Aşgabatda Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öz işini tamamlady | TDH
Ykdysadyýet

Aşgabatda Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öz işini tamamlady

опубликованно 30.01.2015 // 1008 - просмотров
 

Aşgabat, 30-njy ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öz işini tamamlady. Diýarymyzyň we dünýäniň mebel senagatynyň gazananlarynyň ýöriteleşdirilen sergisi eksponentleriň 70-e golaýyny özüne çekdi. Olar işewürligiň bu görnüşinde täze meýilleriň we nusgalaryň dürli öwüşginlerini sergä gelenlere görkezdiler. Ykdysady hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek mümkinçiligini gazanmak maksady bilen sergä öýleri we edara binalaryny enjamlaşdyrmak babatda teklipleri bilen Germaniýanyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Italiýanyň, Koreýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Eýranyň, Belarusyň iri kompaniýalarynyň 30-synyň wekilleri geldiler.

Mebel senagaty, öý hojalygy üçin dürli mebelleriň we harytlaryň önümçiligi — telekeçilik işi üçin özüne çekiji ugurlaryň biri, döredijilik başlangyjynyň, zehiniň, başarjaňlygyň gollanmasy bolup, oňa içerki bazarda ýurdumyzyň önüm öndürijileri mynasyp wekilçilik edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň durmuş ugurly strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy, döwlet tarapyndan orta we kiçi telekeçiligi ösdürmäge goldawyň berilmegi netijesinde mebel önümçiligi ýurdumyzda geljegi uly we okgunly ösýän pudaga öwrüldi.

Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde guralan giň gerimli sergi munuň aýdyň subutnamasy bolup, “Aýbölek mebel”, “Abraýly önüm”, “Rysgal”, “Çynar mebel”, “Çigildem mattress”, “Aýsenem”, “Naýbaşy”, “Nagyş”, “Iňňe” ýaly kärhanalaryň döwrebap, tehnologik, dürli islegleri kanagatlandyrýan köpdürli önümleri onuň esasyny düzdi.

“Aýbölek mebel” hojalyk jemgyýetiniň diplomlary we sylaglary, şol sanda 2014-nji ýylda Las-Wegasda geçirilen halkara sergide kärhana gowşurylan baýrak türkmen mebelçileriniň önümleriniň ýokary hiliniň ykrar edilmeginiň subutnamasyna öwrüldi.

Ýaşaýyş jaýlary we edara binalary üçin ýumşak we gabaraly mebeller, ýatylýan we myhman otaglary üçin garniturlar — nusgawy görnüşden başlap ajaýyp dizaýnerçilik çözgütlerine çenli, sergi zalynyň uly pawilýonlarynda ýerleşdirilen salon mebeli, çagalar, okuw otaglary we aşhana üçin mebeller sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Milli nagyşlaryň peýdalanylmagy bilen taýýarlanan bezeg materiallary olarda aýratyn gyzyklanma döretdi.

Sergi kaşaň myhmanhanalarda we dürli edaralarda otaglar üçin niýetlenen dünýä belli önüm öndürijileriň mebelleriniň we mebel enjamlarynyň ajaýyp nusgalary bilen hem tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Olar “Adore”, “Epika”, “Camelgroup”, “Loriginale”, “Moretticompact” (Italiýa), şeýle hem“Hosen” /Hytaý/, “Pink drew” /Belarus/ ýaly kompaniýalaryň ajaýyp garniturlarydyr. “Istikbal” türk kompaniýasynyň pawilony mebeller dünýäsinde teklipleriň uly sanawyny hödürledi.

Italýan mekdebiniň ussatlary tarapyndan gyzyl çaýylan we nagyşlanan aýratyn gymmatly çyralaryň, şemdanlaryň we gap-gaçlaryň toplumy serginiň özboluşly bezegine öwrüldi. “I Biagi”, “ Loriginale”, “Depos”, “Nello Gigil”, “Villari” sowgatlyk önümleriniň ýygyndysy Türkmenistandaky söwda hyzmatdaşy bolan “Serpaý” tarapyndan tanyşdyryldy.

Öýleri enjamlaşdyrmak üçin ýokary hilli durmuş tehnikalaryny we elektrik enjamlaryny, kompýuter enjamlaryny, teleenjamlary we stasionar telefonlary, wideogözegçilik we duýduryş ses ulgamlaryny getirmek we ş.m. ýaly ugurlarda ýöriteleşen hususy kompaniýalaryň we firmalaryň diwarlyklary serginiň üstüni ýetirdi.

Türkmen ussatlarynyň milli däplerini mynasyp dowam edýän özboluşly amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň ussalarynyň ajaýyp önümleri serginiň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şeýlelikde, Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi üstünlikli geçip, bu ugurda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň gazananlaryny we mümkinçiliklerini açyp görkezdi. Ol degişli ugurda mümkin bolan buýrujylaryň we hyzmatdaşlaryň ünsüni çekmek üçin açyk meýdança öwrülip, netijeli gatnaşyklaryň ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik döretdi hem-de oňa täze görnüş çaýdy we itergi berdi.

Serginiň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy.

Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, onda serginiň ýokary derejede guralandygy we onuň üstünlikli işlemegi üçin döredilen oňaýly şertler üçin örän uly hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter