Ýol bitumyny öndürmek boýunça desga ulanmaga berildi | TDH
Ykdysadyýet

Ýol bitumyny öndürmek boýunça desga ulanmaga berildi

опубликованно 16.02.2015 // 941 - просмотров
 

Lebap welaýaty, 16-njy fewral (TDH). Şu gün, ählihalk baýramçylygynyň – Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýol bitumyny öndürmek boýunça täze tehnologik desga işe girizildi. Bu desganyň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň energetika boýunça strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmagyň ýolundaky ýene-de bir möhüm ädimdir, ýurdumyzda ýokary hilli nebit önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak şol strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir.

Şanly waka mynasybetli, irden ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň iri senagat kärhanasynyň çäginde baýramçylyga mahsus ruhubelent we şadyýan ýagdaý höküm sürüp ugrady. Ýygnananlaryň arasynda welaýat we şäher häkimlikleriniň, nebitgaz toplumynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşlar bar. Lebabyň döredijilik toparlary täsirli aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler, şonda milli türkmen sazlary ýaňlandy.

Dabara gatnaşanlar öz çykyşlarynda ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen öňe tarap ynamly gadam urýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhyndaky her bir günüň ajaýyp zähmet üstünliklerine beslenýändigini bellediler. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň başlangyjy boýunça giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we uly möçberli maýa goýumly taslamalaryň amala aşyrylmagy netijesinde, Lubap welaýatynyň sazlaşykly ösdürilmegine güýçli badalga berildi. Ýygnanalar ähli türkmenistanlylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna içgin üns berýändigi, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak ugrunda netijeli çäreleriň amala aşyrylýandygy, türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak babatda ýadawsyz alada edilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýol bitumyny öndürmek boýunça täze tehnologik desgany gurmak baradaky taslama ABŞ-nyň “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasy bilen amala aşyryldy. Toplum bir ýarym gektar meýdana göwnejaý ýerleşdirildi we döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Desgada awtomatiki enjamlar ulanylýar hem-de tehnologik amallary barlamak we dolandyrmak ýörite maksatnama bilen üpjün edilen kompýuterleriň kömegi arkaly amala aşyrylýar. Taslama boýunça önümçiligiň kuwwatlylygy ýylda 118 müň tonna mazudy gaýtadan işlemek üçin niýetlenendir, şondan her ýylda ýokary hilli nebit-ýol bitumynyň 37,2 müň tonnasy işlenip çykarylar.

Ol Türkmenistanda nebit çig malynyň wisbrekingine degişli amala esaslanýan ilkinji desgadyr, bu desga agyr nebit galyndylaryny, hakykatyna garanyňda, nebit gaýtadan işlenenden soňra artýan galyndylary gaýtadan işlemäge hem-de şondan nebit önümleriniň esasy görnüşlerini öndürmek üçin zerur bolan komponentleri almaga mümkinçilik berýär. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň tehnologik shemasyna wisbrekingiň goşulmagy bu ýerde işlenip çykarylýan bitumyň möçberlerini artdyrmak bilen çäklenmän, nebiti has çuňňur görnüşde gaýtadan işlenmegine we degişlilikde ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerinden peýdalanmagyň netijeliliginiň artdyrylmagyna mümkinçilik berer.

Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda Amyderýanyň jülgesinde köp sanly durmuş maksatly we senagat desgalary bilen birlikde ýollaryň gurlyşygy batly depgin bilen alnyp barylýar. Mary-Türkmenabat-Farap hem-de Farap-Hojambaz-Köýtendag-Galryk-Gaýnarbaba awtoulag ýollaryny şol ugra degişli täze gurluşyklaryň hatarynda görkezmek bolar. Bulardan başga-da, Birata-Gazojak ýolunyň durkuny düýpgöter täzelemäge girişildi. Şulardan ugur alnyp, Türkmenabat şäherinde, Atamyrat etrabynda we Köýtendag etrabynda döwrebap beton zawodlary guruldy, welaýatyň günorta-gündogarsynda kuwwatlylygy ýylda 1 million kub metr magdan däl materiallara barabar bolan döwrebap karýer önümçiliginden peýdalanylyp ugraldy. Amyderýanyň üsti bilen geçirilen demir ýol we awtoulag köprüleriniň ulanmaga berilmegi, ownuk we iri çagylyň, beýleki gurluşyk materiallarynyň ýetirilmegini has-da çaltlandyrdy. Ozal asfalt zawodlary üçin bitum bu welaýata Türkmenistanyň günbatarsyndan getirilýärdi. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda täze desganyň işe girizilmegi bilen, şol zerurlyk aradan aýryldy.

Zawodda işlenip çykarylýan we esasan eksporta iberilýän mazudyň gaýtadan çuňňur işlenilip taýýarlanmagy bu önümiň hilini düýpgöter özgertmäge mümkinilik bere. Ýakyn geljekde kärhanada nebitiň we gaz kodensatynyň gaýtadan çuňňur işlenilmegine gönükdirilen täze taslamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Hususan-da, ýokary tehnologiýalar esasynda katalitik riforming desgasy düýpli görnüşde döwrebaplaşdyrylýar. Eger häzirki wagtda zawod benzin öndürýän bolsa, bu taslama amala aşyrylandan soňra hili boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary oktanly benzin we dizel ýangyjy işlenilip çykarylar.

Ýurdumyzda nebithimiýa senagatynyň önümleriniň öndürilýän we eksporta iberilýän möçberleriniň yzygiderli artdyrylmagy üstaşyr – ulag düzüminiň mundan beýläk-de ösdürilmegini talap edýär. Häzirki wagtda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň öz terminallarynyň ikisi – Pelwertdäki nebit guýulýan terminaly we Atamyrat şäherinde nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we ýerlemek boýunça terminaly bar. Geçirijilik ukyby ýylda 540 müň tonna nebit önümlerine barabar bolan ýene-de bir terminal Lebap welaýatynyň günorta-gündogarsynda ýerleşýän Ymamnazar gümrük nokadynda gurulýar.

Türkmenistan ýangyjyň örän uly gorlaryna eýe bolmak bilen, bulara milli ykdysadyýeti sazlaşykly ösdürmek, türkmen halkynyň abadançylygy we rowaçlygy boýunça möhüm ähmiýetli serişdeler hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, täze maýa goýumly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatynyň mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagyna goşulýan önjeýli goşanda öwrüler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter