Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “KA­MAZ” açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň baş di­rek­to­ry­ny ka­bul et­di | TDH
Syýasat habarlary

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “KA­MAZ” açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň baş di­rek­to­ry­ny ka­bul et­di

опубликованно 10.09.2018 // 234 - просмотров
 

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow “KA­MAZ” açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň baş di­rek­to­ry Ser­geý Ko­go­gi­ni ka­bul et­di.

Myh­man türk­men top­ra­gyn­da mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy şan­ly wa­ka — “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň ge­çi­ril­me­gi bi­len gut­la­dy. Rus­si­ýa­ly kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy dün­ýä­niň aw­to­mo­bil spor­tu­nyň ta­ry­hy­na aý­dyň sa­hy­pa bo­lup gir­jek bu ýa­ry­şyň we­kil­çi­lik­li dü­zü­mi­ni hem-de oňa taý­ýar­lyk gör­me­giň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni bel­läp, onuň bi­ziň ýur­du­my­za bo­lan gy­zyk­lan­ma­nyň has-da art­ma­gy­na, hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow mä­hir­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­tan­da dost­la­ra we yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­la­ra he­mi­şe şat­dy­rys di­ýip, olar bi­len hyz­mat­daş­lyk­da giň ge­rim­li dur­muş-yk­dy­sa­dy we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li çö­zül­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Hä­zir Türk­me­nis­tan ga­dy­my dö­wür­de ýur­du­my­zyň çä­gin­den ge­çen Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň esa­sy hal­ka­sy hök­mün­de öz äh­mi­ýe­ti­ni di­keld­ýär. Bu ta­ry­hy ýo­luň tä­ze gör­nü­şi döw­let­le­riň di­ňe söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryn­da däl-de, eý­sem, ola­ryň me­de­ni, yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryn­da, şeý­le hem sport ul­ga­myn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň çäk­le­rin­de Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy bi­len üs­tün­lik­li ös­ýän hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp, dün­ýä­de ýük aw­tou­lag­la­ry­ny ön­dür­ýän esa­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­riň sa­na­wyn­da öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýän «KA­MAZ» bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ryň oňyn tej­ri­be­si­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di.

Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da hyz­mat­daş­ly­gyň ýag­da­ýy hem-de onuň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Hu­su­san-da, ýur­du­my­za tä­ze döw­re­bap teh­ni­ka­la­ry ge­tir­mek bi­len bag­ly me­se­le­le­re se­re­dil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­tan yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga we di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga ta­rap ugur al­mak bi­len, gel­je­gi uly bo­lan me­ýil­na­ma­la­ry­ny iş ýü­zün­de ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça anyk ädim­le­ri äd­ýär di­ýip bel­le­di. Se­na­gat­da we ulag ara­gat­na­şyk pu­da­gyn­da iri tas­la­ma­la­ry, şol san­da se­bit we hal­ka­ra äh­mi­ýet­li tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak bi­len, ýur­du­myz yl­my-teh­ni­ki pi­ki­riň hem-de in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­na üns ber­ýär. Şun­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Şo­nuň üçin ulag­la­ra, şol san­da aw­to­mo­bil ulag­la­ry­na howp­suz­lyk, yg­ty­bar­ly­lyk hem-de eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­me­gi ba­bat­da aý­ra­tyn uly ta­lap­lar bil­di­ril­ýär.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dün­ýä­niň aw­to­mo­bil se­na­ga­ty­nyň ösü­şi­niň mö­hüm ugur­la­ry, şol san­da elekt­ro­mo­bil­le­riň önüm­çi­li­gi, aw­to­mo­bil gur­lu­şy­gyn­da hem-de aw­to­mo­bil ulag­la­ryn­da plas­tik se­riş­de­le­ri­ni, dür­li po­li­mer önüm­le­ri­ni giň­den peý­da­lan­ma­gyň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir al­şyl­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz pu­da­gyn­da gaý­ta­dan iş­le­ýän tä­ze top­lum­la­ry — po­lip­ro­pi­len we po­lie­ti­len ön­dür­ýän, Ýewro — 5 öl­çe­gi­ne la­ýyk gel­ýän te­bi­gy gaz­dan ben­zin ön­dür­ýän top­lum­la­ry işe gi­riz­mä­ge taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Bu­la­ryň hem­me­si se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň, şeý­le hem bi­le­lik­dä­ki yl­my-teh­ni­ki iş­le­ri ge­çir­mek üçin iki ýur­duň okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.

Ser­geý Ko­go­gin Türk­me­nis­ta­nyň ba­za­ry­nyň «KA­MAZ» üçin esa­sy ugur bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­läp, ýol­baş­çy­lyk ed­ýän aw­to­mo­bil gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň türk­men hyz­mat­daş­la­ry bi­len öza­ra bäh­bit­li işe­wür gat­na­şyk­la­ry­ny has-da ber­kit­mä­ge we gi­ňelt­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy.

Şeý­le hem söh­bet­deş­li­giň çäk­le­rin­de “Amul — Ha­zar 2018” aw­to­ral­li­si­ni ge­çir­me­giň kä­bir ugur­la­ry ara alnyp mas­la­hat­la­şyl­dy, oňa Rus­si­ýa­nyň bel­li “KA­MAZ — mas­ter” to­pa­ry hem gat­naş­ýar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýa­ry­şyň mak­sat­la­ry­nyň bi­ri — dün­ýä­ni Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy bi­len ta­nyş­dyr­mak bo­lup dur­ýar. Bi­ziň ýur­du­myz giň ge­rim­li şeý­le sport çä­re­si­niň — “Ýü­pek ýo­ly — 2009” at­ly ral­li-reý­diň ba­şy­ny baş­lap, ol ýa­ryş Rus­si­ýa­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­den geç­di hem-de dün­ýä­niň sport bi­le­le­şi­gi­niň oňyn ba­ha­sy­na eýe bol­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz myh­ma­na “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li ýa­ry­şy my­na­sy­bet­li çy­ka­ry­lan ýa­dy­gär­lik teň­ňe­le­ri­niň top­lu­my­ny gow­şur­dy.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da Ser­geý Ko­go­gin kom­pa­ni­ýa bil­di­ril­ýän ynam üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, “KA­MAZ” açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň gel­jek­de hem öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň kuw­wa­ty­ny ne­ti­je­li ama­la aşyr­mak mak­sa­dyn­da äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­di­gi­ni bel­le­di.

 
 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter