Birža täzelikleri 11-nji Yanwar | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri 11-nji Yanwar

опубликованно 11.01.2015 // 835 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Germaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Yrakdan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, yşyklandyryjy kerosini, ýakylýan mazudy satyn aldylar. Russiýadan gelen işewürler karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýadan gelen işewürler önümçilik enjamlarynyň dürli görnüşlerini, owganystanly işewürler elektrik geçiriji ulgamy üçin demirbeton sütünleri, Şweýsariýadan, BAE-den, Singapurdan we Gyrgyzystandan gelen işewürler toparynyň wekilleri bolsa pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 43 million 760 müň müň dollaryndan gowrak boldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter