Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 09.09.2018 // 211 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýanyň we Şweýsariýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna portlandsement, reňksiz aýna listi, trikotaž önümleri, hojalyk pamygy we pagta-süýümi, buýan köki, kök baldagy ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Türkiýe, BAE, Özbegistan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 13 million 193 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler dokma önümçiligi üçin jemi bahasy 400 müň manatlyga deň bolan ýüplük satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 803 müň manatdan gowrak bolan pagta-süýümini, polipropilen plýonkasyny satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter