Ýokary döwlet sylaglary — milli medeniýetimizi ösdürmäge goşant üçin | TDH
Medeniýet

Ýokary döwlet sylaglary — milli medeniýetimizi ösdürmäge goşant üçin

опубликованно 15.09.2018 // 607 - просмотров
 

Şu gün deňizýakasyndaky şäheriň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hem-de edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş ýerine ýetirijileriň we zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Döredijilik işgärlerini her ýyl döwlet derejesinde sylaglamak dabarasy ýurdumyzyň Baş baýramynyň — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýär, munuň özi döredijilik işgärleriniň özygtyýarly Bitarap döwletimiziň okgunly ösüşine goşandynyň ähmiýetini aňladýar.

Şeýle çäreleriň geçirilmegi egsilmez ruhy baýlygymyzy gorap saklamagyň we artdyrmagyň, döredijilik işgärlerini goldamagyň we höweslendirmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyna şaýatlyk edýär, ol «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda öz beýanyny tapýar.

Döredijilik ruhy täze döwrüň alamaty bolup, ol Hazaryň kenarynda has-da aýratyn duýulýar, bu ýerde ylham-joşgunyň hem-de örän oýlanyşykly pikirleriň nyşany bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy ýaýylyp ýatyr. Döredijilik işgärlerini sylaglamak çäresi şu ýyl ýurdumyz üçin ýene-de bir möhüm we şanly wakalaryň biri — “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň ýeňijilerini sylaglamak çäresi bilen gabat gelendigini bellemek gerek. Bu çäre şu gün agşam gojaman Hazaryň kenarynda geçiriler. Türkmenistanyň Prezidentiniň başyny başlan hem-de döwlet Baştutanymyzyň howandarlygynda geçirilen awtoralli diňe gyzykly sport ýaryşlaryny öz içine almak bilen çäklenmedi. Awtoulaglary sürüjiler, şeýle hem ýaryşy beýan eden habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýurdumyzyň täsin taryhy-medeni mirasy hem-de onuň häzirki zaman gazananlary bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik aldylar. Ýaryşyň badalgasynda — Türkmenabatda, ondan soň ýaryşyň ugry boýunça ähli düşelgelerde myhmanlary döredijilik toparlary, zehinli aýdymçylar we sazandalar joşgunly garşylap, milli medeni däplerimiziň baýlygyny we özboluşlylygyny açyp görkezdiler, halklaryň dostlugynyň çäklerini giňeltdiler.

Şu gün bolsa “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň hem-de “Beýik Ýüpek ýolunyň” ugry boýunça geçirilen beýleki sport ýaryşlarynyň tamamlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň we daşary döwletleriň sungat ussatlarynyň uly konserti taýýarlanyldy.

Bu wakalaryň hemmesi Türkmenbaşy şäheriniň Ruhyýet köşgünde bolup geçýän dabara aýratyn öwüşgin çaýýar.

Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijilik işgärlerine hormatly atlaryň dakylmagy hem-de “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerine pul baýraklarynyň berilmegi mynasybetli iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Gutlagynda bäsleşigiň ýeňijilerini şu günki waka hem-de ýetip gelýän baýramçylyk — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy bilen gutlap, jemgyýetiň ruhy durmuşynda, milli däplerimizi ösdürmekde, taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamakda we dünýä ýaýmakda, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmakda hem-de dünýäniň halklary bilen dostlukly gatnaşyklary berkitmekde olaryň işiniň ähmiýetini belledi.

Milli Liderimiz “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen 2018-nji ýylyň aýdyň döredijilik wakalaryna baý bolup, gadymy ýoluň taryhy ähmiýetini açýan dürli žanrdaky eserler bilen bellenendigine ünsi çekdi.

Bularyň ählisi bolsa, nesilleri watansöýüjilik, halallyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, ýaşlaryň kalbynda şöhratly ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine söýgi döretmekde möhüm ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiziň Gutlagynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň durmuşyndaky bu möhüm wakalaryň geljekde-de medeniýet we sungat işgärleriniň döredýän eserlerinde has-da joşgunly we täsirli beýan ediljekdigine berk ynam bildirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagy dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylanyldy.

Soňra hormatly atlary dakmak hakynda Perman hem-de “Türkmeniň Altyn asyry” umumymilli bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak hakynda Karar okalýar.

Döredijilik toparlarynyň ýolbaşçylary, ýazyjylar we şahyrlar, aýdymçylar we sazandalar, şekillendiriş sungatynyň ussatlary hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri yzly-yzlyna sahna çykýarlar.

Bäsleşigiň ýeňijileri öz işlerine beren ýokary bahasy üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, olar bu sylagy diňe bir belent hormat hökmünde däl-de, eýsem, sungatyň dörediji we birleşdiriji güýjüniň ýene-de bir subutnamasy hökmünde kabul edýärler. Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler täze döredijilik sepgitlerini açýar, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp, asylly başlangyçlaryna mynasyp bolmak isleýäris diýip, baýrak eýeleri aýtdylar.

Dabaraly çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul etdiler. Olar öz işine berlen ýokary baha, döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň ruhy mirasyny gaýtadan dikeltmek we ösdürmek barada edýän atalyk aladasy, döredijilikli işlemek üçin zerur şertleriň döredilendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, geljekde hem ata Watanymyzy gülledip ösdürmegiň bähbidine ähli güýçlerini, bilimlerini, tejribelerini, ussatlygyny we ylhamyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra sahnada meşhur we ýaş ýerine ýetirijileriň — dürli umumymilli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, iň oňat tans we folklor-etnografiýa aýdym-saz toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk şüweleňi ýaýbaňlanýar.

Nurana aýdym-sazly çykyşlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, Watanymyzyň medeniýetini ösdürmäge, täze gözýetimleri açan milli Liderimiziň durmuşda ajaýyp beýanyny tapan başlangyçlaryna özboluşly sena bolup ýaňlandy.

Konsertiň köpöwüşginli maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň baýlygy we özboluşlylygy, onuň giň görnüşleri hem-de ýerine ýetirijilik mekdepleri, döredijilik däpleriniň nesilden-nesle geçijiligi şöhlelendi.

Milli Liderimize bagyşlanyp ýerine ýetirilen aýdym baýramçylyk konsertiniň joşgunly jemlenmesi bolup ýaňlandy. Bu aýdym parahatçylykda we abadançylykda ýaşamak, ajaýyp ýurtda döretmek bagtyna eýe edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan çuňňur hoşallyk duýgulary bilen dabara gatnaşyjylaryň kalbyny joşdurdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter