Baýramçylygyň öň ýanyndaky binagärlik açylyşlary | TDH
Jemgyýet

Baýramçylygyň öň ýanyndaky binagärlik açylyşlary

опубликованно 21.09.2018 // 949 - просмотров
 

Şu gün Kaka etrabynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynyň açylyş dabaralary boldy.

Bu dabaralara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, milli parlamentde Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň bähbidine wekilçilik edýän Serdar Berdimuhamedow, welaýat we etrap häkimlikleriniň, saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksada gönükdirilen özgertmeleri netijesinde häzir ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy halkara ölçegleriň derejesine ynamly çykdy. Milli Liderimiziň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, döwrebap tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy, saglygy goraýyş ulgamynyň ähli edaralarynyň doly kompýuterleşdirilmegi, bu ugurda alymlaryň täze işleri, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak — bularyň hemmesi adamlaryň saglygyny berkitmek we goramak üçin örän oňaýly şertleri döredýär.

Türkmenistanyň Prezidenti sebitlerde saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berýär: obalarda, şäherleriň we etraplaryň derejesinde hassahanalar we saglyk öýleri guruldy, bar bolan lukmançylyk edaralarynyň durky doly täzelenildi we täze enjamlar bilen üpjün edildi.

Şunuň bilen baglylykda, şu günki dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş eden Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» ähmiýetini belledi, onuň amala aşyrylmagyna uly möçberde serişdeler gönükdirilýär.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işläp taýýarlan bu toplumlaýyn maksatnamanyň esasy ugurlary döwrebap obalary döretmekde, oba saglygy goraýyş ulgamyny özgertmekde öz beýanyny tapýar.

2017-nji ýylyň dekabrynda Duşak şäherçesinde Keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk toplumynyň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup, ol durmuş ähmiýetli waka öwrüldi, sebäbi ozal oba ilaty saglygyny barlatmak üçin paýtagtymyza gelmeli bolýardy.

Mundan başga-da, bu sebitde halk wekiliniň meýilleşdirilen maksatnamalaýyn özgertmeleriniň çäklerinde saglyk öýi hem-de saglygy goraýyş merkezi açyldy. Şeýlelikde, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň giňeldilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde ilat bilen keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän işleriň gerimi giňeýär, ýaşaýan ýerleri boýunça ýokary derejeli barlagdan geçmäge hem-de hassahana girmezden bejergi almaga mümkinçilik üpjün edilýär.

Ine, şu gün hem döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz aladasy netijesinde, Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde “Rysgally zähmet” hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen täze, iki gatly çaga dogrulýan öý işläp başlady.

Ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns merkezinde durýar. Çagalara we göwreli aýallara lukmançylyk hyzmatlary mugt amala aşyrylýar. Maşgala lukmançylygy ýörelgesiniň hemmetaraplaýyn ornaşdyrylmagy, çagalar baglarynda, mekdeplerde, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, dürli ugurly kärhanalarda hem-de edaralarda möwsümleýin öňüni alyş barlaglarynyň geçirilmegi, mugt sanjym edilmegi käbir keselleriň doly ýok edilmegine ýardam etdi.

“Howpsuz enelik” maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde hem-de agramy ýetmeýän täze doglan çagalara idegi gowulandyrmak, şeýle hem sebitiň bu ugurdan lukmançylyk kömeginiň sazlaşykly işlemegini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatda degişli çäreler durmuşa geçirildi. Şolar dünýäniň ösen ýurtlarynda hereket edýän halkara ölçegleriň talaplaryna laýyk gelýär.

Täze gurlan çaga dogrulýan öýüň düzümine kabul ediş, çaga dogrulýan we çaga doglandan soň, göwreli aýallaryň patologiýasy, hirurgiýa, tiz bejeriş, anyklaýyş hem-de maslahat beriş bölümleri, şeýle hem barlaghana we beýlekiler girýär. Bu ýerde ýokanç keselleri bolan näsaglary aýratyn saklamak üçin otag göz öňünde tutuldy. Onda çagalara ilkinji lukmançylyk kömegini dessin bermek üçin ähli şertler döredildi.

Bu oba saglyk öýi «Medical Systems», «Cypress Diagnostics», «HEYER Medical», «Medical Econet», «Cobams», «Medical Electronics» ýaly ýapon we ýewropa kompaniýalarynyň öndüren, halkara ölçegleriň talaplaryna laýyk gelýän döwrebap enjamlary bilen üpjün edildi. Monitorlar arkaly geljekki eneleriň we çagalaryň ýürek urşuna, kislorodyň derejesine, beden gyzgynlygyna takyk gözegçilik etmek bolýar.

Bäbekhanada agramy ýetmeýän, wagtyndan öň doglan çagalara ideg etmek üçin enjam bar. Ol bäbek üçin amatly howany we çyglylygy saklamaga mümkinçilik berýär, täze doglan bäbekler olara örän duýgur bolýar, bu bolsa, olary saglyk üçin uly bolmadyk çylşyrymlaşmalar bilen sagaltmaga mümkinçilik berýär.

Eneligi we çagalygy goramak, ösüp gelýän nesli sazlaşykly terbiýelemek döwletimiziň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Şunda esasy ýörelge enäniň saglygy — nesliň saglygy we ýurdumyzyň bagtyýar geljegi bolup durýar.

Şu gün açylan täze desgalaryň hatarynda Kaka etrabynyň Garahan obasyndaky saglyk öýi hem bar. Bu ýerde näsaglara ýokary derejeli bejeriş we anyklaýyş kömegini bermek, keselden soň dikeldiş işleri üçin ähli şertler döredildi. Maşgala lukmanlarynyň, terapiýa, hirurgiýa, stomatologiýa, immunologiýa, akuşerçilik we ginekologiýa, UZI, EKG, bejeriş-dikeldiş bedenterbiýesi, barlaghana we beýleki otaglar döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen upjün edildi.

Lukmanlaryň ygtyýarynda embrional doppler, anyklaýyş ultrases enjamy, elektrokardiograf, glýukometr ýaly dürli anyklaýyş enjamlary bar. Şolaryň kömegi bilen maşgala lukmanlary näsaglarda keselleriň anyklamasyny geçirerler.

Mundan başga-da, täze oba lukmançylyk edarasynda üpjünçiligi boýunça şäherdäkilerden pes bolmadyk barlaghana, fizioterapiýa bölümi, gündiz bejergi alynýan bölüm göz öňünde tutuldy. Lukmançylyk enjamlary Belgiýadan, Italiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Polşadan we Slowakiýadan dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden satyn alyndy.

Soňky ýyllarda ulanmaga berlen oba saglyk öýleri bejeriş-öňüni alyş ulgamynyň edaralarynyň maşgala lukmançylygynyň täze derejesine çykmagynyň hem-de ilaty öz wagtynda ilkinji lukmançylyk kömegi bilen doly bahaly üpjün etmegiň nusga alarlyk mysaly bolup durýar.

Saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap desgalarynyň her bir açylyş dabarasy ýatdan çykmajak nurana baýramçylyga öwrülýär. Ine, bu gün hem döredijilik toparlary öz sungaty bilen dabara gatnaşyjylary begendirdiler. Dabarada çykyş eden etrabyň ýaşaýjylary döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkymyz barada, ösüp gelýän nesil hakynda edýän ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, şu günki wakalar milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan durmuş syýasatynyň yzygiderli amala aşyrylmagynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.

Dabaralara gatnaşyjylar ýetip gelýän şanly sene — ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimize iň gowy arzuwlaryny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlaýan oňyn özgertmeleriniň amala aşyrylmagy üçin ähli güýç-gaýratlaryny, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Çäreleriň barşynda işde tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan täze gurlan bäbekhana “UAZ 39629-016” kysymly “Tiz kömek” awtoulagy gowşuryldy.

***

Baş baýramçylygyň — ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda daşoguzly maşgalalaryň onlarçasy täze jaý toýlaryny tutdular. Şu gün ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň dolandyryş merkezinde her birinde 16 öý bolan, dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi ulanylmaga berildi.

Jaýlaryň ikisi “Nowruz” etrapçasynda “Türkmendemirbetonönümleri” önümçilik birleşiginiň Daşoguzdaky kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Üç we iki otagly giň öýlerden ybarat bolan jaýlarda amatly ýaşamak üçin zerur bolan ähli şertler döredildi.

Üç otagly öýüň umumy meýdany 140 inedördül metre, iki otagly öýüň meýdany bolsa 115 inedördül metre barabardyr. Olaryň her birinde kir ýuwulýan otag, penjireli eýwan bar.

Jaýlaryň ýene-de biri ýerli “Körpe gurluşyk” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan Baýdak köçesiniň ugrunda bina edildi. Iki we üç otagly öýler döwrebap aşhana mebelleri bilen üpjün edildi, beýleki amatlyklar göz öňünde tutuldy.

Täze jaýlaryň açylyş dabaralaryna welaýat hem-de şäher häkimlikleriniň, zähmetkeş toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Çeper höwesjeňler toparlary baýramçylyk ýagdaýyny döretdiler, olaryň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar ýaňlandy. Işde tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Bu ýere ýygnananlar milli Liderimize üstünlikli ýöredýän durmuş ugurly syýasaty, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak barada edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Soňky ýyllarda Daşoguzda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň depgini görnetin ýokarlandy. Şunda ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň gurluşyk bazaryna giňden çekilmegi uly orun eýeledi. Ilat üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy öz gerimi bilen haýran galdyrýar. Häzirki wagtda täze köpöýli ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasy Şagadam, Daşoguz, Görogly köçeleriniň ugrunda bina edilýär.

Şu gün açylan täze binalar — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň miwesi bolup, ol “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz beýanyny tapýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter