Birža täzelikler 3-nji ýanwar | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikler 3-nji ýanwar

опубликованно 03.01.2015 // 745 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda söwdalaşyklaryň 10-sy bellige alyndy.

Daşary ýurt puluna Estoniýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, Şweýsariýadan gelen işewürler bolsa “Türkmengaz” döwlet konserniniň önümi bolan tehniki kükürdi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýütasyna pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 5 million 493 müň dollaryna deň boldy.

Depozit manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden, Pakistandan, Eýrandan, Hindistandan gelen telekeçiler arassalanan pagta ýagyny, jorap önümlerini, nah ýüplügi, ýüňi (garaköli, saryja goýun, düýe, geçi), şeýle hem dikeldilen süýümi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 4 million 356 müň manatdan gowrak boldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter