Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, işgärlerine hem-de ähli diňleýjilerine | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, işgärlerine hem-de ähli diňleýjilerine

опубликованно 12.09.2018 // 339 - просмотров
 

Hormatly professor-mugallymlar we diňleýjiler!

Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döredilmeginiň şanly 10 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň milli ýörelgelerinden ugur alýan Garaşsyz Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş ulgamlarynyň ýokary depginli ösüşi öz gözbaşyny jemgyýetimiziň agzybirliginden, jebisliginden we halkymyzyň döredijilikli zähmetinden alyp gaýdýar.

Garaşsyz döwletimiziň hukuk binýady bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň hukuklaryny, borçlaryny we ygtyýarlyklaryny durmuşa geçirmegiň kämil hem-de döwrebap esaslary berk kepillendirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady, medeni-durmuş ösüşi babatda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine çykmagyna gönükdirilen milli maksatnamalarymyzy, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrmagyň çäklerinde biz döwlet dolandyrylyşyny üpjün etmäge, ýokary hünär derejeli, gulluk we şahsy jogapkärçilik duýgusy ösen gullukçylary taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berýäris.

Bu ugurda özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, «Döwlet gullugy hakynda», «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny we kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etdik. Mundan 10 ýyl ozal bolsa, döwlet gullukçylary üçin ýokary bilimden soňky çuňlaşdyrylan bilim berýän ilkinji okuw edarasynyň — Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döredilmegi ýurdumyzyň döwleti dolandyryş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň ýolunda örän möhüm ädim boldy.

Gysga döwürde döwlet häkimiýet we dolandyryş, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin ýörite bilimi, başarnygy we endikleri ele alan döwlet ýolbaşçylaryny we gullukçylaryny taýýarlamak bilen bagly bolan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ýokary okuw mekdebinde baý tejribe toplandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň çuňňur bilimli, giň gözýetimli we halkara gatnaşyklarynda ýurdumyzyň bähbitlerine mynasyp wekilçilik etmegi başarýan ýokary hünärli döwlet gullukçylaryny taýýarlaýan iri bilim merkezi hökmünde abraýy barha ýokarlanýar. Öňdebaryjy ylmy-okuw usulyýeti, häzirki zaman tejribesi, täze bilimler, döwlet syýasatymyzyň derwaýys meselelerine bagyşlanan ylmy barlaglar, okuw kitaplarydyr gollanmalar, monografiýalar döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini üznüksiz ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Hormatly diňleýjiler!

Häzirki şertlerde döwleti dolandyryş işini döwrüň talaplaryna laýyk guramak döwlet gullukçylaryndan ýokary hünär ussatlygyny, çuňňur bilimi we başarnygy, hemmetaraplaýyn taýýarlygy talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň alyp barýan işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin döwlet derejesinde ähli zerur şertler döredilýär.

Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler her bir adamyň bolelin, eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşine gönükdirilendir. Berkarar Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş binýadyny pugtalandyrmakda gazanýan uly üstünliklerimizde, ýetýän belent sepgitlerimizde watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini nusga edinen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyny tamamlan diňleýjileriň hem mynasyp goşandy bar. Bu ýokary okuw mekdebiniň uçurymlary döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, aýratyn hem ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda, iri senagat kärhanalarynda milli we döwlet maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ýadawsyz zähmet çekip, Watana hyzmat etmegiň, milli bähbitlerimizi goramagyň oňat nusgasyny görkezýärler.

Biz içeri we daşary syýasatda öňümizde durýan jogapkärli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlarynyň we diňleýjileriniň ornuna ýokary baha berýäris. Siziň eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda gujur-gaýratyňyzy, ukyp-başarnygyňyzy hem-de zähmetiňizi gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn.

Hormatly professor-mugallymlar we diňleýjiler!

Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döredilmeginiň şanly 10 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan jogapkärli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

 
 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter