Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türkmenistanyň halkyna | TDH
Syýasat habarlary

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türkmenistanyň halkyna

опубликованно 27.09.2018 // 1270 - просмотров
 

Mäh­ri­ban hal­kym!
Eziz wa­tan­daş­lar!

Si­zi Türk­me­nis­ta­nyň mil­li baý­ra­my — tä­ze se­ne­na­ma­my­za la­ýyk­lyk­da «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» diý­lip yg­lan edi­len 2018-nji ýy­lyň 27-nji sent­ýab­ryn­da il­kin­ji ge­zek giň­den bel­len­ýän Ga­raş­syz­lyk gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn! Ga­raş­syz­lyk ber­ka­rar­ly­gy­my­zyň, ag­zy­bir­li­gi­mi­ziň we je­bis­li­gi­mi­ziň berk bin­ýa­dy­dyr.

Ata Wa­ta­ny­my­zyň iň tä­ze ta­ry­hy, hä­zir­ki ösüş­le­ri­mi­ziň hem-de üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň äh­li­si be­ýik Ga­raş­syz­ly­gy­myz­dan baş­lan­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, biz bu baý­ra­my Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň dö­re­di­ji­lik­li ru­hu­ny be­ýan ed­ýän hem-de ýo­ka­ry ösüş­le­re, uly üs­tün­lik­le­re we be­lent mak­sat­la­ra gal­kyn­dyr­ýan mil­li baý­ram hök­mün­de buý­sanç bi­len bel­le­ýä­ris.

Eziz hal­kym!

Bi­ziň saý­lap alan ýo­lu­myz gur­ma­gyň we dö­ret­me­giň ýo­lu­dyr. Biz bu ýol bi­len Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­zi be­lent mak­sat­la­ra ta­rap be­dew ba­dy bi­len ynam­ly öňe alyp bar­ýa­rys. Ýur­du­my­zy has-da ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­la­ry­my­zy, dur­muş-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-bi­lim, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy öz­gert­me­le­ri­mi­zi üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ýa­rys. Pre­zi­dent Mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, gö­zel Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de se­na­gat-önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­ny, me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ry, döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny, oba­la­ry­dyr şä­her­çe­le­ri gur­ýa­rys. Ama­la aşyr­ýan düýp­li öz­gert­me­le­ri­miz ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň esas­la­ry­ny ber­kid­ýär. Yzy­gi­der­li, köp­ta­rap­la­ýyn we dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şi üp­jün ed­ýär, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy­ny düýp­li go­wu­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär.

Biz üçün­ji müň­ýyl­lyk­da tä­ze aw­to­mo­bil we de­mir ýol­la­ry­ny, de­ňiz port­la­ry­ny, hal­ka­ra gaz ge­çi­ri­ji­le­ri­ni gur­mak, me­de­ni­ýet, ylym-bi­lim, sport ar­ka­ly halk­la­ry bir­leş­dir­mek bi­len, Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­ny hem di­keld­ýä­ris. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şu ýyl Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra de­ňiz por­ty, Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li ýa­ly iri tas­la­ma­la­ry üs­tün­lik­li ama­la aşyr­dyk. Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň ow­gan bö­le­gi­niň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga ber­dik. Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan ug­ry bo­ýun­ça elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň, op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­nyň düý­bü­ni tut­duk, Ser­he­ta­bat — Tur­gun­dy de­mir ýo­lu­ny ulan­ma­ga ber­dik. Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li we yl­gaw ýa­ryş­la­ry­ny hem-de «Amul — Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ni üs­tün­lik­li ge­çir­dik.

Bu­lar­dan baş­ga-da, Ma­ry Döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň çä­gin­de ut­ga­şyk­ly do­la­ny­şyk­da iş­le­ýän il­kin­ji bug-gaz elekt­rik stan­si­ýa­sy­ny, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ga­ra­bo­gaz şä­he­rin­de ýyl­da 1 mil­lion 155 müň ton­na kar­ba­mid ön­dür­ýän tä­ze uly gaz­hi­mi­ýa top­lu­my­ny we beý­le­ki on­lar­ça iri des­ga­la­ry işe gi­riz­dik.

Mäh­ri­ban wa­tan­daş­lar!

Ga­raş­syz döw­le­ti­miz 23 ýy­la go­laý wagt bä­ri hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na berk eýe­rip gel­ýär. Dün­ýä­niň döw­let­le­ri we halk­la­ry bi­len dost-do­gan­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny alyp bar­ýar. Bu ýö­rel­ge­ler mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň mil­li bäh­bit­le­ri­ne, ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sy ösüş ugur­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­ýär. Bi­ziň Ga­raş­syz döw­le­ti­miz bu ug­ra yg­rar­ly bol­mak bi­len, dün­ýä ýurt­la­ry, hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry bi­len pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yla­la­şy­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy üçin ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­ýär, öza­ra dü­şü­niş­mä­ge hem-de yna­nyş­ma­ga esas­lan­ýan gat­na­şyk­la­ry yzy­gi­der­li ös­dür­ýär.

Şo­ňa gö­rä-de, mö­hüm wa­ka­la­ra baý bo­lan di­ňe 2018-nji ýy­lyň özün­de Bi­ta­rap döw­le­ti­miz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy ko­mis­si­ýa­sy­nyň içer­ki ulag bo­ýun­ça Ko­mi­te­ti­niň býu­ro­sy­nyň, şeý­le hem Yk­dy­sa­dy we Dur­muş Ge­ňe­şi­niň 2019 — 2021-nji ýyl­lar üçin ag­za­ly­gy­na saý­lan­dy. Bi­ziň baş­lan­gy­jy­myz bi­len Ow­ga­nys­tan­da hal­ka­ra ta­gal­la­la­ry gol­da­mak hem-de «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň we Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk» at­ly Re­zol­ýu­si­ýa­lar ka­bul edil­di. Her ýy­lyň 3-nji iýu­ny Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni diý­lip yg­lan edil­di. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len gi­ren bu şan­ly wa­ka­lar Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­na aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Mäh­ri­ban hal­kym!
Eziz wa­tan­daş­lar!

Si­zi ýo­ka­ry ru­hu­be­lent­lik bi­len giň­den hem-de da­ba­ra­ly bel­le­nil­ýän şan­ly se­ne — ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn!

Goý, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gyň röw­şen ýo­ly bi­len ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap ynam­ly bar­ýan eziz Di­ýa­ry­myz mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­sün!

Goý, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň we ag­zy­bir hal­ky­my­zyň at-ab­ra­ýy we şan-şöh­ra­ty dün­ýä dol­sun!

Si­ze berk jan sag­lyk, uzak ömür, bag­ty­ýar we aba­dan dur­muş, mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­niň ha­ty­ra­sy­na alyp bar­ýan iş­le­ri­ňiz­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­rin!

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter