Türkmenistanyň sebitlerini ösdürmegiň maksatnamasy: täze çemeleşmeler we talaplar | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň sebitlerini ösdürmegiň maksatnamasy: täze çemeleşmeler we talaplar

опубликованно 23.02.2015 // 1055 - просмотров
 

20-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamanyň rejelenen görnüşini kabul etmegi ýurdumyzy mundan beýläk-de maksadalaýyk we toplumlaýyn ösdürmekde nobatdaky möhüm ädime öwrüldi.

Maksatnamanyň rejelenen görnüşini işläp taýýarlamak üçin onuň netijeleriniň seljermeleriniň jemlemeleri hem-de üýtgäp durýan durmuş-ykdysady şertlerde geljekki görkezijileri çaklamak esasy şerte öwrüldi: munuň özi ýurdumyzyň önümçiliginiň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna kuwwatlanmagy we ilatyň ýokarlanýan durmuş derejesi hem-de gurluşygyň hiline bildirilýän talap we köpsanly beýlekilerdir.

Mejlisde habar berlişi ýaly, bu maksatnamanyň kabul edilen wagtyndan bäri geçen ýedi ýylyň dowamynda — 2007 — 2014-nji ýyllarda durmuş maksatly binalaryň 832-si guruldy, 4,5 million inedördül metr ýaşaýyş jaýlary ulanmaga tabşyryldy, şeýle hem garaýollaryň, suw, gaz, elektrik we telefon geçirijileriniň onlarça müň kilometri çekildi. Bularyň ählisine ABŞ-nyň 6,5 milliard dollaryndan gowrak serişde gönükdirildi.

Sebitleri özgertmek boýunça maksatnamanyň rejelenen görnüşi 2015-2020-nji ýyllar döwrüni öz içine alýar. Şol döwrüň dowamynda ýene-de 500-den gowrak desgalary, şol sanda 3 million inedördül metr töweregi ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hem-de müňlerçe kilometr düzümleýin ulgamlary çekmek meýilleşdirilýär. Bäş ýylyň dowamynda ABŞ-nyň 7,5 milliarddan gowrak dollaryny özleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz bu maksatnamany tassyklap, ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümini çäkleri ösdürmäge düýbünden täze çemeleşmelere ugrukdyryp, bu ulgamda bar bolan iň esasy meseleleri kesgitledi hem-de ýerlerde bellenen iş tertibinden yza galýan ýagdaýlara şaýatlyk edýän anyk sanlary aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz geçen ýylda ulanmaga tabşyrylan desgalaryň köpüsiniň häzire çenli peýdalanylmaýandygyna aýratyn ünsi çekdi. Olaryň hatarynda mekdepler, çagalar baglary, saglyk öýleri, medeniýet öýleri hem-de oba ýaşaýjylary üçin beýleki zerur üpjünçilik ulgamlary bar. Şu babatda netijeli dolandyryşyň hem-de ýerli häkimiýet edaralarynyň ornunyň ähmiýeti, işleri guramaga sowatly hünärmenleriň çekilmegi wajypdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylary Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdylan tankydy belliklerden gyssagly netije çykarmaga borçly edip, ýerlerde işlere gözegçiligi hem-de sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşiniň seljermesini kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady we olaryň her biri boýunça hökümet Baştutanynyň orunbasarlaryny jogapkär edip belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýagdaýlary düzetmek boýunça anyk görkezmeleri berdi hem-de ýakyn geljek üçin takyk wezipeleri öňde goýup, Oba milli maksatnamasynyň baş maksadynyň adamlaryň ýaşaýşynyň hilini täze derejä galdyrmakdygyny, ilatyň durmuş hal-ýagdaýynyň gowulanmagy üçin şertleri döretmekdigini nygtady. Welaýatlary senagatlaşdyrmak, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, sebitleriň ilatyny täze iş orunlary bilen üpjün etmek boýunça çäreler şoňa gönükdirilendir.

Şeýlelik bilen, 2015-2020-nji ýyllar üçin obalary özgertmek boýunça Milli maksatnamanyň rejelenen görnüşinde ony durmuşa geçirmegiň ýollary kesgitlendi alyp barmak hem-de onuň esasynda anyk ugurlar boýunça işleri toplumlaýyn işjeňleşdirmek üçin takyk usullar goýlandyr.

Nygtalyşy ýaly, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, ulag düzüminiň, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlarynyň, kiçi telekeçiligiň, oba hojalygynyň ösdürilmegi Maksatnamanyň esasy ugurlary bolmagynda galýar. Sebitleri senagat taýdan ösdürmegiň, olaryň innowasion kuwwatyny ýokarlandyrmagyň hereketlendirijisi hökmünde täze senagat kärhanalary döretmek boýunça maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Maksatnamanyň esasy aýratynlygy onuň toplumlaýyn häsiýeti we bitewüligi bolup durýar. Ondaky hemme düzgünler we wezipeler özara baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, olar möhümligi boýunça bölünmeýärler, ýöne bilelikde sebitler üçin şähergurluşyk pikiriniň binýadyny emele getirýär. Sebäbi jaýy diňe gurmak, oňa suw, gaz, tok çekmek ýeterlik däldir... Uly ýa kiçi şäherçe ýa-da şäher bolsun, tapawudy ýok, ýaşaýan ýerlerinde adamlar öýden çykyp, öz töwereginde oňaýly, owadan gurşawy görmelidir. Her bir raýata saglygyny goramagy, bilim almagy, amatly jaý gurmagy, durmuş taýdan goldaw almagy, medeni islegleriniň kanagatlandyrylmagy üçin ýokary hilli hyzmatlar elýeterli bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdýar.

Munuň özi ähli ilatly ýerleriň döwrebap inženerçilik düzümi, aragatnaşyk, oňat ýollar bilen üpjün edilmegini hem aňladýar. Mysal üçin, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda 1,1 milliard manat, bilim ulgamynda 6,3 milliard manat, sport ulgamynda 2,9 milliard manat özleşdirildi. Suw geçiriji ulgamlaryň gurluşygyna 2,4 milliard manat, lagym üçin 1 milliard manat, awtomobil ýollary üçin 2,1 milliard manat, gazlaşdyrmak üçin 1,6 milliard manat, elektrik energetika desgalary üçin 2,3 milliard manat, aragatnaşyk üçin 1,4 milliard manat sarp edildi. Ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin 3,15 milliard manat gönükdirildi.

Umuman, geçen döwrüň içinde saglygy goraýyş desgalarynyň 163-si, medeniýet öýleriniň 57-si, umumybilim berýän orta we sport mekdepleriniň 383-si, çagalar baglarynyň 229-sy ulanmaga berildi.

Diňe geçen, 2014-nji ýylda hassahanalaryň 12-si, saglyk öýleriniň 25-si, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 75-si, umumybilim berýän orta mekdepleriň 71-si, şol sanda mekdep-internatlaryň 6-sy, medeniýet öýleriniň 25-si, sport mekdepleriniň 21-si, sport desgalarynyň 11-si, ýaşaýyş jaýlarynyň 1,5 million inedördül metri ulanmaga berildi.

Ýokary hilli, amatly durmuş—bu, elbetde, abadan durmuş, şol sanda ekologiýa we azyk nukdaýnazaryndan howpsuzdyr, şeýle hem göwnejaý dynç almak üçin ýer hem-de wagty bolan durmuşdyr. Şu maksat bilen ýurdumyzda şäherlerimizi we obalarymyzy, olaryň daş-töwereklerini bagy-bossanlyga büremek boýunça uly işler ýaýbaňlandyryldy, uglewodorodlaryň ägirt uly gorlarynyň bardygyna garamazdan, serişde we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar, gaýtadan işleýän täze önümçilikler we söwda merkezleri açylýar, medeni-dynç alyş we sport merkezleriniň işleri, döredijilik we innowasion işjeňlik höweslendirilýär.

Bularyň hemmesi durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, öz işiňi ýöretmek üçin obany ýaşlar hem-de ähli ýaşaýjylary üçin özüne çekiji etmäge, bu ýerde uly, köp çagaly maşgalalaryň döredilmegine we berkemegine gönükdirilendir. Obalarda durmuş derejesini ýokarlandyrmak, hünärli işgärleri berkitmek üçin entek köp işler garaşýar.

Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň ençeme etraplarynda däbe öwrülen ulgamda – oba hojalygynda işlemek bilen bir hatarda, syýahatçylygyň dürli görnüşlerini ösdürmek üçin hem ajaýyp şertler bar. Taryhy ýadygärlikleri, goralýan ýerleri, hakyky tebigy merjenleri utgaşdyrmak—bularyň hemmesi syýahat etmäni gowy görýänler üçin özüne çekijidir. Eger syýahatçylyk ugurlaryny sowatly işläp taýýarlasaň, oýlanyşykly işewürlik meýilnamasyny düzseň, iri maýadarlary çekip bolar, döwrebap myhmanhanaly, restoran hyzmatly syýahatçylyk düzümini döredip bolar.

Durmuşy gurmak boýunça täze pikirleri döretmek, kiçi telekeçiligi ösdürmek, täze, standart däl taslamalary ilerletmek bu gün köp babatda häkimiýetiň ýerli edaralarynyň işine, oba adamlarynyň öz başlangyçlaryna, olaryň jemgyýetçilik guramalary bilen özara gatnaşyklaryna bagly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem hut şoňa çagyrmak bilen, innowasiýalar—bu diňe tehnologiýalar we usullar däl-de, eýsem, pikirlenmegiň, täzeçilligiň we döredijiligiň hem nusgasydyr diýip belleýär.

Welaýatlarda toplumlaýyn innowasion syýasatyň we ony amala aşyrmagyň anyk usullarynyň kemala getirilmegi welaýatlaryň we tutuş ýurdumyzyň ykdysady ösüşini çaltlandyrmak, dolandyrmagyň umumydöwlet strategiýasyny döwrüň ruhunda kämilleşdirmek üçin şertleri döretmäge mümkinçilik berer. Şol strategiýa bolsa Türkmenistany ýaşamak üçin döwrebaplaşdyrylan gurşawa öwürmäge gönükdirilendir. Şonuň üçin hem her bir adamyň abadançylygy şol strategiýanyň baş ugry bolup durýar.

Maksatnamanyň amala aşyrylýan ýyllarynda obalary ösdürmäge goýberilen serişdeleriň möçberi 7,2 esse ýokarlandy. Medeniýet öýlerini gurmak boýunça iň uly ösüş gazanyldy, ol 40 essä barabar boldy. Hassahanalar boýunça bu görkeziji 2,5 esse, saglyk öýleri, çagalar baglary we mekdepler boýunça takmynan 10 esse boldy. Sport mekdepleri boýunça bu görkeziji 18,6 esse, suw geçiriji ulgamlar boýunça 7,8 , awtomobil ýollary boýunça 11,5 esse boldy.

Welaýatlar bölüminde 2014-nji ýylda özleşdirilen serişdeleriň möçberi 2008-nji ýyl bilen deňeşdireniňde ep-esli ýokarlandy: Ahal welaýatynda -- 8,4 esse, Balkan welaýatynda 6,1 esse, Daşoguz welaýatynda 7,7 esse, Lebap welaýatynda 7,4 esse, Mary welaýatynda 6,5 esse.

Türkmen obasyny özgertmäge döwlet tarapyndan goýberilýän ägirt uly serişdeler eýýäm göze ilýän miwesini getirýär, ýöne ol has-da bereketli bolmalydyr, munuň üçin bolsa ähli mümkinçilikler bar.

Biziň öz serişdelerimiz bar.

Bizde ägirt uly adam maýasy bar.

Anyk ahlak we syýasy ölçegler, ygtybarly ykdysady binýadymyz hem bar.

Bizde däplerimize bolan söýgi we innowasiýalara taýýarlygymyz bar.

Biziň bereketli topragymyzyň täzelenmegi we gülläp ösmegi üçin erkimiz, gujur-gaýratymyz we zähmetsöýerligimiz hem ýeterlikdir.

Bu barada hormatly Prezidentimiz hem aýdyp, hökümetiň, döwlet edaralarynyň we sebitlerdäki häkimiýetiň netijäni, umumy üstünligi maksat edinýän bir bitewi topar ýaly hereket etmäge borçludygyny belleýär.

Şonuň üçin hem eýýäm häzirden tijenmek gerek, çünki welaýatlary ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen giň gerimli meýilnamalar, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şonuň bilen bagly bolan tabşyryklary bu işiň depginleriniň örän ýokary bolmagyny şertlendirýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter