Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

опубликованно 15.09.2018 // 1047 - просмотров
 

Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri hakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde giň möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylyp, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar.

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylyň şöhratly wakalary hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýä ýüzündäki at-abraýyny has-da belende göterýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny dünýä derejesindäki ösüşlere beslemekde, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny has-da kämilleşdirmekde uly işler alnyp barylýar.

Bagtyýar raýatlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmakda, edebiýatymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmakda medeniýet we sungat, döredijilik işgärleri ýadawsyz zähmet çekýärler. Agzybir halkymyzyň abadan durmuşyny, ýurdumyzyň gülläp ösüşini çeper beýan etmek, milli edebiýatymyzyň we sungatymyzyň ösmegine uly goşant goşmak maksady bilen, yzygiderli geçirilýän döredijilik bäsleşikleri netijeli häsiýete eýe bolýar.

Ýurdumyzyň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda yglan edilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da kämilleşdirilýär.

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzda ýokary derejede guralan «Amul — Hazar 2018» ylgaw ýaryşlary, halkara awtorallisi türkmen sportunyň şan-şöhratyny dünýä doldurýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzündäki belent abraýynyň, ähli ugurlar boýunça ösüşleriniň, ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň, bagtyýarlygynyň, jemgyýetimiziň sagdynlygynyň, edebiýatymyzda, medeniýetimizde, sungatymyzda gazanan üstünliklerimiziň taryhy ähmiýetini, gadyr-gymmatyny giňden şöhlelendirýän täze, kämil eserleri döredendikleri, «Amul — Hazar 2018» ýaryşlarynda türgenleriň ýokary netijeleri gazanandyklary üçin we bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak boýunça toparyň towakganamasyny nazara alyp, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

1. Şu döredijilik işgärlerini we türgenleri edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri diýip yglan etmeli we şu baýraklar bilen sylaglamaly:

Iň gowy goşgular we poemalar üçin:

«Adalat» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary Gurbanjemal Azizhanowna Annakowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

«Türkmenistan» gazetiniň uly habarçysy Ysmaýyl Uzakbaýewiç Taganowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň şahsy düzüm bilen işlemek boýunça toparynyň ýolbaşçysy Muhammetjuma Durdymyradowiç Atdaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň harby gullukçysy Toýly Orazkulyýewiç Abdullaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 1-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Gültäç Agoýlyýewna Orazjanowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Esen Çaryýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň aýdym-saz mugallymy Nartäç Ballyýewna Ýusupdurdyýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy makalalar we oçerkler üçin:

«Türkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory Akmyrat Gurbangeldiýewiç Hojanyýazowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Jezalary ýerine ýetirmek müdirliginiň 2-nji bölüminiň uly gözegçisi Aýna Amanmyradowna Nuryýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň uly prokurory Nurjemal Dadebaýewna Baýramowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Aýnur Gurbangeldiýewna Agalyýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň mugallymy Toýly Babageldiýewiç Hommyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň etnografiýa we ruhy medeniýet bölüminiň müdiri Agamyrat Ýazmyradowiç Baltaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Energetika işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy Jumanazar Garajaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Ykdysady, maliýe we hukuk töwekgelçiliklerini seljeriş müdirliginiň başlygy Hangeldi Hakberdiýewiç Gurbangeldiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň «Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň jogapkär kätibi Ruslan Geldiýewiç Myradowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň «Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň bölüm redaktory Atamyrat Nutyýewiç Şagulyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

«Daşoguz habarlary» welaýat gazetiniň medeniýet we durmuş bölüminiň redaktory Mährigözel Tirkeşowna Saparowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň pedagogika we psihologiýa mugallymy Maral Muhammedowna Annagulyýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy hekaýalar, terjimeler, powestler we romanlar üçin:

«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň terjimeçisi Myrat Goşlyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky geňeşliginiň Magtymguly obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Derýa Aşyrowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň EHM operatory Kümüş Myratowna Mätniýazowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy kitaplar, neşir önümleri we dizaýn-bezeg işleri üçin:

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus edebiýaty kafedrasynyň müdiri, dosent Seýitguly Mämmetnurowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň giňden ulanylýan harytlar uçastogynyň sahaplaýjysy Sülgün Ataýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän bölüminiň kompýuterde dizaýner işleri boýunça operatory (dizaýner) Anastasiýa Alekseýewna Korotkowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy teleradio gepleşikler toplumy üçin:

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň öwreniji-mugallymy, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň «Watan» habarlar bölüminiň alyp baryjysy Mährijemal Pirnepesowna Nepesowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň bilim we tilsimat bölüminiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Çynar Baýramgulyýewna Hojyýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň Arhitektura we şäher gurluşygynyň baş müdirliginiň hünärmeni, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň terjime (kinofilm) bölüminiň diktory Meýlismyrat Klyçmyradowiç Kurbanowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň režissýorlar, hudožnikler we beýleki işgärler toparynyň utgaşdyryjysy Baýram Wepaýewiç Haljanowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň syýasat bölümçesiniň müdiri Sona Sapardurdyýewna Arazmedowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň folklor, halk döredijiligi bölüminiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Mähri Jumamyradowna Çeppeýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň atçylyk we türkmen sportunyň taryhy bölüminiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Baýramdurdy Gurbanmuhammedowiç Güjikowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň terjime bölüminiň terjimeçisi Mežnun Allamyradowiç Öräýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymynyň ylym we bilim bölüminiň müdiri Merjen Sahatmyradowna Geldimyradowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň «Beýik türkmen şahsyýetleri» atly gepleşigini taýýarlamaga we çykyş etmäge gatnaşan toparyny (topar ýolbaşçysy Serdar Kakamyradowiç Ataýew) 2 800 (iki müň sekiz ýüz) manat;

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň telestudiýasynyň «Merdana nesiller», «Esger salamy», «Harby sport kämilligi» atly harby telegepleşikleri taýýarlaýan toparyny (topar ýolbaşçysy Şamyrat Orazmyradowiç Orazmyradow) 7 000 (ýedi müň) manat;

Iň gowy kinofilmler, sahna oýunlary we sahna çykyşlary üçin:

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň döredijilik toparyny (baş ýolbaşçysy Kakajan Aşyrow) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik toparyny (baş ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Myrat Hydyrmämedowiç Aradow) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik toparyny (baş ýolbaşçysy Handurdy Berdiýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik toparyny (baş ýolbaşçysy Aşyrmuhammet Rahmanow) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik toparyny (baş ýolbaşçysy Nurberdi Altyýewiç Hojaýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik toparyny (baş ýolbaşçysy Öwezmyrat Ýegendurdyýewiç Türşekow) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik toparyny (baş ýolbaşçysy Faýzulla Eminow) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik toparyny (baş ýolbaşçysy Mekan Artykmyradowiç Silapow) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik toparyny (baş ýolbaşçysy Ata Pigambargulyýewiç Gullarow) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby, Türkmenistanyň döwlet sirkiniň «Türkmen jigitleri» toparynyň sahna ussady Arslan Myradowiç Annamyradowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, Türkmenistanyň döwlet sirkiniň «Türkmen» jigitler toparynyň ýokary derejeli sirk artisti Ogulbossan Gurbanmuhammedowna Akmyradowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň türgençisi Baýramdurdy Çaryýargulyýewiç Baýramdurdyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň tälimçisi, Türkmenistanyň döwlet sirkiniň «Türkmen jigitleri» toparynyň sahna ussady Serdar Pygyýewiç Baýramdurdyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň tälimçisi, Türkmenistanyň döwlet sirkiniň «Türkmen» jigitler toparynyň sahna ussady Aman Kerimgulyýewiç Bäşimowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň türgençisi, Türkmenistanyň döwlet sirkiniň «Türkmen» jigitler toparynyň sahna ussady Serdar Hojakulyýewiç Gurbangulyýewy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň atbakary Serdar Agageldi ogly Hudaýgulyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, Türkmenistanyň döwlet sirkiniň «Türkmen» jigitler toparynyň 1-nji derejeli sirk artisti Serdar Bäşgulyýewiç Kakalyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Türkmenistanyň döwlet sirkiniň «Türkmen» jigitler toparynyň sahna ussady Resul Jumamyradowiç Müjewirowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Türkmenistanyň döwlet sirkiniň «Türkmen» jigitler toparynyň ýokary derejeli sirk artisti Serdar Mämmedowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Rejepmuhammet Ýakupgulyýewiç Rejepmuhammedowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň türgençisi, Türkmenistanyň döwlet sirkiniň «Türkmen» jigitler toparynyň sahna ussady Selbi Akmyradowna Şihiýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby, Türkmenistanyň döwlet sirkiniň «Türkmen» jigitler toparynyň ýokary derejeli sirk artisti Lilianna Ahmedowna Ýusupowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy tans, halk döredijilik we aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary üçin:

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestrini (ýolbaşçysy Rasul Akmyradowiç Gylyjow) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Güneş» toparyny (ýolbaşçysy Akmämmet Gurbannyýazowiç Tatow) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň «Mukam» skripkaçylar toparyny (çeper ýolbaşçysy Garold Isaakowiç Neýmark) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparyny (ýolbaşçysy Annajemal Saparowna Nurmuhamedowa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

«Türkmenhowaýollary» gullugynyň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň «Laçyn» tans-saz, folklor toparyny (ýolbaşçysy Maýsagül Gylyçmyradowna Eminowa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Aragatnaşyk müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgüniň «Dehistan» aýdym-tans we folklor etnografiýa toparyny (ýolbaşçysy Saryýa Karahanowa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Folklor-etnografiýa studiýasynyň döredijilik toparyny (ýolbaşçysy Myratgeldi Baýramberdiýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň «Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor tans toparyny (ýolbaşçysy Allaberdi Tagandurdyýewiç Nazarow) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparyny (ýolbaşçysy Arslan Annageldiýewiç Berkeliýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

20016-njy harby bölümiň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestrini (ýolbaşçysy Azamat Açylowiç Awliýakulyýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň aýdym-saz we tans toparyny (ýolbaşçysy Orazmuhammet Aşyrmuhammedowiç Gündogdyýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň «Aşgabat» tans toparyny (ýolbaşçysy Enejan Kakajanowna Çaryýewa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň «Ýaşlyk» akkordeonçylar toparyny (ýolbaşçysy Batyr Dörtgulyýewiç Almämmedow) 7 000 (ýedi müň) manat,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Miras» folklor toparyny (ýolbaşçysy Merdan Myratgulyýewiç Abaýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň medeniýet bölüminiň «Dürdäne» folklor toparyny (ýolbaşçysy Merdan Hudaýberdiýewiç Orazmämmedow) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň birleşen deprekçiler toparyny (ýolbaşçysy Batyr Baýjanowiç Haljanow) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň käsede çalýan «Merjen mukamlary» çagalar toparyny (ýolbaşçysy Ýoldaş Rawşanowiç Bazarow) 7 000 (ýedi müň) manat,

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň medeniýet bölüminiň döredijilik toparyny (ýolbaşçysy Gurbangül Babaýewa) 7 000 (ýedi müň) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Meňli» tans ansamblynyň baş baletmeýsteri Maral Öwezgeldiýewna Aşyralyýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Meňli» tans ansamblynyň balet artisti Aýgül Allaýarowna Hudaýberdiýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Türkmenistanyň Döwlet tans toparynyň ýokary derejeli balet artisti Maýsa Täçmyradowna Bekmyradowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň 1-nji derejeli artisti Oguldurdy Saparlyýewna Hydyrowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň «Näzli» döredijilik merkeziniň çeper ýolbaşçysy Gözel Gurbanmyradowna Gurbanowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň «Näzli» döredijilik merkeziniň ýokary derejeli artisti Leýli Tirkeşewna Hudaýnazarowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni-merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň ýokary derejeli balet-artisti Arslan Annamuhammedowiç Durdyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni-merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň ýokary derejeli balet-artisti Güljemile Aşyrowna Akyýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

«Türkmenhowaýollary» gullugynyň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň «Laçyn» tans-saz, folklor toparynyň birinji derejeli artist-tansçysy Aýgözel Bazarbaýewna Garlyýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň «Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor tans toparynyň ýokary derejeli tansçysy Şemşat Hezretowna Nurmuhammedowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Folklor-etnografiýa studiýasynyň balet toparynyň ýokary derejeli artisti Orazmyrat Halmyradowiç Işangulyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Aýdymçynyň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin:

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň uly mugallymy Aýna Bekmuradowna Seýitkulyýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Sazandanyň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin:

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Altyn asyr» estrada orkestriniň ýokary derejeli artisti-solisti, instrumentalisti Mekan Italmazowiç Tagandurdyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Owaz» estrada orkestriniň ýokary derejeli artisti-solisti, instrumentalisti Suraý Gurbanmuhammedowna Haştekowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýokary derejeli artisti-solisti, instrumentalisti Ýusup Farhadowiç Öwezowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýokary derejeli artisti-solisti, instrumentalisti Dawid Mihaýlowiç Dworsowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy aýdym-saz eserleri üçin:

Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk saz gurallary kafedrasynyň mugallymy Omar Mamatowiç Igamowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Kitaphanasynyň bölüm müdiri Begenç Italmazowiç Saparlyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Medeni-köpçülik çärelerini ýokary derejede guramak üçin:

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Usulyýet bölüminiň müdiri Aýna Meredowna Arzymedowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň «Ahal öwüşginleri» etnografik folklor tans toparynyň müdiri Göwher Jumadurdyýewna Rejepowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary Bezirgen Annanyýazowiç Orazowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary Söýün Atabaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Lebap welaýatynyň Kerki şäheriniň medeniýet merkeziniň direktory Ýazguly Hodjiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň drama artisti Döwran Aganazarowiç Joraýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Suw görnüşleri boýunça sport mekdebiniň suwda ýüzmek boýunça bölüminiň tälimçi-mugallymy Hemra Bäşimowiç Nurmyradowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Ahal welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Bäherden etrabynyň sport mekdebiniň grek-rim göreşi boýunça tälimçisi Parahat Annamämmedowiç Amanowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň sport mekdebiniň ýeňil atletika boýunça tälimçi-mugallymy Ogulgül Gurbannazarowna Nurlyýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Daşoguz welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Daşoguz şäheriniň 4-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň uşu boýunça tälimçi-mugallymy Begli Altybaýewiç Aýdogdyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Lebap welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Türkmenabat şäheriniň 11-nji sport mekdebiniň sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça tälimçi-mugallymy Sabina Mustafaýewna Sultanowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Mary welaýatynyň ýöriteleşdirilen «Olimpiýa» ätiýaçlyk sport mekdebiniň sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça tälimçisi Kadyr Gurbançaryýewiç Guladowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleri, fotosuratlar, taslama-bezeg işleri üçin:

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň grafika kafedrasynyň mugallymy Maýagül Baýramgylyjowna Lallykowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Muhammet Husanowiç Baratowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Eziz Haýdar ogly Rahmankulowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Döwletmämmet Gafurowiç Nyýaztuwakowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Geldimyrat Kakajanowiç Garlyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy Hoşgeldi Taňryberdiýewiç Atasaparowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

«Aşgabathyzmat» Aşgabat şäher önümçilik birleşiginiň «Owadan» hyzmat ediş öýüniň «Milli» tikinçilik bölüminiň müdiri Akgyz Durdymämmedowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

«Aşgabathyzmat» Aşgabat şäher önümçilik birleşiginiň «Owadan» hyzmat ediş öýüniň «Milli» tikinçilik bölüminiň tikinçisi Aýna Mälikowna Mişşiýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň baş modelýer-konstruktorlar, keşdeçiler we tikinçiler toparyny (ýolbaşçysy Wera Petrowna Wolkowa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy halylar, haly önümleri we keçeler üçin:

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam kafedrasynyň uly mugallymy Altyn Aşyrgeldiýewna Muhammedowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Gurbansoltan Orazmyradowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Mary haly önümhanasynyň halyçysy Ogulnur Jepbarowna Çaryýarowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň «Keýikleriň güzeri» atly peýzaž halysyny dokan toparyny (11 adam, ýolbaşçysy Mähri Orazberdiýewna Annaberdiýewa) 7 700 (ýedi müň ýedi ýüz) manat,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň «Gadymy şäher» atly peýzaž halysyny dokan toparyny (5 adam, ýolbaşçysy Gülşat Täçmyradowna Annamämmedowa) 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň «Guba gazym» atly peýzaž halysyny dokan toparyny (5 adam, ýolbaşçysy Tyllagözel Ataýewna Berdiýewa) 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň «Bahar pasly» atly peýzaž halysyny dokan toparyny (5 adam, ýolbaşçysy Ogulgerek Durdymuhammedowna Tagandurdyýewa) 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň «Dag tebigaty» atly peýzaž halysyny dokan toparyny (8 adam, ýolbaşçysy Gunça Hydyrowa) 5 600 (bäş müň alty ýüz) manat,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary» atly peýzaž halysyny dokan toparyny (5 adam, ýolbaşçysy Altyn Nurberdiýewna Ýolamanowa) 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň «Ýüpek ýolunyň kerweni» atly peýzaž halysyny dokan toparyny (6 adam, ýolbaşçysy Bagtygül Gurbansähedowa) 4 200 (dört müň iki ýüz) manat,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň «Arşyň nepisligi» atly peýzaž halysyny dokan toparyny (2 adam, ýolbaşçysy Annanabat Amanowna Durdyýewa) 1 400 (bir müň dört ýüz) manat,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Esenguly çeper halyçylyk kärhanasynyň «Sekiz burçly» tegelek halysyny dokan toparyny (15 adam, ýolbaşçysy Jumagül Durdymuratowna Basarowa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň «Çyrpy nagşy» halysyny dokan toparyny (2 adam, ýolbaşçysy Nurbibi Begmuhammedowna Begmuhammedowa) 1 400 (bir müň dört ýüz) manat.

2. Türkmenistanyň Merkezi banky şu Kararyň 1-nji bölüminde görkezilen baýraklar üçin jemi 646 100 (alty ýüz kyrk alty müň bir ýüz) manat möçberdäki pul serişdelerini Türkmenistanyň Prezidentiniň Haýyr-sahawat gaznasyndan tölemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter