Medeniýet hepdeligi—2015: bäşinji gün | TDH
Medeniýet

Medeniýet hepdeligi—2015: bäşinji gün

опубликованно 26.06.2015 // 1001 - просмотров
 

Türkmenabat, 26-njy iýun (TDH). Şu gün Lebap welaýatynyň merkezinde, bu ýerde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde “Aýna” operasynyň ilkinji görkezilişi boldy.

Däp bolşy ýaly, täze operanyň ilkinji görkezilişi Türkmenistanda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanyldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň güni 2008-nji ýylyň 27-nji iýunynda—milli sungatymyzyň taryhyna türkmen operasynyň gaýtadan dikeldilen senesi hökmünde giren gününde döredildi.

Birnäçe ýylyň dowamynda “Şasenem we Garyp”, “Leýli we Mejnun”, “Zöhre we Tahyr” operalary gaýtadan dikeldildi. Türkmen milli sazly drama teatrynyň opera repertuarynda “Arşin mal alan”, “Magtymguly” we “Görogly” sahna oýunlary peýda boldy. Operalaryň ilkinji görkezilişiniň ýurdumyzyň dürli sebitlerinde her ýyl geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasynyň aýrylmaz bölegine öwrulendigini bellemek möhümdir. Artistler eýýäm Türkmenbaşy we Daşoguz şäherlerinde çykyş etdiler. Şu gün olar 2015-nj ýylyň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar hökmünde Lebabyň Ruhyýet köşgünde çykyş edýärler. Gaýtadan dikeldilen “Aýna” operasynyň ilkinji görkezilişine köpsanly tomaşaçylar geldiler, olaryň hatarynda Medeniýet hepdeligine gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar hem bar.

Mälim bolşy ýaly, bu operanyň sazyny zehinli kompozitorlar Daňatar Öwezow we Adrian Şapoşnikow bilelikde döretdiler, librettosynyň awtory bolsa Guseýn Muhtarowdyr. Bu operanyň ilkinji görkezilişi 1957-nji ýylda bolupdy. Bu sahna oýny türkmen halyçy gyzlarynyň durmuşy we zähmeti barada gürrüň berýän ilkinji operadyr. “Aýna” operasynyň täze görnüşiniň awtorlary meşhur sahna oýnunyň sazyny we sýužetini esas hökmünde ulanyp, onuň üstünde täzeden döredijilikli işlediler we häzirkizaman tomaşaçysyna ýakyn bolmagyny üpjün etdiler.

Opera oýny şadyýan sahna bilen açylýar—ýaş halyçy Aýna ajaýyp halynyň üstünde işlemegi tamamlady. Ol bu halyny toýa gabatlap dokady. Aýnanyň şatlygyny onuň söýgülisi Derýa atly ýigit we obadaşlary paýlaşýar. Bu aýdyň we durmuş hakykatyny açyp görkezýän uwertýura türkmen halkynyň watançylygyny, zehinini we döredijilik joşgunyny wasp edýän bu operanyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Türkmen halysy sahna oýnunda özboluşly şekil—naşyn hökmünde çykyş edýär, ony operanyň ähli sahnalarynda we owadan sahna bezeglerinde görmek bolýar. Şu keşpde ençeme asyrlaryň dowamynda täsin halyçylyk sungatyny döreden we ösdürýän türkmenleriň medeni däpleriniň dowamatlylygy baradaky pikiri jemlenendir. Bu mowzuk däp bolan söýgi sýužetlerinde hem öz beýanyny tapýar. Operanyň awtorlary halynyň türkmenleriň kalbydygy, çeper elli halyçy gyzlaryň döreden haly nagyşlarynyň bolsa olaryň başdan geçirýän duýgularydygy baradaky pikiri inçelik bilen açyp görkezýärler. Uly we ýagty söýgi duýgusyny başdan geçirýän hem-de toýa taýýarlyk görýän sahna oýnynyň baş gahrymany Aýnanyň halylary hem hut şu duýgulara beslenendir. Onuň döredijilik bäsleşigine türkmen topragynyň üstünde uçup barýan ahalteke bedewi şekillendirilen halyny dokmagy ýüregine düwendigi tötänden däldir. Şeýlelikde, sahna oýnunda türkmen halky üçin uly ähmiýete eýe bolan halynyň we ganatly bedewleriň keşpleri sazlaşykly birleşdirilipdir. Olar hakyky milli baýlygymyz bolup durýar.

Operanyň daşky sýužeti ýönekeýdir we düşnüklidir—aşyk-magşuklar aýralygyň synaglaryndan üstünlikli geçýärler, görip Permanyň salan hilesine garamazdan, ähli zatdan üstün çykýan söýginiň güýji netijesinde dörän ýagdaýdan mertebe bilen baş alyp çykmagy başarýarlar.

Täze operanyň sazly dramaturgiýasynda uly sahnalaryň mümkinçilikleri giňden ulanyldy. Opera giň gerimli aýdym-saz sahnalaryna baýdyr. Onda halk sazlary we aýdymlary ulanylýar. Awtorlyk sazy hem örän ýakymlydyr, ol milli folklora ýakyndyr hem-de ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.

Döredijilik toparyna tomaşaça keşpleriň milli özboluşlylygyny, milli öwüşgini ýetirmek başardypdyr. Täze opera hereketlere we wakalara baýdyr, onuň saz we sahna özenini halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary, toýlarda we baýramçylyklarda, adaty günlerde berjaý edilýän dessurlar düzýär. Operanyň ähli köpçülikleýin sahnalary mähriban halkymyza bolan çuňňur söýgä, şadyýan duýgulara ýugrulandyr. Tomaşaçylarda uly täsir galdyran bu opera baş gahrymanlaryň birleşmegi bilen tamamlanýar, olaryň owazlary ajaýyp söýgi aýdymynda sazlaşýar.

Operany sahnalaşdyrmak üçin ýurdumyzyň iň gowy döredijilik güýçleri çekildi. Sahna oýnunda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň artistleri bilen birlikde Baş drama teatrynyň we Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň artistleri, ýurdumyzyň Döwlet horunyň toparlary, Türkmen milli konserwatoryýasynyň we Türkmen döwlet medeniýet institynyň, D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlary we talyplary çykyş edýärler.

Özünde dramaturgiýanyň bütewüligini, sahna keşpleriniň aýdyňlygyny, sazyň, lybaslaryň we bezegleriň gözelligini sazlaşykly birleşdiren “Aýna” operasyna tejribeli sahna ussatlary, şeýle hem teatr artistleriniň ýaş nesliniň wekilleri gatnaşýarlar, köpçülikleýin sahnalarda bolsa talyplar öz ussatlygyny görkezýärler. Tejribäniň, ussatlygyň we ýaşlygyň bu ajaýyp sazlaşygy türkmen medeniýetine mahsus bolan nesilleriň we milli sungatyň iň gowy däpleriniň dowamatlylygy baradaky pikiri açyp görkezýär.

“Aýna” operasy zähmet şatlygyny, ýaşaýyş-durmuşa söýgini, belent ynsan mertebesini, bahasyna ýetip bolmajak ahlak gymmatlyklaryny wasp edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýan tomaşaça gönükdirilen ägirt uly ruhy güýji özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ajaýyp döwrüň ruhlandyryjysy we döredijisi bolup durýar.

Opera eziz Watanymyzy, onuň zehinli we zähmetsöýer halkyny wasp edýän dabaraly aýdym bilen tamamlanýar. Eziz Watanymyz biziň kalplarymyzyň buýsanjydyr! Ýaşasyn ata Watanym Türkmenistan! Türkmen halkyna şöhrat! Arkadaga şöhrat!

Tomaşaçylar watançylyk aýdymyny ör turup diňlediler we ony şowhunly el çapyşmalar bilen garşyladylar.

Sahna oýny tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan täze operany döredijilere ajaýyp gül dessesi gowşuryldy.

Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligi dowam edýär. Onuň her bir güni ýurdumyzyň medeniýetiniň ägirt uly kuwwatyny görkezýän we Türkmenistanda mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alnyp barylýan giň möçberli işleriň dowamatlylygyna şaýatlyk edýän aýdyň wakalara baý bolýar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter