, öz ýo­ka­ry us­sat­lyk­la­ry­ny gör­kez­di­ler. Olar öz­le­ri­niň ze­hi­ni, ba­şar­ny­gy bi­len to­ma­şa­çy­lar­da ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­ler gal­dyr­dy­lar. Sah­na­da hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gik se­riş­de­le­riniň ula­nyl­ma­gy ar­ka­ly ýaý­baň­lan­dy­ry­lan çy­kyş­lar bu ýer­de gu­ra­lan baý­ram­çy­lyk çä­re­si­ne öz­bo­luş­ly öwüş­gin çaý­dy.

Mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­za we Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň be­lent iş­le­ri­niň baş­lan­gy­jy­ny öňe sü­ren mil­li Li­de­ri­mi­ze ba­gyş­la­nan “Ar­ka­da­ga şöh­rat bol­sun, şan bol­sun!” at­ly baý­ram­çy­lyk çy­kyş­la­ry kon­ser­te to­ma­şa ed­ýän­le­riň ru­hu­ny has-da be­len­de gö­ter­di.

Bu wa­tansö­ýü­ji­lik aý­dy­myny to­ma­şa­çy­lar ör tu­rup, şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­dy­lar. Olar Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­za bo­lan buý­sanç duý­gu­la­ry bi­len “Ar­ka­da­ga şöh­rat!” di­ýip, joş­gun­ly aý­dy­myň äh­mi­ýe­ti­ni be­len­de gö­ter­di­ler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter