Türkmen neşirleri halkara bäsleşigiň sylaglaryna mynasyp boldy | TDH
Jemgyýet

Türkmen neşirleri halkara bäsleşigiň sylaglaryna mynasyp boldy

опубликованно 10.09.2018 // 210 - просмотров
 

Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2017-nji ýylda çykarylan kitaplaryň dördüsi Russiýa Federasiýasynda 31-nji Moskwa Halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde geçirilen GDA agza ýurtlarynyň arasynda “Kitap sungaty” atly 15-nji halkara bäsleşigiň abraýly sylaglaryna eýe boldular.

Bäsleşikde “Medeniýetleriň söhbedi” nominasiýa boýunça 1-nji derejeli diploma Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby eýe boldy. “Meniň ýurdum” nominasiýasy boýunça abraýly bäsleşigiň ýeňijileriniň hataryna “Arkadag taglymaty — sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly kitap girdi. “Çagalar we ýetginjekler üçin kitaplar” nominasiýasynda “Türkmen halk ertekileri” atly kitap 2-nji derejeli diploma eýe boldy. “Okuw edebiýaty we bilim” nominasiýasy boýunça “Gürgenç — Gündogaryň orta asyrlar döwrüniň ylmy we medeni merkezi” atly kitap 3-nji derejeli diploma eýe boldy.

Ýurdumyzyň neşir önümleri Arkalaşygyň çaphana we neşirýat işgärleriniň baş sergisiniň abraýly sylaglaryna ençeme gezek mynasyp boldular. Munuň özi ýurdumyzyň poligrafiýa ulgamynyň yzygiderli ösýändigine, Türkmenistanda jemgyýetiň ruhy taýdan baýlaşmagyna uly ünsüň berilýändigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda her ýyl neşir edilýän kitaplaryň we döwürleýin neşirleriň artýan möçberi we dürli görnüşleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň ylym-bilim we ruhy ugurlaryny şöhlelendirýär. Ýokary hilli neşirleriň neşir edilmegi okaýyş medeniýetini ýokary derejä çykaryp, ilaty, aýratyn-da ýaşlary milli we dünýäniň ruhy genji-hazynasy bilen tanyşdyrmaga ýardam edýär.

“Kitap sungaty” bäsleşiginiň geçirilmegi Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklarynyň dostlugyny berkitmäge we hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, olaryň taryhy emele gelen, hoşniýetliligi we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri bilen tapawutlanan gatnaşyklaryny saklamaga gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, häzir Türkmenistan ählumumy ykdysady integrasiýa üçin, şeýle hem dünýä halklarynyň medeniýetleriniň özara gatnaşyklary üçin açyk ýurt bolmaga çalyşýar. GDA ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, şol sanda ynsanperwer ulgamda giňeltmek döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şonuň üçin hem milli Liderimiziň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň “Medeniýetleriň söhbedi” atly nominasiýada birinji orny eýelemegi kanunalaýyklykdyr. Dünýä halklarynyň ençeme dillerine terjime edilen bu eser döredijilikli öwüşgini özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, ozaly bilen, gadymy halkara ýoluň jebisleşdiriji ornuna, goşulyşma işlerinde onuň ähmiýetine uly üns berýär.

“Kitap sungaty” bäsleşigi döwürleýin çap etme, kitap neşiri, kitaby ýaýratma we poligrafiýa boýunça döwletara geňeşiniň we Russiýa Federasiýasynyň Neşir we köpçülikleýin aragatnaşyk boýunça federal agentliginiň ýolbaşçylygynda 2004-nji ýyldan bäri yzygiderli esasda geçirilýär. Bäsleşigiň maksady saýlama neşir taslamalaryny höweslendirmek, edebiýat we çap etme işi ugrunda özara gatnaşygy işjeňleşdirmek, kitap sungatynda iň oňat gazanylanlary ýaýratmak we halklaryň arasynda ruhy we medeni özara baglanyşygy ösdürmek bolup durýar.

Şu ýyl bäsleşigiň emin agzalary kitaplaryň çeperçilik beýanyna uly üns berdi. On sany nominasiýanyň diplomlary üçin ýüzden gowrak neşirler bäsleşdiler. Bäsleşige Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy tarapyndan hödürlenen, 2017-nji ýylda çap edilen dört sany neşirleriň dördüsiniň hem ýokary baýraklara eýe bolmagyny bellemek has-da buýsançlydyr. Bu üstünlik—innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň netijesi bolup, olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanda neşirýat önümçiligiň häsiýetli aýratynlygyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, häzir dünýäde neşirýat senagaty sazlaşykly ösýän ulgam bolup, maglumat we kommunikasiýalar pudagynyň möhüm bölegi bolup durýar. Ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmaga tarap saýlanyp alnan ugur ýurdumyzyň neşirýatçylaryna poligrafiýa tehnologiýalaryny kämilleşdirmäge hem-de bu ugurda uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Munuň şeýledigini Arkalaşygyň “Kitap sungaty” atly halkara döredijilik bäsleşiginiň ýokary derejeli sylaglary nobatdaky gezek tassyklady.

 
 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter