Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady

опубликованно 21.09.2018 // 828 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň Başlygy wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan Gutlaglaryny ýollady.

Milli Liderimiz Gutlagynda geçirilen saýlawlaryň netijesiniň Sindzo Abeniň ýurduň mundan beýläk-de ösüşi, halkara abraýynyň ýokarlanmagy, şeýle hem ýapon halkynyň abadançylygy ugrunda alyp barýan ägirt uly şahsy tagallalarynyň goldanylýandygyny görkezendigini belledi.

Türkmenistanyň Baştutany şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Premýer-ministrine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde üstünlikler gazanmagyny arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter