Birža täzelikleri 24-nji Ýanwar | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri 24-nji Ýanwar

опубликованно 24.01.2015 // 791 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan we Gonkongdan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we polipropileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, Koreýa Respublikasyndan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, owganystanly telekeçiler bolsa “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Daşary ýurt puluna şeýle hem nah ýüplügi we nah matany, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, gara mallaryň derisini, portlandsement, pagta süýümlerini satyn aldylar. Satyn alan ýurtlar: Şweýsariýa, BAE, Türkiýe, Singapur, Gruziýa, Ukraina we beýleki ýurtlar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 45 million 161 müň dollaryndan gowrak boldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter