Birža täzelikleri 17-nji Ýanwar | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri 17-nji Ýanwar

опубликованно 17.01.2015 // 816 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.

Söwdalarda nebithimiýa önümleri alyjylaryň uly islegine eýe boldy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, az kükürtli ýangyç mazutyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Mundan başga-da, Beýik Britaniýadan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler bolsa “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Daşary ýurt puluna şeýle hem bugdaý uny, pagta süýümi we pagta egirme önümçiliginiň galyndylary ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Şweýsariýa, Singapur, Türkiýe, Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 83 million 450 müň dollaryndan gowrak boldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter