2014-nji ýylyň ýyl ýazgysy: bedew badyna eýe bolan beýik işler | TDH
Ykdysadyýet

2014-nji ýylyň ýyl ýazgysy: bedew badyna eýe bolan beýik işler

опубликованно 06.01.2015 // 1011 - просмотров
 

12. Welaýatlaryň we Aşgabadyň ösüşi

Türkmenistan 2015-nji ýyla ynamly gadam basdy. Ýakyn geljek üçin anyk meýilnamalaryň esasyny bolsa, ýurdumyzy ösdürmekde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmelerini amala aşyrmakda gazanylan ýokary netijeler we üstünlikler, döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýeti pugtalandyrmaga hem-de halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň strategiki maksatlary düzýär.

2014-nji ýylyň her bir aýy jemi içerki önümiň, maýa goýumlarynyň daşarky söwda we bölekleýin haryt dolanyşygynyň möçberleriniň durnukly artmagy bilen tapawutlandy. Esasy ykdysady we durmuş görkezijileriniň oňyn ösüşi üpjün edildi, senagat we oba hojalyk önümçiliginiň ösüşi gazanyldy. Ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, gurluşyk işiniň depgini barha artýar. Gurluşyk ulgamynda milli we sebitleýin maksatnamalaryň çäklerinde durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy ileri tutulýan ugur bolmagynda galýar.

Biziň däp bolan makalalar toplumymyz geçilen ýoluň tapgyrlaryna, durmuş-ykdysady ösüşiň milli strategiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilişine bagyşlandy. Şol makalalarda döwletiň we jemgyýetiň durmuşy boýunça geçen ýylyň dowamynda Watanymyzda amala aşyrylan işlere syn berildi. Şu makalalar toplumymyzyň ahyrynda biz okyjylara dürli durmuş we ykdysady şertleriň umumylygynda köpugurly we köp ölçegli işler hökmünde ýurdumyzyň sebitleriniň ösüşi nukdaýnazaryndan geçen ýylyň wakalaryna göz aýlamagy teklip edýäris.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşi toplumlaýyn döwlet maksatnamalarynda, şol sanda sebitleriň ösüş maksatnamalarynda berkidilen ulgamlaýyn ýörelgelere esaslanýar. Bu meýilnamalar ykdysady görkezijileriň, berk kadalaryň we sanlaryň toplumy däldir. Her bir welaýatyň çäk aýratynlyklaryny we hususy kuwwatyny, olaryň hojalyk binýadyny, ulag-geografiki ýerleşişini nazara almak arkaly amala aşyrylýan döwlet sebit syýasaty sebitleri sazlaşykly ösdürmäge, olaryň ykdysadyýetini bazaryň talaplaryna laýyklykda düzümleýin üýtgedip gurmaga, ahyrky netijede bolsa, ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, bu ýagdaýa sebit ölçegde statistiki maglumatlaryň mysalynda göz ýetirmek maksada laýyk bolardy. Şeýlelikde, 2014-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda senagat önümçiliginiň möçberiniň düzüminde Balkan (27,7 göterim) we Lebap (27,5 göterim) welaýatlarynyň paýy uludyr. Munuň özi bu sebitlerde iri kärhanalaryň işlemegi bilen baglanyşyklydyr. Olaryň yzyndan Mary (19,4 göterim) we Ahal (14,9 göterim) welaýatlary gelýär.

Bu düzümde Aşgabadyň paýy 6 göterime, Daşoguz welaýatynyň paýy bolsa 4,5 göterime barabardyr. Şunda demirgazyk welaýatyň pudaklaýyn düzüminde önümçiligiň iň uly möçberi azyk senagatynyň paýyna düşýär (56,2 göterim), paýtagtymyzda bolsa ýeňil senagatynyň paýy uludyr (51,2 göterim). Önümçiligiň şu görnüşinde Aşgabat ýurdumyzda birinji orunda durýar (22,3 göterim), şeýle hem paýtagtymyz himiýa önümlerini (34,2 göterim), dürli enjamlary (53,6 göterim) çykarmakda öňdeligi eýeleýär.

Mary welaýaty elektrik energiýasynyň önümçiligini möçberi boýunça (42,7 göterim) öňde barýar.

Nebiti çykarýan we nebiti gaýtadan işleýän düzümiň ählisi diýen ýaly Balkan welaýatynda ýerleşýär. Bu düzüm ýokary girdejili eksport önümçiligine gönükdirilendir.

Lebap welaýaty ýurdumyzyň gaz, şeýle hem azyk senagatynda öňdäki orny eýeleýär. Gurluşyk serişdeleriniň köpüsi bolsa Ahal welaýatynda öndürilýär (27 göterimden gowrak).

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl gutlagynda 2014-nji ýylda obasenagat toplumynda geçirilen netijeli işler barada aýdyp: “Merdana gallaçylarymyz döwlete 1 million 200 müň tonnadan hem köp guşgursak bugdaý hasylyny tabşyrmagy başardylar. Pagtaçylarymyz hem «ak altynyň» bol hasylyny öndürip, Watan harmanyna 1 million 100 müň tonnadan gowrak pagta hasylyny tabşyrdylar” diýip belledi.

Pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetirendigi barada hormatly Prezidentimize ilkinji bolup, Ahal welaýatynyň ekerançylary hasabat berdiler. Bu şatlykly habar geçen ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenabatda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynyň öňüsyrasynda gelip gowuşdy. Milli Liderimiz Ahal welaýatynyň daýhanlaryna tutanýerli zähmeti üçin minnetdarlyk sözlerini aýdyp, beýleki welaýatlaryň häkimlerine ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ýetip gelýän baýramçylygy — ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşylamagy üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şondan bir hepde geçenden soň, 27-nji oktýabrda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerinden hem ýurdumyzyň ekerançylarynyň pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlaryny kabul etdi.

Ýurdumyzyň edermen daýhanlary özleri barada edilýän ägirt uly alada iş bilen jogap berip, tutanýerli zähmet çekmeklerini dowam etdiler we ahyrky netijede, ýetişdirilen pagta hasylynyň ählisini ýygnap alyp, 1 million 100 tonnadan gowrak pagta taýýarladylar.

2014-nji ýylda türkmen gallaçylary hem guwandyryjy netijeleri gazandylar. Olar 2014-nji ýylda Watan harmanyna 1 million 200 tonnadan gowrak bugdaý tabşyrmagy başardylar.

Oba zähmetkeşleri şeýle ýokary görkezijileri oba hojalygyny düýpli özgertmek boýunça geçirilen toplumlaýyn çäreleriň, işjeň maýa goýum syýasatynyň, döwlet goldawynyň we maliýe taýdan höweslendirmegiň netijeli gurallaryny ornaşdyrmagyň we beýleki möhüm çäreleriň netijesinde gazandylar. Milli Liderimiziň hojalygy ýöretmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny ulanmak hem-de ekerançylyk pudagyny ösdürmekde her bir welaýatyň toprak — howa şertlerini nazara almak baradaky tabşyryklary şol çäreleriň arasynda möhüm orun eýeleýär. Işjeň maýa goýum syýasatynyň çäklerinde obasenagat toplumynyň tehniki taýdan üpjünçiligine we önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmaga uly maýa serişdeleri gönükdirilýär.

Şeýlelikde, pagta ýygmagyň möçberi boýunça Mary welaýaty öňdeligi eýeleýär, Ahal welaýatynda bolsa gök we bakja önümleriniň hem-de üzümiň köp bölegi ýetişdirilýär. Daşoguz welaýaty miwe önümlerini bazarlara ibermekde tapawutlanýar. Mary we Balkan welaýatlarynyň hojalyklarynda gant şugundyry, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda bolsa şaly ýetişdirilýär. 2014-nji ýylda Balkan welaýaty bakja önümleriniň öndürilişi babatda hem has tapawutlandy. Bu ýerde öňki ýyldakysyndan bakja önümleriniň öndürilişi iki essä golaý artdy. Munuň özi deňizýaka welaýatynda gowaçanyň ekin dolanyşygyndan aýrylmagynyň netijesi boldy. Bu welaýatyň toprak-howa şertlerinde gowaça ýetişdirmek az girdeji getirýärdi.

Diňe bir ýurdumyzyň ekerançylary däl, eýsem, maldarlary hem oňat netijeleri gazandylar. Olaryň tagallasy bilen geçen ýylda mallaryň we guşlaryň sany artdy. 2014-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli ýurdumyzyň ähli hojalyklarynda gara mallaryň sany 2,3 milliondan gowrak boldy. Şunda olaryň ýarysyna golaýy Daşoguz welaýatyna degişlidir. Dowarlaryň baş sany bolsa 18 milliondan gowrakdyr. Olaryň sany sebitler boýunça deňräk bolsa-da, Mary welaýatynyň öňde barýandygy duýulýar. Iň ýokary ösüş bolsa demirgazyk sebitde bellige alyndy (17 göterime golaý). Ýurdumyzda düýeleriň baş sany 125,5 müňe ýetýär. Däp bolşy ýaly, bu görkeziji boýunça Ahal we Balkan welaýatlarynyň maldarlary öňdäki orunlary eýeleýärler (takmynan, olaryň her birinde 42 müňe golaý). Guşlaryň öndürilişi ýanwar-noýabr aýlarynda 17,3 million baş sana barabar boldy, iň ýokary ösüş deňizýaka sebitiniň hojalyklarynda üpjün edildi (7 göterim).

Mallaryň we guşlaryň baş sanynyň artmagy maldarçylyk önümleriniň möçberiniň ýokarlanmagyna hem oňyn täsir etdi. 2014-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda etiň öndürilişi diri agramda 543,6 müň tonna (birinji ýerde - Mary welaýaty), süýdüň öndürilişi 2,2 million litrden gowraga (Daşoguz welaýaty öňde barýar), ýumurtganyň öndürilişi 993,2 million sana (Mary we Daşoguz welaýatlary öňde barýar) barabar boldy. Bu görkezijileriň ählisinde önümçiligiň ösüş depgini boýunça hem demirgazyk welaýaty öňdeligi eýeleýär.

Görnüşi ýaly, welaýatlaryň we paýtagtymyzyň ykdysady düzüminde ýerli tebigy serişdeleriň birmeňzeş däldigi, geografiki hem-de beýleki obýektiw ýagdaýlar sebäpli tapawut bar. Şonuň üçin hem sebitleriň ykdysadyýetleriniň biri-biriniň üstüni doldurmagynyň netijeliligini döretmäge aýratyn orun berilýär, munuň özi olaryň hojalyk we önümçilik düzümleriniň goşulyşmagy, harytlaryň we önümleriň alşylmagy üçin täze mümkinçilikleri açýar, döwletimiziň ep-esli serişdelerini tygşytlamaga ýardam berýär, olar çäkleri, adam maýasyny ösdürmegi goldamaga gönükdirilýär. Şunda uly we kiçi şäherlerde we obalarda ýaşaýan adamlar üçin ýaşaýyş-durmuş şertleriniň bir bitewi ölçeglerini kemala getirmek milli maksatnamalaryň möhüm wezipesi bolup durýar.

Maýa goýum-gurluşyk işi hem şuňa gönükdirilendir. Ähli sebitlerde maýa goýumlarynyň paýynyň durnukly artmagy göze ilýär, ägirt uly düýpli maýa goýumlary önümçilik ulgamyna, onuň kuwwatlyklaryny artdyrmaga hem-de tehnologiki derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem durmuş gurşawyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl gutlagynda şeýle diýdi: “Eziz Diýarymyzda köpsanly fabrikler, önümçilik desgalary, medeni-durmuş maksatly binalar gurlup ulanmaga berildi. Biz ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, döwrebap obadyr şäherleri gurmak boýunça giň gerimli durmuş taslamasyny amala aşyrmagy dowam etdik. Bu strategik maksadymyzyň ýerine ýetirilmegi oba we şäher ilaty üçin has amatly durmuş şertlerini döretmäge mümkinçilik berer”.

Ýaşaýyş jaýlaryny, toplumlaryny we obalary bina etmek, ýollary çekmek, kärhanalary gurmak, şeýlelikde, täze iş orunlaryny döretmek-bularyň hemmesi maýa goýum taslamalaryna degişlidir, olaryň durmuşa geçirilmegi sebitleri ykdysady taýdan ösdürmegiň täze nokatlaryny kemala getirmegi, olaryň işewürlik hem-de innowasion işjeňligini höweslendirmegi, ýurdumyzyň çäklerinde zähmet serişdelerini, hünärli işgärleri we ilatyň girdejilerini deňeçer paýlamagy maksat edinýär.

2014-nji ýylyň ýanwarynda-oktýabrynda ýurdumyz boýunça tutuşlygyna alnanda esasy maýa goýlan maýa goýumlarynyň möçberi maliýeleşdirmegiň ähli serişdeleriniň hasabyna 44695, 1 million manada, ösüş depgini bolsa 2013-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 108,2 göterime barabar boldy. Özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi energetika we gurluşyk toplumy boýunça 59,8 göterim, obasenagat toplumy boýunça 47 göterime golaý, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri boýunça 35,6 göterim, medeni-durmuş toplumy boýunça 30 göterimden gowrak, ulag we aragatnaşyk ulgamy boýunça 6,3 göterim artdy.

Gurluşyk-gurnama we beýleki düýpli işleriň möçberi takmynan 17 göterim artdy. Bu möçberiň 25,4 göterimi döwlet gurluşyk guramalarynyň, 41,9 göterimi daşary ýurtly potratçylaryň, 32,7 göterimi hususy hojalygy ýöredijileriň paýyna düşýär. Aşgabatda we Ahal welaýatynda has işjeň gurluşyk işleri alnyp baryldy.

2014-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde gurulýan desgalarda 6,2 milliard manat möçberdäki maýa goýumlary özleşdirildi, munuň özi 2013-nji ýylyň degişli derejesinden 21,7 göterim ýokarydyr.

Hemme ýerde 2014-nji ýylyň maýa goýum maksatnamasy boýunça meýilnamalaýyn tabşyryk ep-esli artmak we ýokarlanmak bilen ýerine ýetirildi. Ahal we Lebap welaýatlaryna maýa goýumlarynyň has uly möçberleri düşdi.

Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ýaşaýyş jaýlary guruldy, gazgeçirijiler, elektrik ulgamlary, aragatnaşyk ulgamlary çekildi, awtomatiki telefon beketleri abatlandy, oba ýerleriniň durmuş we senagat düzümleriniň beýleki birnäçe desgalary ulanylmaga berildi.

Mahlasy 2014-nji ýylda ýerine ýetirmek bellenilen işleriň hakykatda ählisi amala aşyryldy. Iň aýdyň mysallaryň hatarynda “Demirgazyk-Günorta” transmilli demir ýolunyň, Hojambaz etrabynda gazy gaýtadan işleýän zawodyň, Serdarabat etrabynda gaz turbina elektrik bekediniň, Mary şäherinde ammiak we karbamid öndürmek boýunça zawodlar toplumynyň hem-de gaz turbina elektrik bekediniň ulanylmaga berilmegi bar. Geçen ýyl Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde egirme ýüplük fabrigi hem guruldy, Türkmenabat şäherinde egirme ýüplük fabriginiň durky täzelendi, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek boýunça kärhana işläp gelýänleriň hataryna girizildi. Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda umumy göwrümi 360 müň tonna bolan elewatorlaryň 8-si işe girizildi.

Tutuşlygyna alnanda 2014-nji ýylda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde umumy bahasy ABŞ-nyň 9 milliard dollaryndan gowrak bolan desgalaryň dört ýüzden gowragy ulanylmagy berildi.

Köpsanly gurluşyk taslamalarynyň umumy bahasy bolsa ABŞ-nyň 48 milliard dollaryna golaýdyr, olaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanda dowam edýär.

2014-nji ýylda Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gaz-himiýa toplumynyň, Garabogaz şäherçesinde karbamid öndürýän zawodyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň, “Galkynyş” gaz käninde zawodlar toplumynyň gurluşygyna badalga berildi.

Uzynlygy 564 kilometr bolan Aşgabat—Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna başlandy. Türkmenabat—Farap demir ýol we awtomobil köprülerini, Aşgabat we Türkmenabat şäherlerinde howa menzilleri, Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuny gurmak ýaýbaňlandyryldy.

Diňe geçen ýylyň dowamynda “Daşoguz” şypahanasy, Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda “Gaýrogoýulmasyz tiz kömek” merkezleri, derman serişdelerini öndürýän döwrebap kärhanalar, her biri 420 orunlyk dikeldiş merkezli okuw-terbiýeçilik toplumlary ulanylmaga berildi. Mundan başga hem paýtagtymyzda Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana işe girizildi.

2014-nji ýylda Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň merkezlerinde döwrebap welaýat kitaphanalarynyň açylyş dabarasy boldy. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda hem batyrgaý binagärlik taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Tutuşlygyna alnanda, ýurdumyz boýunça 25 müň gektardan gowrak ýer nusgalyk şäherçeleri we obalary gurmak üçin berildi, olar her bir welaýatda gurulýar. Täze ilatly ýerlerde täze eýýamyň ýokary talaplaryna laýyk gelýän hem-de multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen mekdepleri we çagalar baglaryny, saglyk öýlerini hem-de medeniýet öýlerini, söwda-aragatnaşyk kärhanalaryny we başgalary özünde jemleýän zerur düzümleri döretmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň raýatlaryna täze obalarda ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin ýeňillikli karzlary almakda hemmetaraplaýyn goldaw berilýär.

Şunda sebitleriň ösüşinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kiçi we orta işewürligi ösdürmäge birinji derejeli ähmiýet berilýär. Hut kiçi işewürlik üýtgäp duran bazar şertlerine ýeterlik derejede çalt uýgunlaşýar we öz nobatynda innowasion başlangyçlara hem-de taslamalara işjeň gatnaşyjy bolup durýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ýeterlik derejede güýçli telekeçilik düzümleri eýýäm kemala getirildi, olar döwlet eýeçiligindäki kärhanalara hakyky bäsleşigi döredip bilerler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl gutlagynda geçen 2014-nji ýylyň jemlerini jemläp: “Ýurdumyzda telekeçilerimiziň bitirýän işleri, gazanýan üstünlikleri hem guwandyrýar. Ata Watanymyzy ýokary depginler bilen ösdürmek, ykdysadyýetimizi pugtalandyrmak ugrunda zähmetsöýer halkymyzyň alyp barýan beýik işlerine telekeçilerimiz mynasyp goşant goşýarlar” diýip belledi.

1-nji noýabrda Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynda senagat desgalarynyň ikisiniň-ýaş gara mallary ösdürip ýetişdirýän maldarçylyk fermasynyň (önümçilik kuwwaty ýylda 500 tonna ete barabar) we balyk ösdürip ýetişdirýän kärhananyň (ýylda 30 tonna) açylmagy muňa mysal bolup biler. Bu täze desgalar birnäçe aý mundan öň “Abadan” daýhan birleşiginiň çäklerinde gurlan, bir ýylda 2 müň tonna süýdi we süýt önümlerini hem-de 30 tonna et önümlerini öndürmek üçin niýetlenilen iri maldarçylyk toplumy ýaly, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça ýerli hususy kompaniýalaryň hünärmenleri tarapyndan guruldy.

Türkmenistan boýunça tutuşlygyna alnanda 2014-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygynyň umumy möçberi 30,6 milliard manatdan gowraga barabar boldy. Bu möçberiň ýarpydan gowragy (51,9) göterimi Aşgabada degişlidir, galanlary Lebap, Mary, Daşoguz, Ahal we Balkan welaýatlaryna degişlidir. Bölek-satuw haryt dolanyşygynyň umumy möçberiniň 28 milliard manatdan gowragynyň ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyna degişlidigini belläp geçmek zerurdyr. Sebitleriň içerki söwda balansyny deňeşdirmekde, importuň ornuny tutýan önümleri öndürmäge ugur almakda hut oňa esasy orun degişlidir.

Ýurdumyzda täze ykdysady ýagdaýyň döredilmegi dowam edýär, döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmak alnyp barylýar, bazar düzümleri we telekeçilik, karz ulgamy, zähmet bazary ösdürilýär.

Türkmenistanyň iri we orta kärhanalarynyň işgärleriniň sany 2014-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 663 müň adama barabar boldy. 2013-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda bu görkeziji 645,7 müň adam bolupdy. Sebitlerde zähmet bazarynyň ösüşi, ykdysadyýete maýa goýumlaryň gelşi işgärleriň sebitler boýunça bölünişinde aýdyň görünýär.

Ine, 2014-nji ýylyň oktýabrynda iri we orta kärhanalaryň işgärleriniň 25,1 göterimi Aşgabat şäherinde, 19,3 göterimi Lebap welaýatynda, 18,2 göterimi Mary welaýatynda işledi. Balkan, Daşoguz we Ahal welaýatlarynda degişlilikde 14,4 göterim, 13,2 göterim we 9,8 göterim işgärler zähmet çekdiler. Mary welaýatynda we Aşgabat şäherinde işgärleriň sanynyň artandygyny bellemek gerek. Olar 2013-nji ýylyň oktýabrynda degişlilikde 103,8 göterime we 102,5 göterime deň boldy.

Iş bilen has köp meşgullanylan ugruň bilim ulgamydygy (152,8 müň adam) bellärliklidir. Onuň yz ýany bilen ulag we aragatnaşyk ulgamy hem-de saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary ulgamy we beýlekiler gelýär.

Şunda ýurdumyz boýunça işgärleriň ortaça 40 göterimden gowragyny zenanlar düzýär. Sebitlere paýlananda zähmet çekýän zenanlaryň möçberi boýunça has ýokary görkeziji paýtagtda (45,4 göterim) bar. Umumy möçberde zenanlaryň 38,7 göterimi bilim pudagynda, 14,8 göterimi saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlarynda, 10,7 göterimi gaýtadan işleýän senagatda zähmet çekýär. Şunuň bilen birlikde, zähmetiň agyr we ýaramaz şertlerine eýe bolan kärhanalarda işleýänleriň umumy möçberinde erkekleriň paýy ýokary bolup durýar. Ine, gurluşykda bu görkeziji 89,8 göterime, gazyp alýan senagatda — 88,9 göterime, oba hojalygynda, awçylykda, tokaýçylykda (kärendeçiler we fermerler hasaba alynmanda) — 86,3 göterime, ulag we aragatnaşykda — 78,6 göterime deň boldy. Mundan başga-da, 15,1 müň adam raýat-hukuk häsiýetli şertnamalar boýunça zähmet çekdi, 2 müň adam bolsa beýleki kärhanalarda goşmaça işe eýe boldy.

Şu synymyzda getirilen sanlar 2014-nji ýylyň 10—11 aýynyň içinde sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşiniň depginini görkezýär. Ýurdumyz boýunça geçen ýylyň gutarnykly görkezijileri bolsa 2014-nji ýylyň netijelerine bagyşlanylan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýan ediler. Şeýle-de bolsa, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan berlen ýokarda beýan edilen maglumatlar geçen döwrüň dowamynda umumy garaýşy göz öňüne getirmäge, onuň has häsiýetli aýratynlyklaryny umumylaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Umuman, türkmen döwletiniň sebit syýasaty sebitleriň her birinde maliýe-serişde, ylmy-tehniki we işgärler mümkinçiliklerini döretmäge, olaryň uzakmöhletleýin durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy wezipelerini çözmäge gönükdirilendir. Şunda döwlet bütin hojalyk ulgamynyň baş utgaşdyryjy merkezi, durmuş we hukuk kepili bolup durýar. Kanunçylyk binýadyny pugtalandyryp, durmuş çykdajylaryny ösdürmek bilen, ol raýatlaryň lukmançylyk kömegine, ýokary hilli bilim almagyna deň elýeterliligi hödürläp, pensiýalaryň, dürli kömek pullarynyň tölenilmegini hem-de durmuş goraglylygynyň beýleki ugurlarynyň netijeli işlemegini, raýat hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär.

Telekeçiligiň höweslendirilmegi, senagat düzüminiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bolsa ýurduň ýeke-täk ykdysady giňişliginiň kemala getirilmegine, täze milli ykdysadyýeti senagatlaşdyryp ösdürip tapgyryna geçmek hem-de halkyň hal-ýagdaýyny has-da ösdürmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň türkmen halkyna Ýüzlenmesinde şeýle diýdi: “Sebitiň binagärlik dürdänesi atlandyrylýan paýtagtymyz Aşgabat şäheri giň gerim bilen ösdi we has gözelleşdi. Şäherde täze, döwrebap binalar güýçli depginler bilen guruldy”.

Diňe 2014-nji ýylda biziň owadan paýtagtymyz ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrülmek bilen, täze binalaryň we desgalaryň 65-siniň hasabyna üsti ýetirildi. Olaryň hatarynda diňe ýokary amatlylygy bolan ak mermerli ýaşaýyş jaýlary hem-de Tehnologiýalar merkezi ýa-da saglygy goraýşyň we bilimiň we beýlekileriň iri desgalary ýaly ylmy edaralar bolman, eýsem, A.Nyýazow şaýolunyň durky düýpli täzelenen bölegi ýaly bütin köçeler we etraplar bar. Onuň ugrunda gözümiziň alnynda belent gatly ýaşaýyş jaýlary, dolandyryş binalary, durmuş-medeni ähmiýetli desgalary hem-de döwrebap düzümleri bolan paýtagtymyzyň täze keşbi kemala geldi. Bu ýerde diňe bir günüň özünde dürli pudaklaryň işgärleriniň 1072 maşgalasy jaý toýuny tutdular, ýa-da geçen ýylyň ahyrynda açylan sebitde iň iri “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezini mysal getirip bolar. Ol ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan bina edildi.

Häzirki wagtda Aşgabatda 200-den gowrak desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Mejlisler merkezi ýakyn wagtda paýtagtymyzyň täze gözel ýerleriniň birine öwrüler. Şeýle hem sebitde iň iri Olimpiýa şäherjigi paýtagtymyzyň owadan künjekleriniň biri bolar. Bu ýerde 2017-nji ýylda V Aziýa oýunlary geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Täze ýyl gutlagynda: “Nesip bolsa, 2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçireris” diýip aýtdy.

Şäher gurluşygy Aşgabady ösdürmegiň baş görkezijisine öwrülip, köp babatda şäheriň ykdysady keşbini, maýa goýum we işewürlik ýagdaýyny hem kesgitleýär. Paýtagtyň ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategik wezipelerini çözmekdäki goşandy, möhüm halkara syýasy, işewür, medeni, syýahatçylyk merkezi hökmündäki ähmiýeti we orny artýar. Bu ýerde, ýurdumyzyň baş şäherinde diňe bir ykbal kesgitleýji çözgütler kabul edilmän hem-de jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli döwre täsir edýän wakalar bolup geçmän, eýsem, depginli ösüş we özgertmeler bat alýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew badynda okgunly ösen 2014-nji ýyly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uly üstünliklere beslenen ýyl hökmünde häsiýetlendirdi. Ýurdumyz tarapyndan gazanylan ägirt uly üstünlikler döwletimize ilatyň durmuş derejesini iň ýokary derejelere götermäge mümkinçilik berdi. Bu bolsa milli Liderimiziň Täze ýyl gutlagynda türkmen halkyna aýdyşy ýaly, “Biziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna, adam baradaky aladanyň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan esasy ugruna öwrülýändigine aýdyň şaýatlyk edýär!”

Sebitleriň we paýtagtymyzyň ykdysady görkezijileriniň möçberi boýunça şu synymyz bilen biz ýurdumyzyň 2014-nji ýylda gazanan üstünliklerine bagyşlanan makalalar tapgyrymyzy tamamlaýarys.

Eýsem, gadam basan ýylymyz nähili bolar? Munuň özi her birimize hem-de ählimize baglydyr, çünki öz Lideri bilen birlikde döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan halk has-da uly üstünlikleri gazanmaga ukyplydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl Gutlagynda merdana halkymyzyň yhlasly zähmeti netijesinde 2015-nji ýylyň hem ägirt uly, tutumly işleriň amala aşyryljak ýyly boljakdygyna ynam bildirdi:

“Täze ýylda Berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmakda bize halkymyzyň egsilmez zehini, mizemez agzybirligi, zähmetsöýerligi güýç-kuwwat berer”.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter