Türk­me­nis­tan­da Finl­ýan­di­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň il­çi­si işe baş­la­dy | TDH
Syýasat habarlary

Türk­me­nis­tan­da Finl­ýan­di­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň il­çi­si işe baş­la­dy

опубликованно 25.09.2018 // 687 - просмотров
 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa Finl­ýan­di­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si ha­nym Mar­ýa Lii­wa­la­dan ynanç ha­ty­ny ka­bul et­di.

Mil­li par­la­men­tiň ýol­baş­çy­sy döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň adyn­dan myh­ma­ny ýur­du­myz­da dip­lo­ma­tik işi­ne baş­la­ma­gy bi­len gut­lap, iki döw­le­tiň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry we hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek işin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Il­çi öz no­ba­tyn­da mä­hir­li söz­ler üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, Finl­ýan­di­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň ýe­tip gel­ýän 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ibe­ren mä­hir­li gut­lag­la­ry­ny hem-de tu­tuş türk­men hal­ky­na mun­dan beý­läk-de gül­läp ösüş ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di.

Ha­nym Mar­ýa Lii­wa­la iki döw­le­tiň we halk­la­ryň bäh­bi­di­ne iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek üçin äh­li tej­ri­be­si­ni we bi­li­mi­ni gaý­gyr­ma­jak­dy­gy­na ynan­dy­ryp, hal­ka­ra sy­ýa­sy gi­ňiş­li­k­de, şol san­da Finl­ýan­di­ýa­da milli Li­de­ri­mi­ziň tu­tuş dün­ýä­de äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len yla­laş­dy­ry­jy­lyk­ly we dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň uly hor­ma­ta hem-de gol­da­wa eýe­di­gi­ni bel­le­di.

Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da do­ly yg­ty­ýar­ly we­kil Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy, on­da gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän äh­li ýurt­lar hem-de iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry, oza­ly bi­len, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we onuň dü­züm­le­ri bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge mö­hüm orun be­ril­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ba­şy­ny baş­lan, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň hal-ýag­da­ýy­ny yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li dur­muş-yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­la­ry­nyň we ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn üns be­ril­di.

Ýur­du­myz­da de­mok­ra­tik we hu­kuk öz­gert­me­le­riň ýaý­baň­lan­dy­ryl­ma­gy bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça Mej­li­siň alyp bar­ýan iş­le­ri söh­bet­deş­li­giň mö­hüm me­se­le­si bol­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şu gün paý­tag­ty­myz­da, Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň öň ýa­nyn­da ge­çi­ri­len umu­my­mil­li fo­ru­myň — Halk Mas­la­ha­ty­nyň or­ny we äh­mi­ýe­ti bel­le­nil­di. Ol hä­zir­ki türk­men jem­gy­ýe­ti­niň ha­ky­ky halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­ly­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar.

Öza­ra bäh­bit­le­riň we uzak­ möh­let­le­ýin­li­li­giň esa­syn­da ne­ti­je­li türk­men-fin hyz­mat­daş­ly­gy­ny has-da ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gyň bar­şyn­da söw­da-yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer-me­de­ni ul­gam­lar ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di.

***

Türk­me­nis­ta­nyň we Finl­ýan­di­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­giň we çuň­laş­dyr­ma­gyň me­se­le­le­ri­ne il­çi­niň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de ge­çi­ren du­şu­şy­gy­nyň bar­şyn­da hem se­re­dil­di.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter