Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň ýol­baş­çy­sy­ny we çem­pio­ny­ny ka­bul et­di | TDH
Syýasat habarlary

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň ýol­baş­çy­sy­ny we çem­pio­ny­ny ka­bul et­di

опубликованно 10.09.2018 // 250 - просмотров
 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow “Af­rica Eco Race” aw­to­ral­li­si­niň baş di­rek­to­ry, sport aw­to­mo­bil­le­ri ýa­ry­şyn­da dün­ýä­niň iki ge­zek çem­pio­ny, ýol­suz ýer­de ge­çi­ril­ýän aw­to­ral­li bo­ýun­ça dün­ýä ku­bo­gy­nyň en­çe­me ge­zek eýe­si, “Pa­riž — Da­kar” we “Af­rica Eco Race” ral­li-ma­ra­fon­la­ry­nyň ýe­ňi­ji­si Žan-Lui Şles­se­ri ka­bul et­di.

Meş­hur fran­si­ýa­ly tür­gen wagt ta­pyp, ka­bul eden­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, şu gün­ler ýur­du­myz­da bol­ýan­dy­gy­na we “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň res­mi taý­dan açyl­ma­gy my­na­sy­bet­li da­ba­ra gat­naş­ýan­dy­gy­na hem-de mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän şu giň möç­ber­li ýa­ryş­la­ry gu­ra­ma­ga gat­naş­ýan­dy­gy­na örän şat­dy­gy­ny aýt­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň iş­jeň ta­rap­da­ry hem-de tej­ri­be­li tür­gen — döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­me­gi 11-nji sent­ýabr­da ba­dal­ga al­ýan ýa­ryş­la­ryň aý­ra­tyn de­re­jä hem-de uly ab­ra­ýa eýe bol­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. Bu ýa­ryş­lar dün­ýä­niň sport jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň uly gy­zyk­lan­ma­sy­ny dö­ret­di. Ral­lä gat­na­şy­jy­la­ryň we myh­man­la­ryň we­kil­çi­lik­li dü­zü­mi hem mu­ňa şa­ýat­lyk ed­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, jem­gy­ýet­de sag­dyn we iş­jeň dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­ka­rar et­me­giň, be­den­ter­bi­ýe hem-de spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak üçin äh­li şert­le­riň üp­jün edil­me­gi­niň Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu mak­sat­lar bi­len, yzy­gi­der­li top­lum­la­ýyn çä­re­ler, şol san­da aw­to­mo­bil spor­tu­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça mö­hüm çä­re­ler gö­rül­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da aw­to­mo­bil spor­tu­nyň meş­hur­ly­gy has ýo­kar­lan­dy. De­giş­li dü­zü­miň we döw­re­bap teh­ni­ki bin­ýa­dyň dö­re­dil­me­gi ýaş­la­ryň spor­tuň şu gör­nü­şi bi­len uly hö­wes bi­len meş­gul­lan­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär, sport aw­tou­lag­la­ry­ny sü­rü­ji­le­riň us­sat­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Mil­li çem­pio­nat­la­ry yzy­gi­der­li ge­çir­mek bi­len bir­lik­de, da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, Türk­me­nis­tan­da aw­to­mo­bil spor­ty bo­ýun­ça iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ny ge­çir­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we “Af­rica Eco Race” aw­to­ral­li­si­niň baş di­rek­to­ry bu ul­gam­da öza­ra gat­na­şyk­la­ryň gel­je­gi ba­ra­da pi­kir al­şyp, bi­le­lik­dä­ki sport tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin oňaý­ly şert­le­riň bar­dy­gy­ny bel­le­di­ler.

Je­nap Žan-Lui Şles­ser be­den­ter­bi­ýe we sport ul­ga­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha be­rip, dün­ýä­niň sport jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň gy­zyk­lan­ma­sy­nyň art­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Ýur­du­myz aja­ýyp dü­zü­me eýe bol­mak bi­len, “Açyk ga­py­lar” hem-de giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk sy­ýa­sa­ty­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýär.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, “Amul — Ha­zar 2018” aw­to­ral­li­si­ni ge­çir­me­giň gu­ra­ma­çy­lyk-teh­ni­ki me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Bu hal­ka­ra ral­li­si di­ňe bir aý­dyň sport çä­re­si bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, dün­ýä­ni meş­hur hem-de hä­zir­ki wagt­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gin­de ýer­le­şen Türk­me­nis­ta­nyň baý ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy we te­bi­ga­ty­nyň aja­ýyp ýer­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­ma­ly­dyr.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň sport ul­ga­myn­da iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ug­ru­na yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­lap, myh­ma­na “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si my­na­sy­bet­li çy­ka­ry­lan ýa­dy­gär­lik teň­ňe­le­riň top­lu­my­ny gow­şur­dy. Je­nap Žan-Lui Şles­ser mil­li Li­de­ri­mi­ze çuň­ňur ho­şal­lyk bil­di­rip, ýur­du­my­zyň hyz­mat­daş bo­lup dur­ýan­dy­gy­na tüýs ýü­rek­den buý­san­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Meş­hur fran­si­ýa­ly tür­gen ral­li­niň ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­lan­dy­gy­ny bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ryň mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi, äh­li me­se­le­le­riň çö­zül­me­gi­ne hem-de ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek üçin oňaý­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne gol­daw be­ren­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di. Bu­la­ryň äh­li­si öňü­miz­dä­ki aw­to­ral­li­niň üs­tün­lik­li geç­jek­di­gi­ni şert­len­dir­ýär. Bu ýa­ryş­lar tür­gen­le­riň, köp san­ly to­ma­şa­çy­la­ryň hem-de jan­kö­ýer­le­riň ýa­dyn­da he­mi­şe­lik ga­lar we aw­to­mo­bil spor­tu­ny mun­dan beý­läk-de giň­den wa­gyz et­mä­ge ýar­dam eder.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ýa­ryş­la­ryň eko­lo­gi­ýa me­se­le­si­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di. Bu me­se­le il­ki­baş­dan, ýa­ryş­la­ra taý­ýar­lyk gör­me­giň äh­li tap­gyr­la­ryn­da üns mer­ke­zin­de bol­dy. Aw­to­ral­li­niň ug­ru­nyň Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň üs­tün­den geç­ýän­di­gi tö­tän­den däl­dir, çün­ki türk­men top­ra­gy­nyň bu aja­ýyp kün­je­gi eko­lo­gi­ýa nuk­daý­na­za­ryn­dan ýo­ka­ry ta­lap­la­ra la­ýyk gel­ýär. Türk­me­nis­tan­da te­bi­ga­ty go­ra­ýyş stra­te­gi­ýa­sy­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­me­giň ne­ti­je­sin­de ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­ne baý bo­lan Ga­ra­gu­muň eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy üp­jün edil­ýär.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da yk­dy­sa­dy we dur­muş ul­gam­la­ryn­da ama­la aşy­ryl­ýan top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry­nyň äh­li­si “ýa­şyl teh­no­lo­gi­ýa­la­ry” or­naş­dyr­mak hem-de tu­tuş eko­lo­gi­ýa ul­ga­my bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ga­ra­gum Kö­lün­de “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan tas­la­ma hem bu ugur­da­ky we­zi­pe­le­ri çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Bu köl çyl­şy­rym­ly gid­ro­teh­ni­ki ul­gam bol­mak bi­len, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge, diý­mek, Türk­me­nis­tan­da hem-de tu­tuş Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de adam­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam et­me­li­dir. Ýe­ne-de bir aý­dyň my­sal — eý­ýäm ýa­kyn gel­jek­de ýur­du­myz dün­ýä­de il­kin­ji­le­riň bi­ri bo­lup, sin­te­ti­ki ýan­gyç-te­bi­gy ga­zy gaý­ta­dan iş­le­mek ar­ka­ly alyn­ýan ben­zin ön­dü­rip baş­lar. Bu ýan­gyç Ýew­ro —5 stan­dar­ty bo­ýun­ça ýo­ka­ry eko­lo­gi­ýa ta­rap­la­ry­na la­ýyk gel­ýär.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, myh­man mil­li Li­de­ri­mi­ze eko­lo­gi­ýa tas­la­ma­la­ry­ny we pi­kir­le­ri­ni iler­let­mek­de ed­ýän taý­syz ta­gal­la­la­ry hem-de hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­wy üçin ho­şal­lyk bil­dir­di. Şeý­le hem şol tas­la­ma­lar ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iri se­na­gat tas­la­ma­la­ryn­da iş ýü­zün­de ula­nyl­ýar.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da “Af­rica Eco Race” ral­li­si­niň baş di­rek­to­ry Žan-Lui Şles­ser çuň ma­ny-maz­mun­ly söh­bet­deş­li­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa spor­ty ös­dür­mek ul­ga­myn­da asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de hem-de ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň we hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan giň möç­ber­li iş­le­rin­de tä­ze aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

 
 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter