“Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry sy­ýa­sa­ty we dip­lo­ma­ti­ýa­sy” žur­na­ly | TDH
Jemgyýet

“Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry sy­ýa­sa­ty we dip­lo­ma­ti­ýa­sy” žur­na­ly

опубликованно 12.09.2018 // 119 - просмотров
 

«Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty we dip­lo­ma­ti­ýa­sy» yl­my-ama­ly žur­na­ly­nyň no­bat­da­ky sa­ny çap­dan çyk­dy. Her çär­ýek­de çyk­ýan ne­şir­de ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sy dur­mu­şy­nyň mö­hüm wa­ka­la­ry öz be­ýa­ny­ny tap­dy.

Žur­na­lyň bu sa­ny hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Be­ýik Ýü­pek ýo­ly — tä­ze ösüş­le­re ta­rap” at­ly hal­ka­ra mas­la­hat­da eden çy­ky­şy bi­len açyl­ýar. Şeý­le hem žur­na­lyň göw­rüm­li ma­ka­la­sy 2018-nji ýy­lyň mö­hüm wa­ka­sy­na — şu ýy­lyň 2-nji ma­ýyn­da Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň da­ba­ra­ly ýag­daý­da ula­ny­şa gi­ri­zil­me­gi­ne ba­gyş­la­nyp­dyr.

Žur­nal­da­ky esa­sy ma­ka­la­la­ryň bi­rin­de şu ýy­lyň 23 — 24-nji ap­re­lin­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na bo­lan döw­let sa­pa­ry ba­ra­da söh­bet edil­ýär. Gep­le­şik­le­riň je­mi bo­ýun­ça gol çe­ki­len res­mi­na­ma­lar top­lu­my ta­rap­la­ryň kö­pu­gur­ly ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge gy­zyk­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar. Ol res­mi­na­ma­lar döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ka­da­laş­dy­ryş-hu­kuk bin­ýa­dy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­dy. Ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çen gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ra ta­ry­hy umu­my­ly­ga, se­bi­tiň do­gan­lyk halk­la­ry­ny ga­dym­dan bag­la­nyş­dyr­ýan hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gyň we dost­lu­gyň bo­zul­maz ýö­rel­ge­le­ri­ne da­ýan­ýan ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry yzy­gi­der­li ös­dür­mek­de ýe­ne-de bir no­bat­da­ky mö­hüm ädim hök­mün­de ba­ha be­ril­ýär.

Daş­kent şä­he­rin­de “Aş­ga­bat” se­ýil­gä­hi­niň açyl­ma­gy iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hyn­da şan­ly wa­ka bol­dy. Ol se­ýil­gäh hä­zir­ki wagt­da şä­her­li­le­riň we öz­bek paý­tag­ty­nyň myh­man­la­ry­nyň söý­gü­li kün­je­gi­ne öw­rül­di.

Ne­şir­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň da­şa­ry döw­let­le­riň ýo­ka­ry de­re­je­li ýol­baş­çy­la­ry bi­len ge­çir­ýän du­şu­şyk­la­ry we gep­le­şik­le­ri se­ne­na­ma­la­ýyn ter­tip­de be­ýan edil­ýär. Ola­ryň mö­hüm yla­la­şyk­lar we şert­na­ma­lar bi­len ber­ki­di­len ne­ti­je­li­li­gi Türk­me­nis­ta­nyň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň we gül­läp ösü­şiň ha­ty­ra­sy­na hal­ka­ra gep­le­şik­le­ri alyp bar­ma­ga yg­rar­ly­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýär.

Me­se­lem, 2018-nji ýy­lyň 20-nji iýu­nyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow ol ýer­de ge­çen ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki hal­ka­ra mas­la­ha­ta gat­naş­mak üçin Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­syn­da iş sa­pa­ryn­da bol­dy. Ol mas­la­hat Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň yg­lan eden “2018 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­nuk­ly ösüş üçin suw” at­ly He­re­ket­le­riň on­ýyl­ly­gy­na ba­gyş­lan­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öz çy­ky­şyn­da hä­zir­ki wagt­da suw se­riş­de­le­ri­ni sak­la­mak we re­je­li peý­da­lan­mak me­se­le­si­niň köp de­re­je­de umu­my­dün­ýä iş­le­ri­niň bar­şy­na, berk pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­me­giň gel­je­gi­ne, dün­ýä­de dur­nuk­ly­ly­gyň, ösü­şiň we aba­dan­çy­ly­gyň ber­ki­dil­me­gi­ne bag­ly bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň işi­ni Mer­ke­zi Azi­ýa­da­ky “Suw dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň” mö­hüm ug­ry di­ýip at­lan­dyr­dy.

Türk­men Li­de­ri Du­şen­be­de bo­lan iş sa­pa­ry­nyň çä­gin­de Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mon, Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Mam­nun Hu­seýn we Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­ti­niň baş­ly­gy Ab­dul­la Ab­dul­la bi­len du­şu­şyk­la­ry ge­çir­di. Ola­ryň bar­şyn­da dün­ýä halk­la­ry­ny je­bis­leş­dir­mek işin­de, şeý­le hem bu çä­rä gat­na­şan ýurt­la­ryň köp­ta­rap­la­ýyn we iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek­de hal­ka­ra mas­la­ha­tyň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy.

Oky­jy­lar žur­na­lyň sa­hy­pa­la­ryn­dan Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­syn­da ka­bul edi­len “Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň we Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk” we “Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni” at­ly Ka­rar­na­ma­lar bi­len tan­şyp bi­ler­ler.

Ne­şir­de da­şa­ry ýurt­ly ýo­ka­ry we­zi­pe­li myh­man­la­ryň Türk­me­nis­tan­da ge­çen hal­ka­ra mas­la­hat­lar­da eden çy­kyş­la­ry­na mö­hüm orun be­ril­ýär. Ola­ryň ara­syn­da TRA­SE­KA Hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň he­mi­şe­lik mü­di­ri­ýe­ti­niň Baş sek­re­ta­ry Mir­ça Çiop­ra­ga­nyň, Ru­my­ni­ýa­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Teo­dar Me­leş­ka­nu­nyň we beý­le­ki­le­riň çy­kyş­la­ry bar.

Žur­nal­da “Hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň bäh­bit­le­ri­niň ha­ty­ra­sy­na Türk­me­nis­ta­nyň ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy” at­ly ma­ka­la Türk­men mil­li lo­gis­tik-eks­pe­di­tor as­so­sia­si­ýa­sy­nyň dö­re­dil­me­gi­ne we onuň soň­ra FIA­TA-nyň do­ly hu­kuk­ly ag­za­ly­gy­na gir­me­gi­ne ba­gyş­la­nyp­dyr.

“Ha­zar deň­zi­niň hal­ka­ra hu­kuk de­re­je­si” at­ly ma­ka­la­da Ha­za­ryň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ra syn be­ril­ýär. Bu me­se­lä­niň örän mö­hümdi­gi­ni göz öňün­de tu­ta­nyň­da, ma­ka­la di­ňe bir hü­när­men­le­riň däl, eý­sem, köp san­ly oky­jy­la­ryň ara­syn­da hem uly gy­zyk­lan­ma dö­re­der.

Žur­na­lyň bu sa­nyn­da çap edi­len ma­ka­la­lar­da hut bi­ziň ýur­du­my­zyň döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň ne­ti­je­li, saz­la­şyk­ly çöz­gü­di­ni tap­mak­da eýe­le­ýän or­nu­nyň iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş döw­let­ler bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­ma­gy­ny kes­git­län­di­gi nyg­tal­ýar.

“Suw dip­lo­ma­ti­ýa­sy Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ru­dyr”, “Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy — hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze göz­ýe­tim­le­ri”, “Aral­ýa­ka zo­la­gyn­da to­kaý­çy­ly­gy ös­dür­mek we to­zan­ly tu­pan­la­ryň öňü­ni al­mak­da onuň äh­mi­ýe­ti” at­ly ma­ka­la­lar te­bi­ga­ty go­ra­mak we suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp­dyr. Bu ma­ka­la­lar­da Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň alym­la­ry we hü­när­men­le­ri eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni çöz­me­giň dür­li ýol­la­ry­ny öňe sür­ýär­ler.

Türk­me­nis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny se­bi­tiň mö­hüm me­se­le­si bo­lan Ara­lyň hä­zir­ki ýag­da­ýy­na dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ün­sü­ni çek­mek bi­len, onuň oňyn çöz­gü­di­ni tap­ma­ga top­lum­la­ýyn hal­ka­ra çe­me­leş­me­giň, BMG-niň iş­jeň we he­mi­şe­lik gat­naş­ma­gy­nyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Aral bo­ýun­ça BMG-niň Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gy tek­lip et­di. Ol mak­sat­na­ma se­bit­de Ara­lyň ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak we dur­nuk­laş­dyr­mak bo­ýun­ça anyk iş­ler­den yba­rat bol­ma­ly­dyr. Mer­ke­zi Azi­ýa­da bir­meň­zeş me­se­le­le­riň we ola­ry çöz­me­giň bi­te­wi çe­me­leş­me­si­niň bar bol­ma­gy se­bit­de tä­sin daş­ky gur­şa­wy go­rap sak­la­mak işin­de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy gol­da­mak Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ýurt­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy we dur­muş taý­dan ösü­şi­ne ýar­dam ber­mek üçin gol­da­wyň we se­bit dü­züm­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň ze­rur­ly­gy­ny gör­kez­ýär.

Žur­na­lyň sa­hy­pa­la­ryn­da şeý­le hem Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň ut­gaş­dy­ry­jy du­şu­şy­gy­na gat­na­şy­jy­lar bi­len taý­ýar­la­nylan söh­bet­deş­lik­ler ýer­leş­di­ri­lip­dir. Olar­da bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär.

Mun­dan baş­ga-da, oky­jy­lar Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ta­ry­hy­na hem-de “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne ba­gyş­la­nan ma­ka­la­lar bi­len tan­şyp bi­ler­ler.

Žur­nal­da ýur­du­myz­da spor­ty hö­wes­len­dir­mek we ös­dür­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň we mak­sat­na­ma­la­ryň ama­la aşy­ry­ly­şy bi­len bag­la­ny­şyk­ly çap edi­len aý­ra­tyn ma­ka­la Di­ýa­ry­myz­da we­lo­si­ped spor­tu­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne ba­gyş­la­nyp­dyr.

Stra­te­gik we dur­nuk­ly ösüş ins­ti­tu­ty­nyň hem-de Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň hü­när­men­le­ri­niň taý­ýar­lan ma­ka­la­la­ryn­da gaz­na ba­za­ry­nyň nus­ga­la­ry­ny iş­le­me­giň hal­ka­ra tej­ri­be­si we ola­ryň Türk­me­nis­ta­nyň ma­li­ýe ul­ga­myn­da ula­ny­ly­şy be­ýan edil­ýär.

Žur­na­lyň “Dip­lo­ma­ti­ýa dur­mu­şy­nyň se­ne­na­ma­sy” at­ly bö­lü­min­de ge­çen ýy­lyň okt­ýabr — de­kabr aý­la­ryn­da ýur­du­myz­da we da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çen mas­la­hat­la­ra, bri­fing­le­re, Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ara­syn­da­ky sy­ýa­sy mas­la­hat­la­ra, hö­kü­me­ta­ra to­par­la­ryň mej­lis­le­ri­ne, şeý­le hem dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry­nyň we­ki­li­ýet­le­ri hem-de iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri bi­len bo­lan iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ra we ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­re orun ber­lip­dir.

“Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty we dip­lo­ma­ti­ýa­sy” at­ly žur­nal­da çap edi­len ma­ka­la­lar öz wa­jyp­ly­gy bi­len di­ňe bir hü­när­men­le­riň däl, eý­sem, ýur­du­my­zyň we da­şa­ry ýurt­la­ryň köp san­ly oky­jy­la­ry­nyň ara­syn­da hem uly gy­zyk­lan­ma dö­re­der.

 
 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter