Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si öz işi­ne baş­la­dy | TDH
Ykdysadyýet

Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si öz işi­ne baş­la­dy

опубликованно 19.09.2018 // 907 - просмотров
 

Paý­tag­ty­myz­da ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si açyl­dy. Däp bo­ýun­ça Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan Wa­ta­ny­my­zyň baş baý­ra­my­nyň öň ýa­nyn­da gu­ral­ýan no­bat­da­ky yk­dy­sa­dy göz­den ge­çi­ri­liş öz ösü­şi­niň esa­sy ýo­lu­na dü­şen mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň haý­ran gal­dy­ry­jy üs­tün­lik­le­ri­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň ok­gun­ly ös­ýän halk ho­ja­lyk top­lu­my öň­de­ba­ry­jy dün­ýä­niň we ýur­du­my­zyň tej­ri­be­si­ni öw­ren­mek hem-de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak ar­ka­ly in­no­wa­si­ýa ösü­şi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Bu ge­zek­ki ser­gi hem bu baş ug­ry kes­git­le­di, onuň işi­ne yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­let bö­le­gi­niň dü­züm­le­ri­niň, bi­lim we me­de­ni­ýet, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ul­gam­la­ry­nyň eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­niň kär­ha­na­la­ry gat­naş­dy­lar.

Ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na hö­kü­met ag­za­la­ry, mil­li par­la­men­tiň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­rynyň, ýur­du­my­zyň işe­wür­ler to­par­la­ry­nyň, Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky il­çi­le­ri, ta­lyp ýaş­lar, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gyn­da halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň in­no­wa­si­ýa ösü­şi, se­na­ga­tyň di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wa­ty­nyň art­dy­ryl­ma­gy, hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy äh­lu­mu­my yk­dy­sa­dy gi­ňiş­lik­de ýur­du­my­zyň or­nu­nyň ber­ki­dil­me­gi döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry di­ýip bel­le­nilýär.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz — biz hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän iri möç­ber­li öz­gert­me­le­re, bi­na edil­ýän des­ga­la­ra, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan hä­zir­ki za­man kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ril­ýän ýo­ka­ry hil­li önüm­le­re, dür­li ul­gam­lar­da hyz­mat­la­ryň ýo­ka­ry hi­li­ne hem-de köp san­ly beý­le­ki üs­tün­lik­le­ri­mi­ze we ga­za­nan­la­ry­my­za buý­san­ýa­rys — di­ýip aýt­dy.

Kö­pu­gur­ly ser­gi hä­zir­ki za­man wi­deo­teh­ni­ka bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan giň zal­lar­da ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň we myh­man­la­ryň öňün­de dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry çy­kyş et­di­ler, olar Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zy wasp et­di­ler. Aja­ýyp halk mu­kam­la­ry Ser­gi mer­ke­zin­de be­lent­den ýaň­la­nyp, bu wa­ka baý­ram­çy­lyk öwüş­gi­ni­ni çaý­dy.

Ener­ge­ti­ka hem-de se­na­gat, ne­bit we gaz, ne­bit­hi­mi­ýa, gur­lu­şyk hem-de gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri, ulag we ara­gat­na­şyk, dok­ma önüm­çi­li­gi we ha­ly­çy­lyk, hi­mi­ýa pu­da­gy, oba hem-de suw ho­ja­ly­gy, oba­se­na­gat top­lu­my, luk­man­çy­lyk, bi­lim, me­de­ni­ýet, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk, çap­ha­na, te­bi­ga­ty go­ra­mak hem-de gök gu­şak sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­le­ri ýa­ly äh­li ul­gam­lar­da­ky ösüş dep­gin­le­ri wi­deo­ro­lik­ler­de, önüm­le­riň ki­çel­di­len nusgalarynda, çap­ha­na önüm­le­rin­de — ki­tap­lar­da, žur­nal­lar­da öz be­ýa­ny­ny tap­dy.

Ýur­du­my­zyň halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň in­no­wa­sion ösü­şi, se­na­ga­tyň di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wa­ty­nyň, eks­port ugur­ly da­şyn­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­giň gi­ňel­dil­me­gi bu ge­zek­ki ser­gi­niň öze­ni­ni düz­di. Mu­ňa ýüz­den gow­rak di­war­lyk­lar aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär, şo­lar ýur­du­my­zyň tu­tuş yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ni, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ba­şy­ny baş­lan mil­li ösüş mak­sat­na­ma­la­ry­nyň çäk­le­rin­de üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan tas­la­ma­la­ry be­ýan ed­ýär.

Ser­gi do­ly de­re­je­de döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li pu­dak­la­ry­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gör­kez­ýär, ol mak­sat­na­ma­lar ila­tyň dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na, adam­la­ryň zäh­met çek­me­gi we dynç al­ma­gy üçin my­na­syp şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir.

Göz­den ge­çi­ri­liş­de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly en­jam­lar, hä­zir­ki za­man gur­lu­şyk we ti­mar­la­ýyş se­riş­de­le­ri, komp­ýu­ter we kom­mu­ni­ka­si­ýa müm­kin­çi­lik­le­ri, azyk se­na­ga­tyn­da ýe­ti­len sep­git­ler, eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di­ni tap­mak­da üs­tün­lik­ler, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­nyň ösü­şi, ýur­du­my­zyň yl­my, iş­gär­ler, me­de­ni müm­kin­çi­lik­le­ri gör­kez­ilýär.

IT-teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, iň go­wy dün­ýä we ýur­du­my­zyň tej­ri­be­si­niň iş ýü­zün­de or­naş­dy­ryl­ma­gy, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň dur­muş de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dur­mu­şa ge­çir­ýän, ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­le­riniň baş mak­sa­dy­dyr.

Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­niň di­war­lyk­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy­ýet we söw­da bö­lüm­le­ri, Mer­ke­zi hem-de tä­jir­çi­lik bank­la­ry­nyň, Döw­let äti­ýaç­lan­dy­ryş gu­ra­ma­sy­nyň di­war­lyk­la­ry ser­gä gel­ýän­ler­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Olar söw­da pu­da­gy­ny gu­ra­mak işin­de yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň oňyn tä­si­ri­ni be­ýan ed­ýär. Bu pu­dak te­le­ke­çi­lik iş­jeň­li­gi­ni hö­wes­len­dir­di, hu­su­sy bö­le­giň pa­ýy­nyň art­ma­gy bi­len ba­zar gat­na­şyk­la­ry hä­si­ýe­ti­ne eýe bol­dy, je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi­ne öz tä­si­ri­ni ýe­tir­di.

Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy top­lu­my­nyň bin­ýat­la­ýyn pu­da­gy bo­lan ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my giň di­war­lyk­da gör­ke­zil­ýär, ol pu­da­gyň ýo­ka­ry dep­gin­ler­de ösü­şi­ni be­ýan ed­ýär. Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­yň hem-de ýa­kyn­da ulan­ma­ga ber­len te­bi­gy gaz­dan kar­ba­mid önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça “Ga­ra­bo­gaz­kar­ba­mid” za­wo­dy­nyň eks­port hem-de da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan tä­ze önüm­le­rine esa­sy orun ber­lip­dir.

Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­wi­de­niýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň “Ma­ha­bat” mü­dir­li­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len ýa­kyn­da ge­çi­ri­len “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li ha­kyn­da in­te­rak­tiw di­war­ly­gy uly ün­se eýe bol­dy. Dö­re­di­len go­şun­dy­nyň çäk­le­rin­de peý­da­la­ny­jy­lar smart­fon­la­ry we wir­tual gör­nüş­dä­ki äý­nek­le­ri ulan­mak arkaly, Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bi­len Ga­ra­gum säh­ra­syn­dan ge­çen ral­li-reý­diň jüm­mü­şi­ne ara­la­şyp, meş­hur aw­to­sü­rü­ji­le­riň or­nu­ny eýe­läp hem-de ýur­du­my­zyň te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri, ta­ry­hy we me­de­ni aja­ýyp­lyk­la­ry bi­len tan­şyp bi­ler­ler.

Ser­gi­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň sport ly­bas­lar top­lu­my ser­gä gat­na­şy­jy­la­ryň we fo­ru­myň myh­man­la­ry­nyň ün­sü­ni özü­ne çek­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ly­bas­da “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň baş­lan­gyç tap­gy­ryn­da çy­kyş et­di, şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Ga­ra­gum säh­ra­sy bo­ýun­ça ral­li-reý­diň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edi­len­di­gi we üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len­di­gi üçin bu ral­li ýa­ry­şy­nyň gu­ra­ma­çy­la­ry­nyň ýol­baş­çy­sy Žan-Lui Şles­ser ta­ra­pyn­dan “Af­rica Eco Raceniň” ýö­ri­te sy­la­gy gow­şu­ryl­dy.

Türk­me­nis­tan hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň hem-de mul­ti­mo­dal ýol­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gin­de iş­jeň sy­ýa­sa­ta yg­rar­ly­ly­gy­ny gör­kez­ýär.

Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn da­şa­ry sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de se­bi­tiň örän mö­hüm ulag ge­çel­ge­si­ne, iri hal­ka­ra lo­gis­ti­ka mer­ke­zi­ne öw­rül­ýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz da­şa­ry döw­let­ler bi­len öza­ra gat­na­şyk­lar bo­ýun­ça mö­hüm tek­lip­le­ri öňe sür­ýär hem-de ola­ry iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li çä­re­le­ri gör­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bu ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy öňe sür­me­gi hem-de onuň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne hut özü­niň gö­zeg­çi­lik et­me­gi bu hal­ka­ra aw­to­ral­lä aý­ra­tyn de­re­je ber­di.

Ser­gi­de ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri we ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­ri öz müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gör­kez­ýär­ler. Olar dür­li ul­gam­lar­da — oba ho­ja­ly­gyn­da we azyk se­na­ga­tyn­da, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, hä­zir­ki za­man se­na­gat des­ga­la­ry­nyň hem-de gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­niň önüm­çi­li­gin­de ýö­ri­te­leş­ýär­ler. Türk­me­nis­tan­da ola­ryň sa­ny yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­le­te de­giş­li bol­ma­dyk bö­le­gi­ne mil­li Li­de­ri­mi­ziň gol­daw ber­me­gi bo­ýun­ça yzy­gi­der­li çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de ýyl­sa­ýyn art­ýar.

Hä­zir­ki wagt­da türk­men kom­pa­ni­ýa­la­ry da­şa­ry ýurt­ly fir­ma­lar bi­len deň de­re­je­de bäs­leş­ýär­ler. Gur­lu­şyk­çy­lar hä­zir­ki za­man ýa­şa­ýyş-dur­muş ül­ňü­le­ri­ni giň­den or­naş­dyr­ýar­lar, bi­na edil­ýän des­ga­lar ze­rur bo­lan äh­li kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar bi­len en­jam­laş­dy­ryl­ýar, de­giş­li dü­züm­ler ös­dü­ril­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we­la­ýat­la­ry ös­dür­mek bo­ýun­ça sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz­dan baş­ga-da, we­la­ýat mer­kez­le­ri­niň keş­bi hem bar­ha gö­zel­leş­ýär, olar­da aja­ýyp bi­na­lar — dur­muş ul­ga­my­nyň des­ga­la­ry, eda­ra bi­na­la­ry, ýo­ka­ry amat­lyk­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry yzy­gi­der­li ýag­daý­da ulan­ma­ga be­ril­ýär.

Ugur­daş pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň, şeý­le hem ti­mar­la­ýyş daş­la­ry­ny, se­ment, ker­piç, pa­nel top­lum­la­ry­ny, mag­dan däl gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ni we tä­ze bi­na­lar üçin örän ze­rur bo­lan tur­ba önüm­le­ri­ni, ti­mar­la­ýyş se­riş­de­le­ri­ni, san­teh­ni­ki hem-de elekt­ro­teh­ni­ki we beý­le­ki önüm­le­ri ön­dür­ýän pu­da­gyň iri kär­ha­na­la­ry­nyň di­war­lyk­la­ry ýur­du­my­zyň gur­lu­şyk se­na­ga­ty­nyň, onuň ga­za­nan­la­ry­nyň ösüş dep­gi­ni­ni gör­kez­ýär.

Ser­gä gel­ýän­ler “KWK” ny­şan­ly ga­ýyş aýak­ga­by­ň ýo­ka­ry hi­li­ne, “Ak­daş mi­we iç­gi­le­ri” ny­şan­ly dür­li iç­gi­le­re, “Ha­zar ba­lyk” ny­şan­ly ba­lyk önüm­le­ri­ne, çö­rek-kö­ke hem-de et we süýt önüm­le­ri­ne uly üns ber­di­ler.

Ara­gat­na­şyk we ulag ul­ga­my­nyň dü­züm­le­ri hem öz di­war­lyk­la­ry­ny gu­ra­dy­lar. Ila­ta ýo­ka­ry hil­li we el­ýe­ter­li ulag hyz­mat­la­ry­nyň hö­dür­le­nil­me­gi ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň üs­tün­lik­li ösü­şi­niň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Ser­gä gel­ýän­ler Aw­to­mo­bil we De­mir ýol ulag­la­ry mi­nistr­lik­le­ri­niň di­war­lyk­la­ry ar­ka­ly pe­tek­le­ri elekt­ron usu­lyn­da sar­gyt et­mek hem-de sa­tyn al­mak ba­ba­tyn­da in­no­wa­si­ýa çöz­güt­le­ri bi­len tan­şyp bi­ler­ler.

Sport we sy­ýa­hat­çy­lyk, sport pu­da­gy hem-de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si dün­ýä­si­ni be­ýan ed­ýän di­war­lyk­la­ryň ýa­ny köp adam­ly bol­dy. Mu­nuň özi mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sy­ýa­sa­tyn­da, şeý­le hem onuň yl­my aň-bi­lim işin­de ile­ri tu­tul­ýan ugur bo­lup dur­ýar.

Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we ýer se­riş­de­le­ri ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň bö­lü­mi­ni be­ze­mek bo­ýun­ça iş­le­re ser­gi­niň gu­ra­ma­çy­la­ry has-da dö­re­di­ji­lik­li çe­me­le­şip­dir­ler, bu ýer­de baý maz­mun­ly res­mi­leş­di­ri­len di­war­lyk­lar­dan baş­ga-da, türk­men hal­ky­nyň buý­san­jy bo­lan türk­men ala­baý it­le­ri­ni we ta­zy­la­ry­ny syn­la­mak bol­ýar, ýur­du­myz­da ga­dym­dan bä­ri meş­hur bo­lan aw guş­la­ry bi­len aw et­me­giň muş­dak­la­ry­na la­çyn gu­şy gör­ke­zil­di.

Bu ser­gi ýur­du­my­zyň ön­dü­ri­ji­le­ri­niň önüm­le­ri­ni ýaý­mak üçin ne­ti­je­li meý­dan­ça­dyr. Iri möç­ber­li göz­den ge­çi­ri­liş hü­när­men­le­riň, bi­ler­men­le­riň we ha­ryt öw­re­ni­ji­le­riň ün­sü­ni çek­di. Köp san­ly şä­her­li­ler we paý­tag­ty­my­zyň myh­man­la­ry üçin bu ser­gi ýur­du­my­zyň ýag­ty gel­je­gi­ne ara­laş­ma­ga, iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar ar­ka­ly Diýarymyzyň ýa­kyn gel­jek­de nä­hi­li keş­be bes­len­jek­di­gi­ni göz öňü­ne ge­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di.

Ser­gi 20-nji sent­ýabr­da öz işi­ni ta­mam­lar.

***

Şol gün şeý­le hem Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­tyn­da “Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň esa­sy ugur­la­ry” at­ly yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di, oňa yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ry­nyň esa­sy hü­när­men­le­ri, alym­lar, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry we paý­tag­ty­my­zyň ta­lyp­la­ry gat­naş­dy­lar.

Maslahatda çy­kyş eden­ler Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan ýaý­baň­lan­dy­ry­lan iri möç­ber­li öz­gert­me­le­riň ýo­ka­ry ne­ti­je­li­li­gi­ni, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň öňün­de goý­lan we­zi­pe­le­riň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di­ler.

Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da ha­sa­bat­lar we yl­my ha­bar­lar diň­le­nil­di hem-de ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy, olar­da hal­ka­ra yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ugur­la­ry­na, ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na, bank işi­niň ös­dü­ril­me­gi­ne, önüm­çi­li­ge in­no­wa­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na, dur­muş sy­ýa­sa­ty­na we beý­le­ki­le­re de­giş­li mö­hüm me­se­le­ler öz be­ýa­ny­ny tap­dy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter