“Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň hor­ma­ty­na | TDH
Amul — Hazar 2018

“Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň hor­ma­ty­na

опубликованно 10.09.2018 // 271 - просмотров
 

«Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» şy­ga­ry bi­len geç­ýän ýy­lyň şan­ly wa­ka­la­ry­nyň bi­ri «Amul — Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne ba­dal­ga be­ril­me­gi­niň öň ýa­nyn­da ýur­du­my­zyň Mer­ke­zi ban­ky her bi­ri­niň no­mi­na­ly 100 ma­na­da deň bo­lan al­tyn we kü­müş ýa­dy­gär­lik teň­ňe­le­ri goý­ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dö­re­di­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ry hem-de Türk­me­nis­ta­nyň geog­ra­fi­ýa taý­dan amat­ly ýer­leş­me­gi ne­ti­je­sin­de hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň mö­hüm ulag çat­ry­gy hök­mün­dä­ki or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu ab­raý­ly hal­ka­ra çä­re­si mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len gu­ral­ýar hem-de ýur­du­my­zy dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne dur­nuk­ly ös­ýän hem-de aba­dan döw­let hök­mün­de gör­kez­mä­ge, köp san­ly da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ry türk­men hal­ky­nyň baý ta­ry­hy, Wa­ta­ny­my­zyň tä­sin te­bi­ga­ty hem-de ama­la aşy­ryl­ýan iri möç­ber­li dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler bi­len ta­nyş­dyr­ma­ga ýar­dam eder.

Ýa­dy­gär­lik teň­ňe­ler Sin­ga­pur Res­pub­li­ka­sy­nyň “Eng Leong Me­dal­liс In­dust­ries Pte Ltd” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nyl­dy. Olar ýur­du­my­zyň we da­şa­ry ýurt­ly ýa­dy­gär­lik teň­ňe­le­ri­ni ýyg­naý­jy­lar, şeý­le hem “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne gat­na­şy­jy­lar we myh­man­lar üçin aja­ýyp sow­gat hem-de gym­mat­ly ýa­dy­gär­lik bo­lar.

Ýa­dy­gär­lik teň­ňe­le­riň ýüz ta­ra­py­nyň mer­ke­zin­de do­gup gel­ýän gü­nüň şöh­le­le­ri­niň ýü­zün­de, gum de­pe­le­rin­de sport aw­tou­la­gy­nyň şe­ki­li ýer­leş­di­ri­len­dir, aw­tou­la­gyň üs­tün­de şu ge­zek­ki ýa­ryş­la­ryň ny­şa­ny­nyň şe­ki­li gör­ke­zil­ýär. Teň­ňe­le­riň ýüz ta­ra­py­nyň ýo­kar­ky bö­le­gin­de aý­law bi­len «2018 — nji ÝYL­DA «AMUL — HA­ZAR 2018» HAL­KA­RA AW­TO­RAL­LI ÝA­RY­ŞY» diý­len ýaz­gy, aşa­ky bö­le­gin­de bol­sa «TÜRK­ME­NIS­TAN — 2018» diý­len ýaz­gy ýer­leş­di­ri­len­dir. Ýaz­gy­lar se­kiz­burç­ly ýyl­dyz gör­nü­şin­dä­ki şe­kil­ler bi­len bö­lü­nen­dir.

Teň­ňe­le­riň iki­si­niň hem ar­ka ta­ra­py­nyň mer­ke­zi bö­le­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let tug­ra­sy ýer­leş­di­ri­len­dir, onuň da­şyn­dan teň­ňe­le­riň ýo­kar­ky bö­le­gin­de aý­law bi­len «TÜRK­ME­NIS­TA­NYŇ MER­KE­ZI BAN­KY» diý­len ýaz­gy, aşa­ky bö­le­gin­de bol­sa teň­ňe­le­riň no­mi­na­ly­ny gör­kez­ýän «ÝÜZ MA­NAT» diý­len ýaz­gy bar. Ýa­dy­gär­lik teň­ňe­le­riň dia­met­ri 38,61 mil­li­met­re deň bolup, ola­ryň mä­he­gi al­tyn pul­da Au 916,7, kü­müş pul­da Ag 925 de­re­je­li­dir. Ola­ryň ag­ra­my de­giş­li­lik­de 39,94 gra­ma we 28,28 gra­ma deň­dir. Ýaz­gy­lar se­kiz­burç­ly ýyl­dyz gör­nü­şin­dä­ki şe­kil­ler bi­len bö­lü­nen­dir.

Türk­me­nis­ta­nyň Mer­ke­zi ban­ky­nyň bu gü­wä­na­ma­sy ýa­dy­gär­lik teň­ňe­le­riň «pruf» hi­li­ni ke­pil­len­dir­ýär.

Ýa­dy­gär­lik teň­ňe­ler Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­dä­ki no­bat­da­ky ny­şa­ny bol­mak bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Mer­ke­zi ban­ky ta­ra­pyn­dan ozal goý­be­ri­len ýu­bi­leý we ýa­dy­gär­lik teň­ňe­le­ri­niň üs­tü­ni ýe­ti­rer.

 
 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter