Suwdan peýdalanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr | TDH
Ykdysadyýet

Suwdan peýdalanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

опубликованно 05.02.2015 // 940 - просмотров
 

Ozal habar berlişi ýaly, 2-nji fewralda geçirilen wideoşekili iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň ekin meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy baradaky hasabatlaryny diňläp, sebitlerde ýagan ygalyň möçberlerine we topragyň çyglylyk derejesine ünsi çekmek bilen, möwsümleýin oba hojalyk işleri geçirilende häzirki amatly tebigat-howa şertlerini göz öňünde tutmagyň wajypdygyny nygtady.

Suwdan rejeli peýdalanmak boýunça milli Liderimiziň öňde goýan wajyp wezipelerini çözmek babatda şu günler tutuş ýurdumyzda suw howdanlarynda halk hojalygynyň dürli ugurlary üçin zerur bolan ätiýaçlyklary döretmek maksady bilen suw toplanylýar.

Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginde Türkmen döwlet habarlar agentliginiň habarçysyna (TDH) habar berişleri ýaly, eýýäm 2600 million kub metrden gowrak suw ýygnaldy. Bu bolsa geçen ýyldakydan 110,6 million kub metr köpdür. Ýagynyň köp düşmegi netijesinde Amyderýanyň, Murgabyň we beýleki derýalaryň suwunyň derejesi ýokarlandy, olaryň artykmaç suwlary bolsa emeli suw howdanlaryna geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumyny depginli ösdürmek, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek we daşky gurşawy goramak babatda öňde goýan wezipelerini çözmek bilen baglanyşyklydyr.

Häzir suw hojalygy pudagynda suwarymly ekerançylykda döwrebap, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, suw desgalaryny gurmagyň we ulanmaga tabşyrmagyň uly tejribesi toplanyldy. Iri suw hojalyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi dänäniň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň möçberlerini artdyrmaga hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, obasenagat ulgamynyň eksport kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Suw howdanlarynyň göwrümlerini artdyrmak boýunça ulgamlaýyn, maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar. Bu bolsa suw serişdeleriniň ätiýaçlygyny döretmäge, olary ekerançylyk meýdanlarynda has isleg bildirilýän wagtyna çenli saklap, möwsümler boýunça netijeli paýlamaga mümkinçilik berýär. Lebap welaýatynyň günorta-gündogarynda ýerleşýän “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” suw howdanynyň birnäçe täze desgalarynyň gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga taýýar edildi. Netijede, döredilen emeli kölüň göwrümi 2,2 milliard kub metre ýetirildi. Ýurdumyzdaky bu iri howdan ägirt uly suw toplaýjy desga bolup, derýa akymlaryny sazlaýjynyň işini hem ýerine ýetirip, Amyderýanyň suwunyň Garagum derýasy boýunça bellenen ölçeglerde yzygiderli geçmegini üpjün edýär. Toplumyň desgalarynda işleriň gerimi hemişe artýar, ýakyn ýyllarda onuň göwrümini 3 milliard 850 million kub metre çenli köpeltmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, häzirki wagtda Garagum derýasynda “Hanhowuz” hem-de Murgap derýasynda “Saryýazy” suw howdanlarynyň hanasy giňeldilýär. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda 20,5 million kub metr göwrümli suw howdanynyň gurluşygy dowam edýär. Sil suwlarynyň uly möçberlerini toplamak üçin döredilen bu köller täze ekin meýdanlaryny dolanyşyga girizmäge ýardam etmäge gönükdirilendir. Şeýle hem kenarlary berkitmek, Amyderýada bentleri abatlamak boýunça çäreler amala aşyrylýar.

Şu ýylyň ýanwar aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, “Türkmenistanda suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak we Garagum derýasynyň suw geçirijiligini ýokarlandyrmak boýunça geçirilmeli işleriň
2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy” tassyklandy. Bu maksatnama Garagum derýasynyň baş sakasyndan Balkan welaýatynyň Bereket şäherine çenli 1100-nji kilometrlikdäki böleginde ozal bar bolan suw desgalarynyň durkuny täzelemegi we täzelerini gurmagy göz öňünde tutýar. Birnäçe welaýatlary suw bilen üpjün edýän Garagum derýasynyň akymynyň ugruny arassalamak maksady bilen, onuň suw sazlaýjy desgalaryny abatlamak boýunça anyk çäreler görülýär.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde zeýkeş we suwaryş ulgamlaryny arassalamak boýunça işler alnyp barylýar. Munuň özi agrotehniki çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga, gowaça ekmek göz öňünde tutulýan meýdanlarda ýuwuş suwuny geçirmäge, möhüm oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasyllylygyny üpjün etmäge ýardam eder.

Topragyň hasyllylygyny dikeltmek, ikinji gezek şorlamagynyň öňüni almak miraplaryň möhüm işleriniň biridir. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň birinji nobatdakysynyň ulanmaga berilmegi bilen ýaşaýyş ýerlerden şor suwlar kanallar ýokary netijeli ýeke-täk bir ulgama birleşdirildi. Netijede, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýy gowulanýar, töwerekdäki pes ýerlere we suw akabalaryna zeýkeş suwlarynyň akmagynyň öňi alynýar. Bu çäreler Türkmenistanda we umuman, sebitde ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna ýardam edýär. Bu ägirt uly taslamanyň ikinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygy dowam edýär. Bu bolsa zeýkeş suwlaryny oba hojalygynyň zerurlygy üçin gaýtadan peýdalanmaga ýardam berdi. Munuň özi Orta Aziýada suw çeşmeleriniň çäklidigini nazarda tutanyňda aýratyn möhümdir. Şol suwlaryny gaýtadan ulanmak meselelerini çözmekde Türkmenistan sebitde mynasyp nusga görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan, obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär. Pudagyň düzümleri dünýäniň öňdebaryjy öndürijileri bolan “Katerpiller”, “Komatsu” we ş.m. kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli buldozerlerine, ekskawatorlaryna, ulag tehnikalaryna we beýleki enjamlara eýedir. Marynyň mehaniki-abatlaýyş hem-de Türkmenabadyň tejribe-abatlaýyş kärhanalarynyň durky täzelenilýär. Bu bolsa olarda öndürilýän önümleriň hilini gowulandyrmaga hem-de önümçilik kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Ýokary tehniki üpjünçilik damjalaýyn suwaryş we emeli ýagyş usuly suwdan peýdalanmagyň döwrebap usullarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Bular ekin meýdanlarynda eýýäm öz netijeliligini görkezdi hem-de suwdan ylmy esaslandyrma boýunça peýdalanmagyň hasabyna onyň sarp edilişini azaltmaga ukyplydyr.

Türkmen halky köpasyrlyk taryhynyň bütin dowamynda suwa bahasyz gymmatlyk hökmünde garap geldi. Her damjasy altyn dänesine deňelýän suwa aýawly garamak baradaky öwüt-ündewler nesilden-nesle geçirilip gelindi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe suw pudagyna öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmagy üpjün etmek maksady bilen görülýän anyk çäreler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülmegine ýardam edýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter