Birža täzelikleri 14-nji Fewral | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri 14-nji Fewral

опубликованно 14.02.2015 // 939 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Panamadan, Bagam adalaryndan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini, göni arassalanan benzini, yşyklandyryş kerosini, binýatlyk ýagy, az kükürtli ýangyç mazudy, Kiprden gelen işewürler bolsa “Türkmengaz” DK-nyň önümi bolan tehniki kükürdi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, arassalanan pagta ýagy, buýan köküniň ergini, nah ýüplükler, pagta süýümi, pagta linti, nah ýüplükleriň galyndylary ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Hytaý, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, BAE, Türkiýe, Lihtenşteýn, Owganystan, Gazagystan, Täjigistan. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 65 million 241 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri, içerki bazar üçin, umumy bahasy 68 müň manatlykdan gowrak azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter