«Berkarar» gämisi Astrahan şäherine özüniň ilkinji gatnawyny amala aşyrýar | TDH
Ykdysadyýet

«Berkarar» gämisi Astrahan şäherine özüniň ilkinji gatnawyny amala aşyrýar

опубликованно 04.01.2015 // 1356 - просмотров
 

«Berkarar» gämisi özüniň ilkinji gatnawyna ugrady. Bu iň häzirkizaman «RO-PAХ» kysymly gämi ýolagçylary, ýük awtoulaglaryny we beýleki ulag serişdelerini gatnatmak üçin niýetlenip, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň buýurmasy boýunça Horwatiýada guruldy. Gämi Türkmenbaşy şäheriniň portuna 2014-nji ýylyň dekabr aýynda geldi. Täze gämini garşylamak dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Horwatiýanyň premýer-ministri Zoran Milanowiç gatnaşdylar.

Ýeri gelende aýtsak, şeýle kysymly gämi sebitde ýeke-täk bolup durýar. «Berkarar» gämisi özüniň ilkinji gatnawynda Russiýa Federasiýasynyň Olýa portuna dürli ýükleri ýetirer. Olar Astrahan oblastynda ýerli türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýeri bolan Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda türkmen medeniýetiniň özboluşly merkezine öwrüljek mekdebi gurmak üçin niýetlenendir.

Bu durmuş ähmiýetli bilelikdäki taslamany amala aşyrmak başlangyjy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Desgany gurmak bolsa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ynanyldy. Biziň ýurdumyzda hususy gurluşyk kompaniýalary tarapyndan mekdepleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, sport desgalarynyň, lukmançylyk edaralarynyň, söwda merkezleriniň, senagat kärhanalarynyň, edara binalarynyň we beýlekileriň köpsanlysy guruldy we gurulýar. Häzirki wagtda türkmen işewürligi daşary bazarlara, şol sanda gurluşyk bazaryna çykmak bilen halkara gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Bu taslama hem — Astrahan oblastynda mekdebiň gurluşygy milli Liderimiziň ýurdumyzyň telekeçilerine ynanan aýratyn hormatly we jogapkärli tabşyrygydyr.

Ynsanperwerlik babatynda möhüm ähmiýete eýe bolan bu taslama şeýle hem esasy ruhy baýlyklaryň binýadyna daýanýan russiýa we türkmen halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna, çagalaryň geljegi baradaky alada ýugrulandyr. Biziň ýurdumyzy Astrahan oblasty bilen öňden gelýän ykdysady we medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Bu gatnaşyklar taryhy taýdan emele gelen hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanyp, häzirki wagtda täze hile we many-mazmuna eýe bolýar. Bu künjekde Russiýada ýaşaýan türkmenleriň has köpsanlysynyň ýaşaýandygyny hasaba alanyňda, bu taslama has-da uly ähmiýete eýedir.

Astrahan oblastynyň we Türkmenistanyň üstünden Hytaýa hem-de Hindistana geçýän Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň ösüşine kuwwatly itergi berjek «Türkmenbaşy — Olýa porty» gämi gatnawynyň ýola goýulmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýene bir geljegi uly ugry bolup çykyş edýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter