Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 14.09.2018 // 966 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem ýerli ähmiýetli howa menzillerini dikeltmek we bu ugurlarda ulanyljak howa gämilerini saýlap almak, howa gämileriniň düzümlerini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak hem-de uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” gullugyna “Boeing 737 MAX 7” kysymly 3 sany uçary, şol sanda wajyp uçuşlar üçin niýetlenen 1 sany uçary satyn almak barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Boeing” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2018-nji ýylyň 29-njy sentýabry — 2-nji oktýabry aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmak üçin, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary bilen gidýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky Hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň we ýanynda bolýan adamlaryň sanawy tassyklanyldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter