Birža täzelikleri 31-nji Ýanwar | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri 31-nji Ýanwar

опубликованно 31.01.2015 // 808 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda söwdalaşyklaryň 31-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gazagystandan, Latwiýadan we Estoniýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy satyn aldylar, BAE-den we Malaýziýadan gelen işewürler bolsa tehniki kükürdi (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna nah ýüplükler, arassalanan pagta ýagy, pagta süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Şweýsariýa, BAE, Türkiýe, Eýran, Singapur we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy
ABŞ-nyň 36 million 427 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 1 million 460 müň manatlykdan gowrak ownadylan polimerleri (Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy) we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter