Statistika boýunça ylmy-amaly maslahat | TDH
Ykdysadyýet

Statistika boýunça ylmy-amaly maslahat

опубликованно 13.02.2015 // 1096 - просмотров
 

Aşgabat, 13-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Statistika--Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetiň aýnasy” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň bütin halk hojalyk toplumyny ösüşiň täze derejesine çykarmak boýunça öňde goýlan uly wezipeleri üstünlikli çözmekde statistikanyň ornuna bagyşlanan maslahat Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen bilelikde guraldy.

Maslahata degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenleri, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi we talyplary gatnaşdylar.

Umumy mejlisiň barşynda ýurdumyzda statistika ylmyny mundan beýläk-de depginli ösdürmek, pudakda işleri has-da kämilleşdirmek, dünýä tejribesinde ulanylýan häzirki zaman usullary we tehnologiýalary özleşdirmek hem-de tejribe alyşmak arkaly hünärmenleriň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak işinde maslahatda garalan meseleleriň ähmiýeti bellenildi.

Soňra maslahatyň işi “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady özgertmelerine statistiki baha”, “Statistika ulgamynda ykdysady-matematiki modelirleme hem-de innowasion tehnologiýalar”, “Pudaklaýyn statistikany kämilleşdirmegiň ýollary” ýaly mowzuklar boýunça bölümçeleriň üçüsinde dowam etdi.

Türkmenistanyň senagatyny ösdürmekde statistikanyň orny baradaky hasabatlar, statistiki maglumatlarda oba hojalygynyň depginli ösüşiniň şöhlelendirilişi, statistikada ulanylýan ykdysady-matematiki nusgalar, adam mümkinçiliginiň ösüşiniň ölçegi we beýlekiler maslahata gatnaşyjylaryň dykgatyna hödürlenildi. Ylmy-amaly maslahatyň barşynda hasabatlaryň 80 töweregi hödürlenildi.

Ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky pudaklaýyn ders bäsleşigi hem bu maslahata gabatlandy. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň bäşisiniň—Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar.

Bu ders bäsleşigi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ahyrky ýyl talyplarynyň statistika ylmynyň meseleleri boýunça bilim we hünär taýýarlygynyň derejesini kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Şunuň bilen bilelikde, maslahata gatnaşyjylar üçin talyplaryň ders bäsleşigi pudagyň ýokary hünärli işgärleriniň täze neslini taýýarlamagyň derejesini kämilleşdirmegiň hem-de hünär taýdan mundan beýläk-de ösmegiň wajyp ugurlaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän möhüm çärä öwrüldi.

Statistiki işgärleriniň işi örän wajypdyr we jogapkärlidir. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi barada yzygiderli taýýarlanylýan statistiki maglumatlar ykdysady ösüşi döwlet tarapyndan sazlamak, bazar ykdysadyýetiniň durmuş ugurly milli nusgasynyň işiniň netijeliligi boýunça çärelere öz wagtynda we hakyky baha bermek, ýurdumyzyň pudaklarynyň we sebitleriniň depginli ösmegi, halkyň maddy-hal ýagdaýynyň derejesiniň ýokarlanmagy üçin uly ähmiýete eýedir.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň döwlet statistikasy özbaşdak pudak hökmünde kemala gelip, yzygiderli ösüş ýolunda barýar. Statistiki maglumatlary ýygnamakda peýdalanylýan häzirki zaman usullary makroykdysady ösüşleriň görkezijileriniň halkara derejesine kybap gelmek mümkinçiligi bilen bir hatarda, döwlet dolandyrylyşynyň netijeli çäreleri, ýurdy ykdysady, durmuş we medeni taýdan has-da ösdürmek maksady bilen kabul edilýän çözgütleriň esasly bolmagy üçin zerur bolan maglumatlaryň ygtybarly binýadyny üpjün edýär.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli statistika ulgamyny mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, öňlerinde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli güýçlerini we bilimlerini gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter