Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Ka­ra­rlary | TDH
Syýasat habarlary

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Ka­ra­rlary

опубликованно 25.09.2018 // 5869 - просмотров
 

Oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­ri has-da kä­mil­leş­dir­mek ha­kyn­da

Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan ber­ka­rar­lyk we bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ynam­ly dep­gin­ler bi­len öňe bar­ýar. Ata Wa­ta­ny­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li we uzak möh­let­le­ýin öz­gert­me­ler döw­le­ti­miz­de kuw­wat­ly we kö­pu­gur­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti dö­ret­mä­ge, şeý­le hem hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len mil­li mak­sat­na­ma­lar ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýar.

Ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­ri has-da kä­mil­leş­dir­mek, bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri döw­re­bap usul­da gu­ra­mak, oba ho­ja­ly­gy­na hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri giň­den çek­mek hem-de ýer we suw se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ka­rar ed­ýär:

1. Oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­ri has-da kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça şu aşak­da­ky tek­lip­le­ri ma­kul­la­ma­ly:

1) ýur­du­my­zyň daý­han bir­le­şik­le­ri­niň eke­ran­çy­lyk ýer­le­rin­den bug­daý, go­wa­ça we döw­let tab­şy­ry­gy­na gir­ýän beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­mek üçin oba ho­ja­lyk mak­sat­ly ýö­ri­te ýer gaz­na­sy­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky;

2) dö­re­dil­jek oba ho­ja­lyk mak­sat­ly ýö­ri­te ýer gaz­na­syn­dan Türk­me­nis­ta­nyň paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri­ne, daý­han ho­ja­lyk­la­ry­na, beý­le­ki ýu­ri­dik şahs­la­ry­na hem-de ra­ýat­la­ry­na (mun­dan beý­läk — önüm ön­dü­ri­ji­ler) ýer bö­lek­le­ri­ni 99 ýy­la çen­li möh­let bi­len peý­da­lan­ma­ga ber­mek ba­ra­da­ky;

3) dö­re­dil­jek oba ho­ja­lyk mak­sat­ly ýö­ri­te ýer gaz­na­syn­dan önüm ön­dü­ri­ji­le­re umu­my ýer bö­le­gi üçin bel­le­nen me­ýil­na­ma­ny do­ly ýe­ri­ne ýe­tir­mek şer­tin­de be­ril­ýän ýer bö­lek­le­ri­niň azyn­dan 70 gö­te­ri­min­de şert­na­ma­la­ýyn esas­da bug­daý, go­wa­ça we döw­let tab­şy­ry­gy­na gir­ýän beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­sy­ly­ny, ga­lan ýer bö­le­gin­de bol­sa, yl­my esas­da ekin do­la­ny­şy­gy­ny ge­çir­mek üçin döw­let tab­şy­ry­gy­na gir­me­ýän oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­mek ba­ra­da­ky;

4) dö­re­dil­jek oba ho­ja­lyk mak­sat­ly ýö­ri­te ýer gaz­na­syn­dan ber­len ýer bö­lek­le­rin­de döw­let tab­şy­ry­gy­na gir­ýän oba ho­ja­lyk ekin­le­rin­den şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­dan ar­tyk ön­dü­ri­len önüm­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da önüm ön­dü­ri­ji­le­riň öz yg­ty­ýa­ryn­da gal­dyr­mak ýa-da döw­let sa­tyn alyş nyrh­la­ryn­dan döw­le­te tab­şyr­mak ba­ra­da­ky;

5) ýur­du­myz­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän ekin­le­riň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak we önüm ön­dü­ri­ji­le­ri hö­wes­len­dir­mek üçin, 2019-njy ýy­lyň ha­sy­lyn­dan baş­lap, bug­da­ýyň we pag­ta­nyň döw­let sa­tyn alyş nyrh­la­ry­ny hem-de ola­ry ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bi­len bag­ly kär­ha­na­lar ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän hyz­mat­la­ryň ba­ha­sy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky;

6) önüm ön­dü­ri­ji­le­re oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­la­ry gur­mak hem-de bu kär­ha­na­lar­da ön­dü­ril­jek önüm­le­ri içer­ki we da­şar­ky ba­zar­lar­da ýer­le­mek üçin ze­rur şert­le­ri dö­ret­mek ba­ra­da­ky;

7) we­la­ýat­la­ryň mer­kez­le­ri­ne go­laý ýer­le­şen daý­han bir­le­şik­le­ri­niň eke­ran­çy­lyk ýer­le­rin­den oba ho­ja­lyk mak­sat­ly ýö­ri­te ýer gaz­na­sy­ny dö­ret­mek we önüm ön­dü­ri­ji­le­re gök-bak­ja, ýe­ral­ma ekin­le­ri­niň, üzü­miň we mi­we­li bag­la­ryň ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­mek hem-de bu önüm­le­ri gaý­ta­dan iş­le­mek üçin ýer bö­lek­le­ri­ni bel­le­nen ter­tip­de peý­da­lan­ma­ga ber­mek ba­ra­da­ky;

8) önüm ön­dü­ri­ji­le­re döw­let ta­ra­pyn­dan ýe­ňil­lik­li karz­la­ry ber­me­giň ha­sa­by­na Türk­me­nis­ta­nyň Oba we suw ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň mal­dar­çy­lyk ho­ja­lyk­la­ry­nyň ha­sa­byn­da­ky ga­ra mal­la­ry we do­war­la­ry, dü­ýe­le­ri, guş­la­ry fer­ma jaý­la­ry bi­len bi­le­lik­de ka­nun­çy­ly­ga la­ýyk­lyk­da tap­gyr­la­ýyn hu­su­sy­laş­dyr­mak hem-de ola­ra bel­le­nen ter­tip­de ýer bö­lek­le­ri­ni bö­lüp ber­mek ba­ra­da­ky;

9) önüm ön­dü­ri­ji­le­re oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny, gu­ral­la­ry­ny we ab­zal­la­ry­ny hem-de suw tyg­şyt­laý­jy teh­ni­ka­la­ry we en­jam­la­ry sa­tyn al­mak üçin, sa­tyn alyn­ýan se­riş­de­le­riň do­ly ba­ha­sy­nyň 70 gö­te­ri­mi­ne çen­li möç­ber­de hem-de ga­lan bö­le­gi üçin bol­sa, al­jak gir­de­ji­le­ri­ni gi­rew goý­mak ar­ka­ly bank karz­la­ry­ny ber­mek ba­ra­da­ky;

10) önüm ön­dü­ri­ji­le­re, daý­han bir­le­şik­le­ri­ne we oba ho­ja­lyk yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­na oba we suw ho­ja­ly­gyn­da ula­nyl­ýan eks­ka­wa­tor­la­ry hem-de bul­do­zer­le­ri sa­tyn al­mak üçin ýyl­lyk 1 (bir) gö­te­rim bi­len, ola­ryň ula­nyş möh­le­tin­den ugur alyp, 10 ýy­la çen­li möh­le­te her ýyl­da deň paý­lar­da gaý­tar­mak şer­tin­de ýe­ňil­lik­li bank karz­la­ry­ny ber­mek ba­ra­da­ky.

2. Türk­me­nis­ta­nyň Oba we suw ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi Türk­me­nis­ta­nyň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we ýer se­riş­de­le­ri ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti bi­len bi­le­lik­de ýur­du­myz­da oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, ýer we suw se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, önüm­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­na yl­myň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri­ni or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça ýö­ri­te me­ýil­na­ma­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ly.

3. Türk­me­nis­ta­nyň Oba we suw ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi, Türk­me­nis­ta­nyň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we ýer se­riş­de­le­ri ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti, de­giş­li mi­nistr­lik­ler we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri bi­len bi­le­lik­de şu ka­ra­ryň bi­rin­ji bö­le­gin­de gör­ke­zi­len tek­lip­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­le­ri ama­la aşyr­ma­ly hem-de ze­rur bo­lan tek­lip­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­me­li.

4. Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si şu ka­ra­ryň bi­rin­ji bö­le­gin­de gör­ke­zi­len tek­lip­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek üçin ze­rur bo­lan üýt­get­me­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­na gi­riz­me­li.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti,
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aş­ga­bat şä­he­ri, 2018-nji ýy­lyň 25-nji sent­ýab­ry.

***

Türk­me­nis­ta­nyň ila­ty­ny elekt­rik ener­gi­ýa­sy, gaz, agyz su­wy we na­har du­zy bi­len üp­jün et­me­gi ter­tip­leş­dir­mek ha­kyn­da

Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de dün­ýä bi­le­le­şi­gi bi­len sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry çuň­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler bar­ha giň ge­rim al­ýar.

Wa­ta­ny­my­zyň sy­ýa­sy ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­la­nyp, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça ze­rur bo­lup dur­ýan iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de se­na­gat jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni dö­ret­mek, se­na­gat­da, ulag we ara­gat­na­şyk pu­dak­la­ryn­da, oba ho­ja­ly­gyn­da, şeý­le hem beý­le­ki ul­gam­lar­da hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­mak ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar bo­lup dur­ýar.

Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry bo­ýun­ça me­ýil­leş­di­ri­len döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de, hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy ýo­kar­lan­ýar we ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri has-da go­wu­lan­ýar.

Döw­le­ti­mi­ziň äh­li ugur­lar­da dur­nuk­ly we ul­gam­la­ýyn ösü­şi­ni ga­zan­mak, bin­ýat­lyk çeş­me­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak hem-de dur­muş ýe­ňil­lik­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ka­rar ed­ýär:

1. Türk­me­nis­tan­da dur­muş ýe­ňil­lik­le­ri­ni ber­mek ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk hem kä­mil­leş­dir­mek ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne gat­na­şy­jy­la­ryň tek­lip­le­ri­ni ma­kul­la­ma­ly hem-de 2019-njy ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan baş­lap, Türk­me­nis­ta­nyň ila­ty­ny elekt­rik ener­gi­ýa­sy, gaz, agyz su­wy we na­har du­zy bi­len ýe­ňil­lik­li we el­ýe­ter ba­ha­lar­dan tö­leg­li esas­da üp­jün et­me­li.

2. Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti şu ka­ra­ryň bi­rin­ji bö­le­gi­ni dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­ly ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­ma­ly we Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­me­li.

3. Şu­la­ry güý­jü­ni ýi­ti­ren di­ýip yk­rar et­me­li:

1) «Türk­me­nis­ta­nyň ila­ty­nyň elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny, ga­zy we su­wy mugt sarp et­me­gi ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 1992-nji ýy­lyň 30-njy sent­ýab­ryn­da çy­ka­ran № 958 ka­ra­ry ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň 1992-nji ýy­lyň 14-nji de­kab­ryn­da ka­bul eden HM-8 bel­gi­li çöz­gü­di­ni (Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Mag­lu­mat­la­ry, 1992 ý., № 12, 106-njy mad­da);

2) «Türk­me­nis­ta­nyň ila­ty­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny, ga­zy, su­wy we na­har du­zu­ny mugt ber­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň 2003-nji ýy­lyň 14-nji aw­gus­tyn­da ka­bul eden KHM-35 bel­gi­li ka­ra­ry­ny (Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Mag­lu­mat­la­ry, 2003 ý., № 3, 15-nji mad­da).

4. Şu ka­rar 2019-njy ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan he­re­ke­te gir­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti,
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aş­ga­bat şä­he­ri, 2018-nji ýy­lyň 25-nji sent­ýab­ry.

***

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni 2019-njy ýyl­da ça­gyr­mak ha­kyn­da

Türk­men hal­ky­nyň mil­li de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe­rip, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň baý ta­ry­hy tej­ri­be­si­ni göz öňün­de tu­tup, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de döw­let äh­mi­ýet­li, giň ge­rim­li iş­le­ri hal­ky­my­zyň we­kil­le­ri bi­len giň­den ara alyp mas­la­hat­laş­mak, döw­le­ti­mi­zi we jem­gy­ýe­ti­mi­zi mil­li de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­ler esa­syn­da ös­dür­mek bo­ýun­ça ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­mi­zi has-da ýaý­baň­lan­dyr­mak we kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, şeý­le hem «Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da­ky» Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­sion ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ka­rar ed­ýär:

1. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni 2019-njy ýyl­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de ça­gyr­ma­ly.

2. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň gün ter­ti­bi­ne döw­let dur­mu­şy­nyň il­kin­ji no­bat­da­ky me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin gi­riz­me­li.

3. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek we gel­ýän tek­lip­le­ri, ýüz­tut­ma­la­ry ka­bul et­mek, top­la­mak hem-de sel­jer­mek bo­ýun­ça Döw­let to­pa­ry­ny dö­ret­me­li we onuň dü­zü­mi­ni tas­syk­la­ma­ly.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti,
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aş­ga­bat şä­he­ri, 2018-nji ýy­lyň 25-nji sent­ýab­ry.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter