“Amul — Hazar 2018”: “Ga­ra­gum ýal­ky­my” myh­man­la­ry gar­şy­la­ýar | TDH
Amul — Hazar 2018

“Amul — Hazar 2018”: “Ga­ra­gum ýal­ky­my” myh­man­la­ry gar­şy­la­ýar

опубликованно 12.09.2018 // 370 - просмотров
 

12-nji sent­ýabr­da ir bi­len «Amul — Ha­zar 2018» aw­to­ral­li­si­ne gat­na­şy­jy­lar öz ulag­la­ryn­da Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ry­nyň do­lan­dy­ryş çä­gi­niň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýän «Ma­ry» dü­şel­ge­sin­den çy­kyp, ýa­ry­şyň ikin­ji tap­gy­ry­nyň ba­dal­ga al­jak ýe­ri­ne ta­rap ug­ra­dy­lar.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, Be­ýik Ýü­pek ýo­ly bo­ýun­ça bu ulag ma­ra­fo­ny­ny ge­çir­mek baş­lan­gy­jy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa de­giş­li­dir. Türk­men Li­de­ri­niň pi­ki­ri­ne gö­rä, ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len bu ýo­luň tä­ze gör­nüş­de di­kel­dil­me­gi tu­tuş Ýew­ra­zi­ýa yk­ly­myn­da ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi­ne hyz­mat ed­ýär. Ýur­du­my­zy gün­do­gar­dan gün­ba­ta­ra çen­li bu ta­ry­hy ýol bo­ýun­ça ägirt uly Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň için­den ke­sip geç­ýän hä­zir­ki za­man ýa­ryş ulag­la­ry­nyň ker­we­ni bol­sa se­bi­tiň lo­gis­ti­ka­syn­da öz or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ýan Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de mul­ti­mo­dal ul­ga­myň ke­ma­la gel­me­gi­niň öz­bo­luş­ly ny­şa­ny­dyr.

Şol gün ag­şa­ma­ra “Amul — Ha­zar 2018” halkara aw­to­ral­li­si­ne gat­na­şy­jy­lar Ahal we­la­ýa­tyn­da ýer­leş­ýän ikin­ji “Ga­ra­gum ýal­ky­my” dü­şel­ge­si­ne ýet­di­ler. Şu gün ir­den ýa­ryş ýo­lu­nyň uzyn­ly­gy 228 ki­lo­metr­den yba­rat no­bat­da­ky bö­le­gi­ni geç­mek üçin ulag­la­ryň 75-sin­den 55-si ba­dal­ga al­dy­lar.

Sü­rü­ji­le­riň bel­le­ýiş­le­ri ýa­ly, ýo­luň bi­rin­ji tap­gy­ry ýe­ňil bol­ma­dy. Ikin­ji ýo­luň çyl­şy­rym­ly­ly­gy hem on­dan bir­ne­me ýe­ňil­räk bol­dy — ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­lar Ga­ra­gu­muň çä­ge­lik­le­ri­ne öw­re­niş­di­ler we “Ga­ra­gum ýal­ky­my” dü­şel­ge­si­ne ynam­ly ýet­di­ler.

Bäs­le­şi­giň umu­my ha­sa­byn­da is­pan sü­rü­ji­le­ri Na­ni Ro­ma we Aleks Ha­ro öň­de­li­gi sak­la­ma­gy do­wam et­dir­ýär­ler. Ýö­ne, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­dan ge­len sü­rü­ji Gar­ri Hant we onuň kö­mek­çi­si Wou­ter Ros­gaar pel­le­ha­na­da is­pan­la­ry ozup ge­çip, şu gün­ki ýa­ry­şyň ýe­ňi­ji­le­ri bol­du­lar. Pel­le­ha­na üçün­ji bo­lup türk­men sü­rü­ji­le­ri Ho­ja­gu­ly An­na­mäm­me­dow we Gaý­gy­syz Ak­my­ra­dow ýet­di­ler. Ýa­ry­şyň öň­de­ba­ry­jy­la­ry­nyň ara­la­ry ba­ry-ýo­gy bir­nä­çe mi­nut bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.

Ýük aw­tou­lag­la­ry­nyň ara­syn­da rus­si­ýa­ly Aý­rat Mar­de­ýe­wiň we Dmit­riý Sot­ni­ko­wyň do­lan­dyr­ýan KA­MAZ ulag­la­ry­nyň iki­si pel­le­ha­na il­kin­ji bo­lup ýet­di­ler. Bu ugur­da üçün­ji or­ny Ser­geý Wýa­zo­wi­çiň do­lan­dyr­ýan be­la­rus MAZ-y eýe­le­di.

Iň çalt aw­tou­lag­la­ry­nyň on­lu­gy­na MAZ aw­tou­la­gy­nyň türk­men-be­la­rus sü­rü­ji­le­ri — Alek­sandr Wa­si­lews­kiý, Dmit­riý Wih­ren­ko we Beg­na­zar Nur­ýag­dy­ýew gir­di­ler. Olar “Amul — Ha­zar” ýo­lu­nyň ikin­ji tap­gy­ry­nyň ge­çil­ýän döw­rün­de bäş öl­çe­ge çyk­dy­lar.

Ýe­ke-täk sü­rü­ji ze­nan bo­lan Ýu­li­ýa Mi­gu­no­wa hem öz kö­mek­çi­si Igor Pe­ten­ko bi­len ta­pa­wut­lan­dy. Ola­ryň To­ýo­ta­sy T2 de­re­je­sin­de il­kin­ji bol­dy.

Dü­şel­gä ge­len bat­la­ry­na ýa­daw myh­man­lar be­re­ket­li sa­çak, me­de­ni mak­sat­na­ma hem-de ýur­du­my­zyň iň bir meş­hur gym­mat­lyk­la­ry bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik al­dy­lar.

Dü­şel­ge­de ral­li­niň gu­ra­ma­çy­sy Žan Lui Şles­se­ri dog­lan gü­ni bi­len gut­la­dy­lar. Ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len ulag sü­rü­ji­si türk­men top­ra­gyn­da öz 70 ýa­şy­nyň to­ýu­ny bel­le­di.

“Ga­ra­gum ýal­ky­my” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bü­tin dün­ýä bel­li alaw Ahal we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýär. Çö­lüň mer­ke­zin­de ýer­le­şen ägirt uly alaw tä­sin­lik hök­mün­de yk­rar edil­di. Gum alaň­la­ry­nyň ara­syn­da eme­le ge­len alaw, ja­han­keş­de­le­ri bol­şy ýa­ly, tür­gen­le­ri haý­ra­na goý­dy.

“Ga­ra­gum ýal­ky­my” ala­wy­nyň özü­ne çe­ki­ji­li­gi­niň se­bä­bi­ne dü­şün­jek bol­ýan ja­han­keş­de­ler bu kün­jek bi­len gy­zyk­lan­ýar­lar. Bu ýer­le­riň te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry, gök as­man we säh­ra­nyň öz­bo­luş­ly­ly­gy yn­san ru­hu­na oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Ag­şam düş­me­gi bi­len tä­sin­li­gi­ň ýo­kar­syn­da al öwüs­ýän öwüş­gin eme­le gel­ýär. Alaw bu tö­we­rek­le­re öz ýy­ly­ly­gy­ny eçil­ýär. Ag­şa­ma­ra bu tä­sin­li­gi syn­lan sy­ýa­hat­çy­la­ryň bu gör­nüş­le­re haý­ran gal­ma­gy tö­tän­den däl­dir. Ala­wyň öz­bo­luş­ly öwüş­gi­ni gün­ba­tar­da eme­le ge­len al­tyn­sow şa­pa­gyň şe­ki­li bi­len ut­ga­şyp gö­zel­lik dö­red­ýär.

Ýa­ryş do­wam ed­ýär. 13-nji sent­ýabr­da onuň üçün­ji tap­gy­ry ba­dal­ga al­ýar. Aw­to­ral­lä gat­na­şy­jy­lar 236 ki­lo­metr ara­ly­gy ge­çer­ler. Şon­dan soň­ra ola­ra “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­niň öňün­dä­ki dü­şel­ge­de dynç alyş ga­raş­ýar.

 
 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter